Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Orta mekdepleriň IV - XI synplary üçin türkmen...doc
Скачиваний:
47
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
433 Кб
Скачать
☆

Okuwçylar 11-nji synpy tamamlanlarynda şu başarnyklary

ele almaly:

I Sözleýiş boýunça başarmaly

1. Okan eseriniň, eşiden habarynyň mazmunyny gysgaça ýa-da giňişleýin

beýan etmegi.

2. Monology we gepleşigi dürli pursatlarda ulanmagy.

3. Adalgalary dogry ulanmagy.

4. Belli bir tema degişli materiallary saýlamagy, sistemalaşdyrmagy,

analizlemegi.

II Okuw materialy boýunça başarmaly

1. Dürli stillerdäki, žanrlardaky tekstleri derňew etmegi.

2. Dil faktlaryny deňeşdirmegi hem-de olar barada netijä gelmegi, dil

hadysalaryna baha bermegi.

3. Edebiýatlardan adalgalary tapmagy, olary seljermegi.

4. Ylmy işiň tekstini taraşlamagy, tekstiň mazmunyny meýilnama,

konspekt, annotasiýa, shema, tablisa görnüşinde bermegi.

5. Adalga sözlüklerden peýdalanmagy

III Ýazuw boýunça başarmaly

1. Orfografiýanyň, punktuasiýanyň düzgünlerini bilmegi.

2. Ylmy tekstden edilýän talaplary berjaý etmegi.

3. Türkmen dili boýunça ylmy-amaly barlaglary geçirip bilmegi.

4. Ylmy teksti derňemegi.

Goşmaçalar

Diktanta baha goýmak

Diktanta bir baha goýulýar.

“5-lik”

baha ýalňyşsyz işe, şeýle hem gödek ýalňyş hasaplanmaýan 1 orfografik ýa-da 1

punktuasion ýalňyşly işe goýulýar.

“4-lük”

baha 2 orfografik, 2 punktuasion ýalňyşly işe, ýa-da 1 orfografik, 3 punktuasion

ýalňyşly işe, ýa-da orfografik ýalňyşy bolmadyk, ýöne 4 sany punktuasion ýalňyşly

işe goýulýar. Eger-de goýberlen ýalňyşlaryň arasynda birmeňzeşleri bolsa, onda

“4-lük” baha 3 orfografik ýalňyşly işe-de goýulýar.

“3-lük”

4 orfografik, 4 punktuasion, ýa-da 3 orfografik, 5 punktuasion ýalňyşly işe, ýa-da

orfografik ýalňyşsyz, ýöne 7 punktuasion ýalňyşly işe goýulýar. 5-nji synpda “3-

lük” 5 orfografik we 4 punktuasion ýalňyşly işe goýulýar. Eger-de goýberlen

ýalňyşlaryň arasynda birmeňzeşleri bolsa ýa-da gödek ýalňyşly bolmasa, onda”3-

lük” baha 6 orfografik we 6 punktuasion ýalňyşly işe-de goýulýar.

“2-lik”

baha 7 orfografik,7 punktuasion ýalňyşly işe, ýa-da 6 orfografik, 8 punktuasion

ýalňyşly, 5 orfografik we 9 punktuasion ýalňyşly, 8 orfografik we 6 punktuasion

ýalňyşly işe goýulýar.

Bellik.

Barlaga degişli bolmaýan sözlerde 2 ýa-da ondan artyk ýalňyş bolsa, onda olar bir

ýalňyş hasaplanýar.

Barlag diktantda düzedişler (ýalňyş ýazylan söze dory düzediş berlen) bäşden

artyk bolsa, onda baha bir san aşak düşürilýär.

Işde üç ýa-da ondan artyk düzediş bolsa, onda “5-lik” goýulmaýar.

Barlag diktantynyň söz sany aşakdaky ýaly bolmalydyr:

Synplar

Diktantyň tekstiniň söz sany

Sözlük diktantynyň söz sany

IV

25 - 30

10 – 20

V

30 - 35

15 - 25

VI

40 – 50

15 – 30

VII

55 – 60

15 – 35

VIII

60 - 75

20 - 40

IХ

75 – 85

-

Х

95 – 105

-

ХI

105 - 120

-

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]