Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Orta mekdepleriň IV - XI synplary üçin türkmen...doc
Скачиваний:
47
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
433 Кб
Скачать
☆

Işlikleriň grammatik aýratynlyklary.

Işlikleriň ýokluk-inkärlik, zaman we ýöňkeme aňladylyşy.

Işliklerde zaman aňladylyşy.

Öten zaman, onuň soraglary hem-de goşulmalary.

Anyk öten zaman. Dowamly öten zaman. Daş öten zaman.

Işligiň öten zaman formalarynyň ýöňkeme goşulmalary.

Häzirki zaman, onuň soraglary hem-de goşulmalary.

Anyk häzirki zaman hem umumy häzirki zaman.

Umumy häzirki zamanyň aňladylyşy.

Anyk häzirki zamanyň aňladylyşy. “Du:r, oty:r, ýaty:r, ýö:r” işlikleriniň barlyk we

ýokluk galyplarynyň ýöňkemede üýtgeýiş aýratynlygy.

Işligiň häzirki zaman formalarynyň ýöňkeme goşulmalary.

Geljek zaman, onuň soraglary hem-de goşulmalary.

Mälim geljek zaman hem nämälim geljek zaman.

Mälim geljek zamanyň aňladylyşy.

Nämälim geljek zamanyň aňladylyşy.

Işligiň geljek zamanlarynyň ýöňkemede üýtgeýiş aýratynlyklary.

Zaman hem ýöňkeme goşulmalaryny kabul eden işlikleriň ulanylyşy boýunça

berkidiji ýumuşlar.

Işligiň buýruk şekilleri. Olaryň many öwüşginleri we ýöňkemede üýtgeýiş

aýratynlyklary.

Işligiň hökmanlyk şekili.

Işligiň arzuw-isleg şekili, onuň ýöňkemede üýtgeýşi.

Işligiň hyýal-niýet şekili, onuň ulanylyşy.

Işligiň şert şekili, onuň ýöňkemede üýtgeýşi.

Işligiň nämälim (infinitiw) şekili, onuň barlyk we ýokluk galyplary. Işligiň bu

şekiliniň ýöňkeme, düşüm goşulmalary bilen üýtgeýşi.

Işligiň ýöňkemede üýtgemeýän (şahs bildirmeýän) şekilleri.

Baglanyşykly sözleýiş– 1 sagat.

Pikir ýöretme häsiýetli tekst,onuň aýratynlyklary.

Iş ady.

Iş adynyň özboluşlylygy, many aýratynlygy.

Iş adynyň ýasalyşy.

Iş adynyň köplük, degişlilik, düşüm goşulmalaryny kabul edişi.

Ortak işlikler.

Ortak işliklerde sypatlyk hem-de işliklik alamatlary.

Öten zaman ortak işligi, onda ýoklugyň aňladylyş aýratynlygy.

Häzirki zaman ortak işligi.

Mälim hem nämälim geljek zaman ortak işlikleri.Olarda ýoklugyň aňladylyş

aýratynlyklary.

Ortak işlikleriň atlaşmagy, şonda olaryň köplük, degişlilik hem düşüm

goşulmalaryny kabul edişi.

Ortak işlikleriň sintaktik hyzmaty.

Sözleýiş medeniýeti.

Atlaşan ortak işlikleriň özboluşly aýratynlygyny sözleýişde berjaý etmek.

Hal işlikler.

Hal işligiň hal söz toparyndan aýratynlyklary.

Hal işligiň goşulmalary.

Hal işligiň barlyk hem-de ýokluk galyplary.

Hal işlikleriň sözlemdäki hyzmaty.

Tirkeşdirilip ulanylýan hal işlikler.

Hal işlikleriň dürs aýdylyş we ýazylyş düzgünleri.

Kem işlikler.

Kem işlik goşulmalary.

Kem işlik goşulmalarynyň işlikden beýleki söz toparlaryna goşulyşy.

