Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
buh_otwet.docx
Скачиваний:
94
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
97 Кб
Скачать
☆

21.Maliye netijeleri hakyndaky hasabat we onuň esasy görkezijileriniň häsiýetnamasy.

Kärhana peýdanyň ýa-da ýitginiň böleklerini we beýleki jemi peýdanyň böleklerini görkezýän, şol döwürde jemi peýda barada ýeke-täk hasabatda ykrar edilen girdejileriň we çykdajylaryň ähli maddalaryny görkezmäge borçlydyr. Jemi peýda barada hasabat azyndan gönümel maddalary öz içine almalydyr, bu maddalar şol döwürdäki şu pul möçberlerini görkezýär:

-düşewünt;

-maliýeleşdirmek boýunça çykdajylar;

-kärhananyň paýçy bolup gatnaşma boýunça hasaba alyş usulyna laýyklykda hasaba alnan, assosirlenen kärhanalaryň we bilelikdäki kärhanalaryň peýdasyndaky ýa-da ýitgilerindäki paýy;

-peýdadan alynýan salgyt boýunça çykdajylar;

-ýerlemek üçin harajatlary aýyrmak bilen, adalatly gymmat boýunça baha bermegiň netijeleri boýunça ykrar edilen, salgyt salnandan soňky peýdany ýa-da ýitgileri öz içine alýan ýeke-täk pul möçberi;

-peýda ýa-da ýitgi;

-öz häsiýeti boýunça topara bölünen, beýleki jemi peýdanyň her bir bölegi;

-paýçy bolup gatnaşma boýunça hasaba alyş usulyna laýyklykda hasaba alnan, beýleki jemi peýdada assosirlenen kärhanalaryň we bilelikdäki kärhanalaryň paýy; we

-jemlenen jemi peýda.

57. Jebislendirilen maliýe hasabatlylygynda kärhana jemi peýda barada hasabatda hökmany suratda şu maddalary açyp görkezmelidir:

a) şol döwürde gatnaşmagyň gözegçilik edilmeýän paýyna we düýp kärhananyň eýelerine degişli peýda ýa-da ýitgi;

b) şol döwürde gatnaşmagyň gözegçilik edilmeýän paýyna we düýp kärhananyň eýelerine degişli jemlenen jemi girdeji.

Kärhana, şunuň ýaly görkezmegiň kärhananyň işiniň maliýe netijelerine düşünmek üçin ähmiýetli bolan ýagdaýynda jemi peýda barada hasabatda goşmaça gönümel maddalary, bölümleriň atlaryny we aralyk pul möçberlerini hökmany suratda açyp görkezmelidir. Şunda möhümligi goşmak bilen, ýagdaýlar, şeýle hem degişli girdeji we çykdajy maddalarynyň häsiýeti we maksady hasaba alynmalydyr.

Kärhana, eger maliýe hasabatlylygynyň haýsydyr bir milli standartynda başgaça talap edilmeýän we rugsat edilmeýän bolsa, şol döwürde ykrar edilen ähli girdeji we çykdajy maddalaryny hökmany suratda peýdada we ýitgide ykrar etmelidir. Kärhananyň haýsydyr bir girdeji we çykdajy maddalaryny jemi peýda barada hasabatda adatdan daşary madda hökmünde görkezmäge haky ýokdur.

Kärhana gaýtadan topara bölmek boýunça düzedişleri hem goşmak bilen, beýleki jemlenen girdejiniň her bir bölegi babatynda peýdadan alynýan salgydyň ululygyny ýa-ha jemi peýda barada hasabatda, ýa-da belliklerde hökmany suratda açyp görkezmelidir. Gaýtadan topara bölmek boýunça düzedişler beýleki jemlenen girdejiniň degişli böleginiň düzüminde şu pul möçberiniň peýda ýa-da ýitgä geçirilýän döwründe görkezilýär. Mysal üçin, ýerlemek üçin bar bolan maliýe aktiwleri çykyp gidende alnan peýda şol döwrüň jemi peýdasynyň ýa-da ýitgisiniň düzüminde görkezilýär. Bu pul möçberleri beýleki jemi peýdada şu döwürde we geçen döwürde alynmadyk peýda hökmünde ykrar edilip bilner. Bu alynmadyk peýdalar, olaryň jemlenen jemi peýda gaýtadan goşulmagyndan gaça durmak üçin, alnan peýdanyň peýda ýa-da ýitgä geçirilen döwründe beýleki jemi peýdanyň düzüminden aýrylmaga degişlidir.

"Esasy serişdeler" milli standartyna ýa-da "Maddy däl aktiwler" milli standartyna laýyklykda ykrar edilýän, gaýtadan baha bermekden alnan ösüşdäki üýtgemelerde gaýtadan topara bölmek boýunça düzedişlere zerurlyk ýüze çykmaýar. Bu bölekler beýleki jemi peýdada ykrar edilýär we soňky döwürlerde peýda ýa-da ýitgä geçirilmeýär.

Gaýtadan baha bermekden alnan ösüşdäki üýtgemeler aktiwiň peýdalanyşyna görä ýa-da ol hasapdan öçürilende soňky döwürlerde paýlanmadyk peýda geçirilip bilner. Eger-de girdeji we çykdajy maddalary möhüm bolup durýan bolsa, kärhana olaryň häsiýetini we ululygyny aýratynlykda açyp görkezmelidir. Girdeji we çykdajy maddalarynyň aýratynlykda açylyp görkezilýän ýagdaýlary şulary öz içine alýar:

a) ätiýaçlyklaryň gymmatyny mümkin bolan ýerlemegiň arassa gymmatynyň ululygyna çenli ýa-da esasy serişdeleriň öwezi dolunýan pul möçberine çenli hasapdan öçürmek, şeýle hem şunuň ýaly hasapdan öçürmegiň yzyna gaýtarylmagy;

b) islendik baha berilýän gorlary rewersirlemek;

ç) esasy serişdeleriň obýektleriniň çykyp gitmegi;

d) maýa goýumlarynyň çykyp gitmegi.

Kärhana maglumatlar nähili görkezilende ygtybarly boljakdygyna we has ähmiýetli maglumaty berjekdigine baglylykda, çykdajylaryň häsiýetine ýa-da olaryň kärhananyň içinde bellenen maksadyna esaslanýan topara bölünişi peýdalanmak bilen, peýdada ýa-da ýitgide ykrar edilen çykdajylara geçirilen seljermäni bermäge borçlydyr.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]