T rasnformatorlar
Elektrik togy, eger ony energiýa işsiz diýen ýaly özgerdip bolmaýan bolsa
şeýle giň peýdalanylmazdy.
Transformatorlaryň ýerine ýetirýän işi.
Elektrostansiýalaryň kuwwatly generatorlarynyň EHG örän uludyr. Şeýle-de
bolsa, köplenç praktikada gaty uly bolmadyk naprýazeniýe gerek bolýar.
Ü
ýtgeýän
togy özgertmeklik ýagny kuwwatyny
praktiki ýitgä sezewar etmän naprezeniýesini
birnäçe esse ulaltmak ýa-da kiçeltmek
transformatorlaryň kömegi bilen amala
aşyrylýar. Transformatory ilkinji bolup 1878-
nji ýylda rus alymy P.N. Ýablaçkow özüniň
döwür üçin täze ýagtylyk çeşmesi bolan
“elektrik şemlerini” iýmitlendirmek üçin
ulanypdyr.
Transformatoryň gurluşy
Transformator sim sargyly iki (kähalatlarda ondan hem köp) sany tegek
geýdirlen plastinlerden ýygnalan ýapyk polat ýürekçeden ybardyr. Sargylaryň
biri (birinji sargy diýilýäni) üýtgeýän naprezeniýanyň çeşmesine
birikdirilýär. “Agramyň” ýagny elektrik energiýasyny ulanýan abzallaryň we
gurluşlaryň birikdirilýän sargysyna ikinji sargy diýilýär. Transformatoryň
şertli belginelinşi:
TRANSFORMATORYŇ BOŞ IŞLEDILMEGI
Transformatoryň işleýşi elektromagnit induksiýa hadysasyna esaslanandyr.
Birinji sargyndan üýtgeýän magnit akymy döreýär. Ol akym bolsa sargylaryň
hersinde induksiýanyň EHG-ni emele getirýär. Transformatoryň poladyndan
bolan ýürekçäniň magnit meýdanyny özünde konsentrirleýandigini üçin
magnit akymy praktiki taýdan diňe ýürekçäniň içinde bolýar we onuň hemme
kesiginde birmeňzeşdir.
Induksiýanyň e EHG-niň mgnowen bahasy birinji we ikinji sargylaryň
islendik sarymlarynda birmeňzeşdir. Faradeýiň kanunyna laýyklykda ol
Formula
bilen kesgitlenilýär. Bu ýerde
–magnit
akymynyň wagt
boýunça
önümi. Eger
bolsa, onda
Bolar. Diýmek
Ýa-da
Bu
ýerde
–bir sarymdaky EHG-niň amplitudasy.
N1 sarymly birinji sargydaky induksiýanyň doly e1 EHG-si N1e deňdir.
Ikinji sargydaky doly e2 EHG N2e deňdir (bu ýerde N2 şol sargynyň
sarymlarynyň sany).
Bu ýerden aşakdaky gelip çykýar;
Transformatoryň sargylarynyň aktiw garşylygy adatça kiçidir we olar hasaba
alynmasa hem bolar. Tegegiň gysgyjyndaky naprezeniýanyň moduly bu
ýagdaýda induksiýanyň EHG-niň modulyna takmynan deňdir;
Munda
we
EHG-niň
mgnowen bahalary sinfaz üýtgeýär (bir wagtda
maksimuma ýetýärler we bir wagtda noluň ustunden geçýärler). Şoňa görä-de
olaryň formuladaky ýaly gatnaşygyny şol EHG-niň E1 we E2 täsir ediji
bahalarynyň gatnaşygy bilen çalşyrmak bolar ýa-da deňlikleri göz öňünde
naprzeniýanyň U1 we U2 täsir ediji bahalarynyň bilen çalşyrmak bolar;
K ululyga trasformassiýa kofissiýenti diýilýär. K>1 bolanda trasformator
peseldiji, K<1 bolanda bolsa güýçlendiriji bolýar.
Nagruzkaly transformatoryň işleýşi
Eger ikinji sargynyň uçlaryna elektrik energiýasyny kabul edýän zynjyr
birikdirilse ýa-da aýdylşy ýaly transformatora nagruzka birikdirlise,onda
ikinji sargydaki togyň güýji eýýam nola deň bolmaz. Emele gelen tok
ýürekçede öz magnit akymyny döredýär, bu bolsa Lensiň düzgünine görä
ýürekçedäki magnit akymynyň uýtgemesini peseltmelidir.
Emma jemleýji magnit akymynyň yrgyldysynyň kiçelmegi öz
gezeginde birinji sargydaky induksiýanyň EHG-ni kiçeltmelidir. Emma bu
mümkin
däldir, çünki
Görä. Şonuň üçin ikinji sargyny zynjyry utgaşdyrlanda birinji sargydäki
togyň güýji awtomatik ulalýar. Onuň aplitudasy jemleýji magnit akymyň
yrgyldysynyň aplitudasynyň başdaky bahasy dikeler ýaly artýar.
Birinji sargynyň zynjyryndaky togyň güýjiniň ulalmasy energiýanyň
saklanma kanunyna görä bolup geçýär: transformatoryň ikinji sargysyna
birikdirilen zynjyra näçe elektrikenergiýa berilýan bolsa, birinji sargy setden
şonça energiýany kabul edýär. Birinji zynjyryň kuwwaty transformatorda
nominal nagruzka ýakyn bolanda ikinji zynjyryň kuwwatyna takmynan deň
bolamlydyr;
bu ýerden
Bu bolsa transformatoryň kömegi bilen naprezeniýany birnäçe esse
artdyranymyzda, togyň güýjini şonça kiçeltýändigimizi (we tersine) aňladýar.
Häzirki zaman kuwwatly transformatorlarynda umumy ýitgi 2-3%-den artmaýar. Transformator üýtgeýän elektrik tok güýjiniň naperzeniýa köpeltmek hasyly birinji we ikinji sargylarda takmynan deň bolar ýaly özgertýär.
