Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Orta mekdepleriň IV - XI synplary üçin türkmen...doc
Скачиваний:
47
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
433 Кб
Скачать
☆

Sanlar – 22 sagat.

Sanlar, olaryň soraglary. Sanlaryň beýleki söz toparlaryndan tapawutlanyşy.

Sanlaryň many aýratynlyklary.

Mukdar sanlar hem-de tertip sanlar.

Mukdar sanlar.

Bitin mukdaryň aňladylyşy.

Bölek mukdaryň aňladylyşy.

Çen-takmyn mukdaryň aňladylyşy.

Topar mukdaryň aňladylyşy.

Mukdar sanlaryň ölçeg bildirýän sözler (numeratiwler) bilen ulanylyşy.

Alynma sanlar, olardaky özboluşlyklar.

Mukdar sanlaryň ýazuw düzgüni.

Tertip sanlar, olaryň ýasalyşy hem-de many aýratynlygy.

Tertibiň goşulmalar arkaly, rim sifrleri, arap sifrleri bilen, harplar arkaly

aňladylyşy.

Tertip sanlaryň ýazuw düzgüni.

Sanlaryň many aýratynlyklary boýunça berkidiji ýumuşlar.

Sanlaryň gurluş aýratynlyklary.

Sanlaryň beýleki söz toparlaryndan ýasalyp bilinmeýändigi.

Asyl sanlar, olaryň aýratynlygy.

Goşma sanlar, olaryň ýazuw düzgüni.

Tirkeş sanlar, olaryň ýazuw düzgüni.

Baglanyşykly sözleýiş – 2 sagat.

Ylmy stil. Onuň aýratynlygy .

Sanlaryň sözlemdäki hyzmaty.

Sanlaryň atlary aýyklap, san aýyrgyjy bolup gelşi.

Sanlaryň işlikleri aýyklap, doldurgyç bolup gelşi.

Sanlaryň atlaşmak häsiýeti, atlaşan sanlaryň söýgülik, köplük, degişlilik, düşüm

goşulmalaryny kabul edişi.

Sanlaryň sözlemde baş agza hökmünde gelmegi.

Sanlaryň morfologik derňewi.

Sanlaryň ulanylyşy boýunça jemleýji sapak.

Jemleýji sapak – 2 sagat.

Okuw ýylynyň ahyrynda geçilenleri gaýtalamak – 8 sagat.

Okuw materiallary – 144 sagat,

sözleýşi ösdürmek – 14 sagat,

diktantlar we ýalňyşlar üstünde iş – 12 sagat.

Jemi -170 sagat.

Okuwçylar 5-nji synpy tamamlanlarynda şu başarnyklary

ele almaly:

I Sözleýiş boýunça başarmaly

1. Söhbetdeşligi alyp barmagy, gürrüňe goşulyşmagy, pikiri jemlemegi.

2. Sözleriň dogry ýazylyşyna degişli düzgünleri düşündirip bilmegi.

3. Degişli meseleler boýunça soraly dogry goýmagy.

4. Gören, eşiden wakalaryny we okan eserleriniň esasy mazmunyny gürrüň

bermegi.

5. Gozgalýan meselä degişli öz pikirini beýan etmegi, subut edip bilmegi.

II Okuw materialy boýunça başarmaly

1. Asyl sözi hem-de goşulmalary seljerip bilmegi, olaryň ýazuw düzgünlerini

bilmegi.

2. Atlary, sypatlary, sanlary many aňladyşy we sözlemdäki hyzmaty boýunça

tapawutlandyrmagy.

3. Sözlemde sözleri mazmun hem grammatik taýdan baglanyşdyrmagy.

4. Tekstleri dogry, labyzly we çalt okamagy, oňa düşünmegi.

5. Tekstiň temasynyň esasy manysyny anyklap bilmegi.

6. Atlary, sypatlary, sanlary doly morfologik derňew etmegi.

III Ýazuw boýunça başarmaly

1. Öwrenilenler boýunca ýalňyşsyz ýazmagy.

2. Fonetik, leksik we morfologik derňew geçirmegi.

3. Beýan etme görnüşinde tekst ýazmagy.

4. Öz düzen tekstini kämilleşdirmegi.

5. Berlen tema boýunça tekst ýazmagy.

6. Gören, eşiden wakasyny ýa-da okan tekstini ýazuw arkaly beýan etmegi.

7. Orfografiýanyň normalaryny berjaý etmegi.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]