Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Elektrik energiýasyny öndürmek we aralyga bermek we peýdalanmak ..docx
Скачиваний:
1
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1 Мб
Скачать
☆

Elektrik energiýanyň aralyga berlişi

Elektrik energiýasyny ulanyjylar hemme ýerde bardyr. Ýöne welin elektrik

energiýasy hemme ýerde öndürilmän ýangyç we gidroresurs çeşmeleriniň

ýakynynda öndürilýär. Elektrik energiýasyny uly masştablarda

konserwirlemek başartmaýar. Ol alnandan soňra derrew ulanylmalydyr.

Şonuň üçin elektrik energiýany daş aralyklara bermeklik gerek bolýar.

Şeýle berliş ep-esli ýitgi bilen baglanşyklydyr. Çünki elektrik togy berliş simlerini gyzdyrýar. Joulyň-Lensiň kanunlaryna görä, geçirijiniň simlerini gyzdyrmaga gidýän energiýa formula bilen kesgitlenilýär. Bu ýerde R geçirijiniň garşylygy. Geçiriji has uzyn bolan energiýany umuman ykdysady taýdan amatsyz bolmagy hem mumkindir. Geçirijiniň garşylygyny has kiçeltmek amaly usulda örän kyn. Şonuň üçin togyň güýjini azaltmaly bolýar. Togyň kuwwatynyň togyň güýjiniň naperzeniýa köpeldilmegine proporsionaldygyna görä, berilýän kuwwaty saklamak üçin geçirijidäki naperzeniýany artdyrmalydyr. Özem geçiriji näce uzyn bolsa, şonçada naperzeniýeden peýdalanmak amatlydyr. Meselem, SSKP-nyň XXII gurultaý

adyndaky Wolga derýasynda GES-den Moskwa çenli ýokary woltly

geçirijide 500 kV naperzeniýeden peýdalanýarlar. Şeýle-de bolsa üýtgeýän

togyň generatorlaryny 15-20 kV-dan uly bolmadyk naperzeniýelere hasaplap

gurýarlar. Has ýokary naperzeniýe generatoryň sargylaryny we onuň beýleki

böleklerini izolirlemek üçin has çylşyrymly ýörite çäreleri görmekligi talap

edýär.

Ullanylan edebiýatlar:

G.Ý. Mýakişew. 10-njy synp fizika kitaby.

Ullanylan internet sahypalar:

www.google.com www.dubizzle.com www.rcdesign.ru