Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
8
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
2 Мб
Скачать
☆

Kyrkynjy hekaýat

Hasan Mueddep şeýle diýen: «Biz Nyşapurda bolýan wag­ty­myz sopularyň sany köp bolansoň, esli bergi toplanypdy. Men şyhyň bir zat diýerine garaşýardym, çünki oňa ýatlatma­gyň hajaty ýokdy. Bir gün ertir namazyny okap bolanymyzdan soň, şyh şeýle diýdi: «Eý, Hasan, galam-kagyz getir». Men: «Al­lahu ekber» diýip, kagyz-galam alyp geldim. Şyh şeýle ýazdy:

Isle Merwe git, isle Hyrada,

Nirä gitseň iki «sygyr», bir «eşek» taparsyň.

Soňra maňa şeýle diýdi: «Muny al-da, hanakanyň daşyna çyk, soňra sag tarapa git, muny bolsa öňünden kim çyksa, şoňa ber». Men şyhyň aýdanlaryny diýşi ýaly berjaý etdim. Bir ýaş ýigit meniň ýanyma geldi, biz salamlaşdyk. Men oňa şyhyň salamyny aýdyp, kagyzy berdim. Ol kagyzy ogşap, gözlerine sürtdi, ýöne garaňkyrak bolansoň okap bilmedi. Biz ham­ma­myň agzyna geldik. Ol ýigit şol ýerde haty okady. Ýazylan zat oňa degişli eken. Maňa: «Meni şyhyň ýanyna alyp bar» diýdi. Men ony şyhyň ýanyna alyp geldim. Ol salamlaşandan soň, ýüz dinar tyllany, ep-esli müşki we udy şyhyň öňünde goýdy. Şyh oňa: «Sen arkaýyn bol, hemme zat seniň isleýşiň ýaly bolar» diýdi. Ol ýigit çykyp barýarka, maňa: «Meniň bile ýör» diýdi. Men onuň bilen gitdim we bir kerwensaraýa bardyk. Ol ýene ýüz dinary alyp, maňa berdi-de: «Bulary şyhyň bergi­le­ri­ne sarp et, eger hemme zat gülala-güllük bolsa, men saňa ýene ýüz dinar bererin» diýdi. Men ondan: «Nähili kynçylyga se­ze­war bolduň?» diýdim. Ol: «Meniň iki sany söwdagär ýoldaşym bardy, olaryň biri Bulgardan, beýlekisi Nihrawaladandy1. Olar­dan üç ýyldan bäri habar-hatyr ýokdy. Agşam Merwden biri gelip, dostumyň Merwe gelendigini habar berdi. Men Merwe gitmäge küýlenip durkam, şol agşam başga biri Hyratdan gelip, aşnamyň Hyratdadygyny aýtdy. Men haýsynyň ýanyna gitjek­di­gimi bilmän ikirjiňlenip, Merwe gitjegimem, Hyrada gitjegi­mem bilmän ýaýdanyp durdum. Men uzyn gije şu pikirde bol­dum, säher wagty: «Gel, şyhyň huzuryna baraýyn, oňa ýüz tyl­la we müşk-anbar sowgat edip, Hyradamy ýa-da Merwe gitme­li­di­gimi soraýyn, soňra şonuň aýdany bilen bolaýyn» diýen ne­ti­jä geldim. Şu maksat bilen irden ýola çykanymdan, saňa sataşdym we elime şu kagyzy berdiň. Indi şyh meniň mak­sa­dymyň şu ýerde hasyl boljakdygyny aýdandan soň, ýüregim yn­jaldy we näme boljakdygyna garaşybermekden başga zat gal­mady». Öýle namazy wagtynda men bazardadym. Şol wagt ol ýigit meniň ýanyma ylgap geldi-de: «Eý, Hasan, meniň Merw­däki söwdagär dostum geläýdi. Şyh meniň ýüregimdäkini bileni üçin, gel, men hem seniň arzuwlaryňy hasyl edeýin». Ol ýüz dinar alyp, maňa berdi. Men şyhyň ýanyna gelip bolan wakany birin-birin gürrüň berdim. Şyh şeýle diýdi: «Indiden beýläk bergilerimi nähili üzerkäm diýip gussa batmagyn, şu üç ýüz tyllany al-da, bergileriňi ber, bu adamlaryň iýýän zatlary seni gaýga batyrmasyn, çünki ryzky berýän beýik Taňrynyň özüdir».

Kyrk birinji hekaýat

Hasan Mueddep şeýle diýerdi: «Sowalgamyz bolmany üçin, birnäçe gün bäri hanaka et getirip bilmeýärdim, köpçülik bolsa et iýmek isleýärdi. Bir gün biziň şyhymyz mejlisden soň, maňa şeýle diýdi: «Eý, Hasan! Tur-da, şol ýigidiň ýanyna bar». Men onuň barmagy bilen yşarat eden ýigidiniň ýanyna bardym. Ol ýigidiň ýanyna baranymdan, şyh şeýle diýdi: «Eý, ýigit, ol dü­wünçegiňi, dinary we hepbäni oňa ber». Ol ýigit daňyny çözüp düwünçegi maňa berdi. Men turup, puly şyhyň ýanyna getir­dim. Şonda şyh şeýle diýdi «Esperise1 bar, bir ýaş gassap ýigit bardyr. Ol süýt bilen semredilen bir berre guzyny satjak bolup durandyr, sen ony tylla dinara satyn al-da, hapa atylýan çukura okla, goý, ony ýyrtyjy haýwanlar iýsinler». Men gitdim we barýançam ýolugra: «Haçan-da hanakada iýmäge bir dogramça et ýokka berre guzyny itlere bermek nämä gerekkä?» diýip gam­lanýardym. Esperise baranymda şyhyň aýdyşy ýaly ýag­daýy gördüm we ol berre guzyny satyn almak isledim. Ol: «Ony bäş danga satmak isleýäris, bir dinar az bolsa-da ber­mekçi däl» diýdi. Men onuň aýdanyny berip, guzyny satyn aldym we ol ýigit bilen bile baryp, berre guzyny itleriň öňüne taş­ladym. Adamlar bolsa haýran galyp, bize seredişip durdylar. Ol ýigit aglap başlady we şeýle diýdi: «Meni şyhyň ýanyna alyp bar». Men ony şyhyň ýanyna alyp geldim. Ol şyhyň ýanyna geleninden, onuň aýaklaryna ýykylyp, şeýle diýdi: «Eý, şyh, men toba etdim». Men şyhyň ýanynda durdym. Şonda şyh maňa şeýle diýdi: «Eý, Hasan, bu ýaş ýigit şol berre guzy üçin görgi baryny görse-de, guzy düýn öldi. Bu ýigit ony zyňmaga dözmedi, biz hem maslygyň musulmanlara berilmegini rowa görmedik. Bu adam öz maksadyna ýetdi we itler hem garyn­laryny ýagladylar, sen nämä gamlanýarsyň? Bular arassa adam­lar, olar diňe halal lukma iýip, şübheli zada bakmaýarlar». Gu­zu­syny satdyryp, tylla alan adam hem otyrdy. Ol mal-garaly çarwa kürtdi. Ol ýerinden galyp, şeýle diýdi: «Eý, şyh, mende halal goýunlar bar we olardan ýigrimi sanysyny sopular üçin niýetläp goýupdym» diýdi. Şyh: «Şeýle hem bolmalydy, ýagny ilki itler garynlaryny ýaglamaly, bu adam niýetine ýetenden soň bolsa, size halal et nesip etmelidi» diýdi.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]