E lektrik energiýasynyň öndürlişi we peýdalanylşy Gidro elektrostansiýanyň suraty
Biziň zamanamyzda energiýanyň öndürliş we paýlanyş derejesi –jemgyýetiň
öndüriji güýçleriniň ösüşiniň esasy görkezijileriniň biridir. Şunlukda
energiýanyň iň uniwersal we ulanmak üçin amatly görnüşi bolan elektrik
energiýa esasy ýeri tutýar. Eger dünýä boýunça energiýanyň ulanylşy
takmynan 25 ýylda iki esse artýan bolsa, elektrik energiýanyň ulanylşy ortaça
10 ýylda iki esse artýar. Bu bolsa, energiýa baýlyklaryny ulanmak bilen
baglanşykly bolan köp prosesleriň gitdigiçe elektrik energiýasyna
geçirilýändigini aňladýar.
Elektrik energiýasynyň öndürlişi.
Elektrik energiýasy ululy –kiçili elektrik stansiýalarynda esasan
elektromehaniki induksion generatorlaryň kömegi bilen öndürilýär. Elektrik
stansiýalary esasan iki tipde bolýarlar. Ýylylyk we gidroelektrik stansiýasy.
Bu elektrik stansiýalary bir-birinden generatorlaryň rotorlaryny aýlaýan
hereketlendirijileriň häsiýeti bilen tapawutlanýarlar.
Ýylylyk elektrik stansiýalarynda energiýanyň çeşmesi bolup ýangyç
(kömür,nebit,mazut,ýanyjy slýanes, tebigy gaz) hyzmat edýar. Elektrik
generatorlaryň rotorlary bug we gaz turbinalary ýa-da içinden ýandyrylýan
hereketlendirijiler bilen aýlandyrylýar. Uly ýylylyk bug turbinaly elektrik
stansiýalary (gysgaça ÝES) has tygşytly bolýar. Biziň ýurdymyzdaky ÝES-
leriň köpüsi ýangyç höküminde kömür külkesini peýdalanýarlar. 1 kWt/sag
elektrik energiýasyny öndürmek üçin birnäçe ýüz gram kömür harçlanýar.
Bug gazynyda ýangyjyň döredýän energiýasynyň 90% -den köpüsi buga
berilýär. Turbinada bug çuwdrimniň kinetik energiýasy rotora berilýär.
Turbinanyň waly generatoryň waly bilen berk birikdirlen. Bur
turbogeneratorlary örän çalt aýlanýar: aýlaw sany minutda bir näçe muňe
ýetýär. Ýylylyk hereketlendirijileriň PTK-synyň iş jisiminiň başlangyç
temperaturasynyň artmagy bilen ulalýandygy IX klasyň fizika dersinden
mälimdir. Şoňa göräde turbina gelýän buguň parapetrlerini ýokary dereja:
temperaturany 550oC çenli we basyşy 25 MPa çenli ýetirýärler. ÝES-iň PTK-
sy 40%-e ýetýär. Energiýanyň köp bölegi işlenen bug bilen ýitýär.
Energiýanyň öwrülşi aşaky shemada görkezilendir.
Ýylylyk elektrik. Merkezi (ÝEM) diýip atlandyrylan ýörite elektrik
stansiýalary işlenilen buguň energiýasynyň ep-esli bölegini senagat
kärhanalarynda we durmuş maksatlary üçin ulanmaga (jaýy ýylatmaga we
gyzgyn suw bilen üpjün etmäge) mümkinçilik berýär. Netijede ÝEM-iň PTK-
sy 60-70% ýetýär. Häzirki wagtda ýudumyzyň ÝEM-leri ähli elektrik
energiýanyň 40% çeşmesini berýärler we şäherleri elektrik energiýa bilen
üpjün edýärler.
Gidroelektrik stansiýalarda (GES) generatorlaryň rotorlaryny aýlamak üçin
suwuň potensial energiýasyny peýdalanýarlar.
Elektrik generatorlarynyň rotorlaryny gidrawlik turbinalar aýlaýar.
Stansiýanyň kuwwaty suwuň bent bilen döredilýän derejeleriniň tapawudyna
we turbinadan sekuntda geçýän suwuň massasyna (sarp edýän suwa) bagly
bolýar. Gidroelektrik stansiýalar biziň ýurdymyzda hemme ödürilýän elektrik energiýanyň 20% golaýyny berýärler.
Elektrik energiýanyň peýdalanylşy.
Biziň ýurdymyzda esasy elektrik energiýasyny esasy ulanylynýan ýer
senagatdyr. Onuň paýyna öndürilýän elektrik energiýasynyň 70% göterimi
düşýär. Şeýle hem energiýanyň köp bölegini transport ulanýar. Demir ýol
liniýalary barha köp elektrikleşdirilýär. Häzirki wagtda obalaryň we daýhan
birleşikleriň hemmesi diýen ýaly elektrik energiýasyny döwlet elektrik
stansiýalaryndan önümçilik we durmuş hajatlary üçin alýarlar. Elektrik
energiýanyň jaýlary ýagtylandyrmakda we durmuş elektrik abzallarynda
ulanylşy hakynda bolsa hemmesi bilýärler. Peýdalanylýan elektrik
energiýanyň köp bölegi mehaniki energiýa öwrülýär. Senagatdaky hemme
mehanizmler diýen ýaly elektrik hereketlendirijiler bilen işledilýär. Olar
amatlydyr, gabyldyrlar he-de önümçiligi awtomatlaşdyrmaga mumkinçilik
berýärler. Senagatda ulanylýan elektrik energiýasynyň üçden bir bölegi
göterimi tehnologiki maksatlar üçin (elektrik bilen kebşirlemek, metallary
elektrik bilen gyzdyrmak we eretmek, elektroliz we ş.m üçin) ulanylýar.
Häzirki zaman siwilizasiýasyny elektrik energiýany ulanylmasyz göz önüne
getirmek mumkin däl. Uly şäherde elektrik üpjüňçiliginiň weýrançylyk
netijesinde bozulmagy ondaky ýaşaýyşy heläkleýär.