Kem işlik goşulmalarynyň işlik şekillerine goşulyşy.

Kem işlikleriň sözlemdäki hyzmaty.

Işlik şekilleri boýunça berkidiji ýumuşlar.

Sözleýiş medeniýeti .

Kem işlik goşulmalarynyň hem “eken” kem işliginiňdürli söz toparlary bilen

ulanylyşy.

Hallar – 16 sagat.

Hallar, olaryň soraglary. Hallary beýleki söz toparlaryndan tapawutlandyrýan

aýratynlyklar.

Hallaryň many toparlary.

Hal-ýagdaý bildirýän hallar.

Wagt bildirýän hallar.

Sebäp-maksat bildirýän hallar.

Mukdar-ölçeg bildirýän hallar.

Orun, ugur-tarap bildirýän hallar.

Meňzetme-deňeşdirme bildirýän hallar.

Sözlükler bilen amaly iş.“Türkmen diliniň sözlüginden” hallary

tapmak hem-de olaryň many aýratynlyklaryny anyklamak.

Hallaryň gurluş aýratynlyklary.

Asyl hallar.

Ýasama hallar, olaryň goşulmalar arkaly ýasalyşy.

Goşma hallar, dürs ýazuw düzgüni.

Tirkeş hallar, dürs ýazuw düzgüni.

Hal derejeleri.

Hallaryň düýp derejesi.

Hallaryň artyklyk derejesi.

Hallaryň kemlik derejesi.

Hallaryň söýgülik-kiçeltme derejesi.

Hallaryň sözlemdäki hyzmaty.

Hallar boýunça jemleýji sapak.

Sözleýiş medeniýeti .

Hal derejeleriniň sypat derejeleri bilen umumylygy hem-de aýratynlyklary.

Ses hem şekil aňladýan sözler – 2 sagat.

Ses hem şekil aňladýan sözleriň beýleki söz toparlaryndan tapawudy, olaryň söz

ýasamaga gatnaşygy. Ses we şekil aňladýan sözleriň dürs ýazuw düzgüni.

Sözsoňy kömekçiler – 6 sagat.

Sözsoňy kömekçileriň leksika-semantik we grammatik aýratynlyklary.

Sözsoňy kömekçileriň many toparlary.

Sebäp hem maksat bildirýän sözsoňy kömekçiler.

Deňeşdirmegi we meňzetmegi bildirýän sözsoňy kömekçiler.

Ugur hem tarap bildirýän sözsoňy kömekçiler.

Wagt bildirýän sözsoňy kömekçiler.

Hakyndalyk bildirýän sözsoňy kömekçiler.

Sözsoňy kömekçileriň düşümlere gatnaşygy. Öňündäki sözüň baş düşümde, eýelik

düşümde, ýöneliş, çykyş düşümlerde getirilmegini talap edýän sözsoňy

kömekçiler.

Sözsoňy kömekçileriň sözlemdäki hyzmaty.

Baglanyşykly sözleýiş .

Sözleýşiň stillerini hem tärlerini gaýtalamak, olaryň dil serişdelerini deňeşdirmek.

Baglaýjy kömekçiler – 6 sagat.

Baglaýjy kömekçileriň leksika-semantik we grammatik aýratynlyklary.

Baglaýjylaryň many aýratynlyklary.

Baglaýjy kömekçileriň many taýdan toparlara bölünişi.

1.Düzmeli baglaýjylar.

Ugurdaşlyk, garşylyk, ikuçlulyk, gezekleşik, ýokluk hem sebäp aňladýan düzmeli

baglaýjylar.Olaryň ýazuw düzgüni.

2. Eýerjeňli baglaýjylar.

Şert hem-de sebäp aňladýan eýerjeňli baglaýjylar.

Sebäp bildirýän eýerjeňli baglaýjylaryň sebäp bildirýän düzmeli baglaýjylardan

aýratynlygy.

