Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň IX, X, XI syn...docx
Скачиваний:
37
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
62 Кб
Скачать
☆

XI synp Bir ýylda 34 sagat, hepdede 1 sagat (dowamy)

Giriş. 1 sagat

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda hukuk döwletiniň we raýat jemgyýetiniň kemala gelmegi barada.

6-nji bap. Jemgyýetiň syýasy durmuşy - 22 sagat

Syýasat we onuň alamatlary. 3 sagat

Syýasat düşünjesi. Syýasatyň jemgyýetdäki orny. Syýasy guramalar. Häkimiýet edaralary. Syýasy aň.

Syýasatyň wezipeleri. Jemgyýetçilik düzgünlerini üpjün etmek. Jemgyýetçilik ösüşiniň maksadyny kesgitlemek we ony amal etmek.

Syýasy häkimiýet. 3 sagat

Häkimiýet düşünjesi. Häkimiýetiň düýp mazmuny. Häkimiýetiň esasy görnüşleri. Häkimiýetiň kanunalaýyklygy. Syýasy häkimiýet.

Döwlet we onuň esasy alamatlary. Döwlet nyşanlary.

Döwleti dolandyrmagyň görnüşleri. Monarhiýalar we respublikalar. Imperiýalar (koloniýalar we metropoliýalar). Dolandyryş-çäk gurluşy boýunça döwletleriň görnüşleri: unitar döwletler, federasiýalar we konfederasiýalar.

Jemgyýetiň syýasy ulgamy. 2 sagat

Syýasy ulgam jemgyýetdäki gatnaşyklaryň jemi hökmünde.

Syýasy ulgamyň gurluşy. Syýasy edaralar. Syýasy ideologiýa.

Türkmenistanyň syýasy ulgamy. 3 sagat

Döwlet gurluşy. Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet. Türkmenistan - prezident respublikasy. Döwlet nyşanlary. Türkmenistanyň Konstitusiýasy.

Türkmenistanda häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ulgamy. Häkimiýetiň bölünişi. Türkmenistanyň Prezidenti. Türkmenistanyň Hökümeti. Türkmenistanyň kanun çykaryjy häkimiýeti – Mejlis. Kazyýet häkimiýeti. Ýerine ýetiriji häkimýet. Ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary ulgamy. Türkmenistanyň saýlaw ulgamy.

Hukuk döwleti we raýat jemgyýeti. 3 sagat

Hukuk döwleti we onuň alamatlary. Raýatlaryň hukuk aňy we hukuk medeniýeti.

Türkmenistanda hukuk döwletini kemala getirmegiň aýratynlyklary. Türkmenistanda adamyň we raýatyň konstitusion hukuklary, azatlyklary we borçlary.

Raýat jemgyýeti düşünjesi we onuň gurluşy. Raýat terbiýesi.

Hukuk ulgamy we onuň jemgyýetdäki orny. 4 sagat

Hukuk we onuň döreýşi.

Hukugyň düýp mazmuny. Hukuk we ahlak. Hukuk ulgamy. Hukuk gatnaşyklary. Hukuk düzgünleri.

Türkmenistanyň kanunçylygy. Hukuk bozulmalary we ýuridiki jogapkärçilik.

Adamlarda jedelli meseleleri kanuny ýollar bilen çözmek ukybyny kemala getirmek.

Döwletiň daşary syýasaty. 3 sagat

Halkara gatnaşyklar. Diplomatik gatnaşyklar. Halkara guramalar. Halkara ynsanperwerlik hukugy. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri. Türkmenistan we halkara hukugy.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň taryhy esaslary, aýratynlyklary we ähmiýeti. Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynda.

Umumylaşdyryjy sapak -1 sagat

7-nji bap. Jemgyýet we tebigat - 9 sagat

Jemgyýet we tebigat. 4 sagat

Adam we tebigat, olaryň arabaglanşygynyň taryhy görnüşleri. Jemgyýet we tebigat, olaryň gapma-garşylygy. Tehnologiýanyň ösüşi. Biosfera we noosfera.

Jemgyýet bilen tebigatyň arabaglanyşygy.

Häzirki döwrüň ekologik meseleleri. 4 sagat

Ekologik meseleler we olaryň sebäpleri.

Ekologik deňagramlylygynyň bozulmagynyň daşky gurşawa ýetirýän zyýanlary. Howanyň üýtgemegi. Aral meselesi. Global meseleler. Ekologik jogapkärçilik. Ekologik aň we medeniýet.

Türkmenistanyň tebigaty we daşky gurşawy goramak syýasaty.

Umumylaşdyryjy sapak -1 sagat

Jemleýji gaýtalamak - 2 sagat