Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Orta mekdepleriň IV - XI synplary üçin türkmen...doc
Скачиваний:
47
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
433 Кб
Скачать
☆

VIII synp Hepdede – 3 sagat, okuw ýylynda jemi – 102 sagat.

Dil - halkyň paýhaslar hazynasy (atalar sözüniň, nakyllaryň mysalynda) –1 sagat.

Gaýtalamak üçin tema – 14 sagat.

Söz düzümi we onuň görnüşleri hem-de olaryň baglanyş tärleri.

Aýdylyş we manylary taýdan sözlemleriň görnüşleri.

Sözlemiň baş we aýyklaýjy agzalary. Sözlemiň deňdeş agzalary.

Sözlem agzasy hasaplanmaýan sözler we olaryň ýazuw düzgüni.

Sintaksis (dowamy)

Sözlemleriň gurluş aýratynlyklary.

Ýönekeý sözlemler hem goşma sözlemler, olary özara tapawutlandyrmak.

Ýönekeý sözlemler - 26 sagat.

Ýönekeý sözlemleriň görnüşleri.

Ýygnak ýönekeý sözlem.

Ýygnak ýönekeý sözlemde eýe bilen habaryň arasynda kese çyzygyň goýluşy.

Ýaýraň ýönekeý sözlem, onuň ýygnak ýönekeý sözlemden tapawudy.

Doly we doly däl sözlemler.

Doly sözlemiň doly däl sözlemden tapawudy.

Eýesiz sözlem, onuň eýeli sözlemden tapawudy.

Eýesi näbelli sözlem.

Eýeli, eýesiz, eýesi näbelli sözlemleriň aýratynlygy.

Ýönekeý sözlemleriň many hem gurluş taýdan görnüşlerine degişli jemleýji sapak.

Baglanyşykly sözleýiş - 4 sagat.

Sözleýşiň ylmy stiliniň resmi iş stilinden tapawutly aýratynlyklary.

Goşma sözlemler.

Goşma sözlemleriň ýönekeý sözlemlerden mazmun, äheň, gurluş taýdan tapawudy.

Goşma sözlemleriň görnüşleri.

Düzmeli goşma sözlemler – 36 sagat.

Düzümindäki sözlemleriň many gatnaşygy taýdan düzmeli goşma sözlemleriň

toparlara bölünişi.

Ugurdaşlyk bildirýän düzmeli goşma sözlem.

Garşylyk bildirýän düzmeli goşma sözlem.

Şert bildirýän düzmeli goşma sözlem.

Ikuçlulyk bildirýän düzmeli goşma sözlem.

Gezekleşik bildirýän düzmeli goşma sözlem.

Ýokluk bildirýän düzmeli goşma sözlem.

Sebäp bildirýän düzmeli goşma sözlem.

Düzmeli goşma sözlemlerde baglanyşyk.

Äheň arkaly baglanyşýan düzmeli goşma sözlemler.

Baglaýjy kömekçiler arkaly baglanyşýan düzmeli goşma sözlemler.

Düzmeli goşma sözlemlere degişli berkidiji ýumuşlar.

Baglanyşykly sözleýiş - 4 sagat.

Resmi iş stil.

Sintaktik derňewler.

Jemleýji sapak – 1 sagat.

Okuw ýylynyň ahyrynda geçilenleri gaýtalamak – 8 sagat.

Okuw materiallary – 86 sagat.

Sözleýşi ösdürmek – 8 sagat.

Diktantlar we ýalňyşlar üstünde iş – 8 sagat.

Jemi - 102 sagat.

Okuwçylar 8-nji synpy tamamlanlarynda şu başarnyklary

ele almaly:

I Sözleýiş boýunça başarmaly

1.Dyngy belgileri dogry goýmagy hem olaryň goýluş düzgünlerini düşündirmegi.

2. Monology we gepleşigi dürli pursatlarda ulanmagy.

3. Dil adalgalarynyň manysyny düşündirmegi, dogry ulanmagy.

4. Edebi diliň orfoepiýasyny berjaý etmegi.

II Okuw materialy boýunça başarmaly

1. Sözlemde baş we aýyklaýjy agzalaryň ornuny bilmegi.

2. Sözlemiň baş agzalarynyň soraglaryny, hyzmatyny, gurluşyny sözlemdäki

ornuny bilmegi, olaryň dürli söz toparlaryndan bolşuny bilmegi.

3.Sözlemiň aýyklaýjy agzalarynyň görnüşlerini hem olaryň pikiri

aýdyňlaşdyrmakdaky hyzmatyny hem-de aýyrgyçlaryň doldurgyçlardan

tapawutlanýandygyny kesgitläp bilmegi.

4.Sözlemiň deňdeş agzalarynyň many taýdan bölünişini hem olaryň gurluşyny

bilmegi, deňdeş agzalaryň arasynda baglaýjy kömekçileriň ulanylyşyny hem-

de dyngy belgileriň goýulýan ýerlerini dogry kesgitlemegi.

5. Düzmeli goşma sözlemi deňdeş habarly ýaýraň ýönekeý sözlemden hem-de

eýerjeňli goşma sözlemden tapawutlandyryp bilmegi.

6. Eýerjeň sözlemleriň görnüşlerini we olaryň baş sözlem bilen baglanyşyny

kesgitläp bilmegi.

7. Çylşyrymly tekstleri dogry, labyzly,çalt okamagy we onuň mazmunyny

düşündirmegi.

8.Tekstiň temasyny, esasy manysyny anyklap bilmegi.

9. Doly sintaktik derňew etmegi.

III Ýazuw boýunça başarmaly

1.Düzmeli goşma sözlemlerde syngy belgileri dogry ulanmagy.

2. Edebiýat sapagynda taryhy tema boýunça çykyş taýýarlamagy.

3.Arza, terjimehal ýazmagy.

4. Teksti analizlemegi.

5. Edarada ulanylýan gulluk resminamalarynyň we raýat hatlarynyň dil

aýratynlyklaryny bilmegi, olary dogry ýazmagy.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]