Eýerjeňli baglaýjylaryň ýazuw düzgüni.

Baglaýjy kömekçiler boýunça berkidiji ýumuşlar.

Morfologik derňew.

Sözleýiş medeniýeti .

Tekstde kömekçileriň baglaýjylyk hyzmaty.

Ümlükler – 2 sagat.

Ümlükleriň leksika-semantik we grammatik aýratynlyklary.

Ümlükleriň many aýratynlyklary.

Ynsan duýgularyny bildirýän ümlükler.

Edep ümlükleri.

Haýwanlar, guşlar bilen baglanyşykly ümlükler.

Ümlükleriň ýazuw düzgüni.

Ümlükleriň atlaşmagy. Atlaşan ümlükleriň köplük, degişlilik, düşüm

goşulmalaryny kabul edişi.

MODAL SÖZLER WE OWNUK BÖLEKLER - 4 sagat.

Modal sözler, ownuk bölekler, olaryň aýratynlyklary.

Modallygyň (baha berşiň, pikiri jemlemegiň, garaýşyň) aňladylyşy.

Modal sözleriň, goşulmalaryň ýazuw düzgüni.

Ownuk bölekleriň goşulmalardan tapawudy.

Ownuk bölekleriň sözleme berýän many öwüşginleriniň köp dürlüligi.

Baglaýjy hyzmatynda ulanylýan ownuk bölekleriň ýazuw düzgüni.

Baglanyşykly sözleýiş – 2 sagat.

Diwar gazete beýan etme häsiýetli makala ýazmak.

Morfologik derňewler – 4 sagat.

Özbaşdak many aňladýan we özbaşdak many aňlatmaýan sözleri, olaryň haýsy söz

toparyna degişlidigini kesgitlemek, düýp sözi seljermek, asyl sözi we goşulmalary

anyklamak boýunça derňewler.

Jemleýji sapak – 1 sagat.

Okuw ýylynyň ahyrynda geçilenleri gaýtalamak – 4 sagat.

Okuw materiallary – 121 sagat,

sözleýşi ösdürmek – 5 sagat,

diktantlar we ýalňyşlar üstünde iş – 10 sagat.

Jemi -136 sagat.

Okuwçylar 6-njy synpy tamamlanlarynda şu başarnyklary

ele almaly:

I Sözleýiş boýunça başarmaly

1.Söhbetdeşligi guramagy, alyp barmagy we gepleşigi jemlemegi.

2.Sözleriň dogry ýazylyşyna degişli düzgünleri düşündirmegi.

3.Gören, eşiden wakalarynyň we okan eserleriniň mazmunyny gürrüň

bermegi.

4. Pikirini düşündirmegi, subut edip bilmegi.

II Okuw materialy boýunça başarmaly

1. Düýp sözi we oňa goşulmalaryň goşulyş tertibini hem-de olaryň

hyzmatlaryny kesgitlemegi.

2. Işlikleriň söz ýasaýjy, dereje ýaşaýjy, şekil ýasaýjy goşulmalaryny tanamagy

hem-de asyl, ýasama, goşma, tirkeş işlikleri seljermegi.

3. Çalyşmalaryň aýratynlygyny, ýerine ýetirýän hyzmatlaryny bilmegi.

4. Hallary we hal derejelerini sypatdan, sypat derejelerini hallardan

tapawutlandyrmagy.

5. Morfologik derňewi geçirip bilmegi.

III Ýazuw boýunça başarmaly

1. Testde dürs ýazuw düzgünlerini dogry berjaý etmegi.

2. Doly morfologik deňew geçirmegi.

3. Beýan etme häsiýetli tekst ýazmagy.

4. Öz düzen tekstini kämilleşdirmegi.

5. Dürli temalara degişli tekstleri ýazmagy.

6. Orfografiýanyň normalaryny berjaý etmegi.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]