Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Orta mekdepleriň IV - XI synplary üçin türkmen...doc
Скачиваний:
47
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
433 Кб
Скачать
☆

IX synp Hepdede – 3 sagat, okuw ýylynda jemi – 102 sagat.

Türkmen dili ösen edebi dildir – 1 sagat.

Gaýtalamak üçin temalar – 10 sagat.

Ýönekeý sözlemleriň görnüşleri we olaryň gurluş aýratynlyklary.

Goşma sözlemler hem-de olaryň ýüze çykyş formalary.

Goşma sözlemler we olaryň many gatnaşyklary taýdan toparlara bölünişi.

Goşma sözlemlerde dyngy belgileriň goýluşy.

Sintaksis (dowamy)

Eýerjeňli goşma sözlemler – 26 sagat.

Baş sözlem we eýerjeň sözlem. Olaryň aýratynlyklary, pikir bitewiligi.

Baş sözleme many gatnaşygy taýdan eýerjeňli goşma sözlemleriň toparlara

bölünişi.

Wagt eýerjeňli goşma sözlem.

Hal eýerjeňli goşma sözlem.

Meňzetme eýerjeňli goşma sözlem.

Sebäp eýerjeňli goşma sözlem, onuň sebäp bildirýän düzmeli goşma sözlemden

tapawudy.

Şert eýerjeňli goşma sözlem.

Garşylyk bildirýän eýerjeňli goşma sözlem. Onuň garşylyk bildirýän düzmeli

goşma sözlemden tapawudy.

Eýerjeňli goşma sözlemlerde baglanyşyk.

Baş sözlem bilen eýerjeň sözlemiň goşulmalar we kömekçi sözler arkaly baglanyşy.

Eýerjeňli goşma sözlemlerde dyngy belgileriň ulanylyşy.

Eýerjeňli goşma sözlemlere degişli berkidiji ýumuşlar.

Çylşyrymly goşma sözlemler.

Goşma sözlemler boýunça jemleýji sapak.

Başganyň sözi - 14 sagat.

Başganyň sözi.

Başganyň sözüniň üýtgewsiz berlişi.

Başganyň sözüniň sözlemiň başynda getirilişi.

Başganyň sözüniň sözlemiň ortasynda getirilişi.

Başganyň sözüniň sözlemiň ahyrynda getirilişi.

Başganyň sözüniň awtoryň sözi bilen berlişi.

Başganyň sözüniň salgylanma (sitata), epigraf görnüşlerinde ulanylyşy.

Gepleşik – 8 sagat.

Gepleşik (dialog) bilen başganyň sözüniň umumylyklary we

aýratynlyklary, olarda ulanylýan dyngy belgiler.

Gepleşigiň proza eserlerinde berlişi.

Gepleşigiň poeziýa eserlerinde berlişi.

Gepleşigiň drama eserlerinde berlişi. Ýaýiçi ýazgylar (remarka).

Başganyň sözi hem gepleşik boýunça jemleýji sapak.

Dyngy belgiler – 26 sagat.

Dyngy belgileriň hyzmaty, olaryň sözlemiň aýdylyş äheňi hem-de

säginme bilen baglylygy.

Dyngy belgileriň görnüşleri.

Nokadyň ulanylyşy, hyzmaty.

Sorag belgisiniň ulanylyşy, hyzmaty.

Ýüzlenme belgisiniň ulanylyşy, hyzmaty.

Sorag-ýüzlenme belgileriniň ulanylyşy, hyzmaty.

Oturyň ulanylyşy, hyzmaty.

Iki nokadyň ulanylyşy, hyzmaty.

Goşa dyrnagyň ulanylyşy, hyzmaty.

Kese çyzygyň (tire) ulanylyşy, hyzmaty.

Çyzyjagyň (defis) ulanylyşy, hyzmaty.

Dyngy belgilere degişli jemleýji sapak.

Baglanyşykly sözleýiş – 2 sagat.

Teksti baýlaşdyrýan hem-de onuň çeperçiligini artdyrýan dil serişdeleri.

Sintaktik derňewler.

Jemleýji sapak – 1 sagat.

Okuw ýylynyň ahyrynda geçilenleri gaýtalamak – 8 sagat.

Okuw materiallary – 94 sagat.

Sözleýşi ösdürmek – 2 sagat.

Annotasiýa, diktantlar – 6 sagat.

Jemi -102 sagat.

Okuwçylar 9-njy synpy tamamlanlarynda şu başarnyklary

ele almaly:

I Sözleýiş boýunça başarmaly

1. Okan, eşiden habarynyň mazmunyny gysgaça ýa-da giňişleýin düşündirmegi.

2. Sözleýşiň maksadyndan ugur alyp, sosial-medeni, durmuşy, ahlak - etiki,

okuw temalaryna degişli söhbetleri alyp barmagy, ýazmaça beýan etmegi.

3. Monology we gepleşigi dürli pursatlarda ulanmagy.

4. Materiallary toplamagy, sistemalaşdyrmagy we analiz etmegi.

II Okuw materialy boýunça başarmaly

1. Başganyň sözüni sözlemleriň başynda, ortasynda we soňunda getirip bilmegi,

onuň awtoryň sözi görnüşinde berliş tärini bilmegi.

2. Dyngy belgileriň hyzmatyny, ulanylyş aýratynlyklaryny bilmegi.

3. Edebi diliň stil aýratynlyklaryny, olardan peýdalanmagy.

4. Tekstiň haýsy stile degişlidigini kesgitläp, oňa sözbaşy tapmagy, meýilnama

düzmegi, mazmunyny dilden hem ýazuw arkaly ýalňyşsyz beýan etmegi.

5. Düşündirişli, orfoepik, orfografik sözlüklerden peýdalanmagy.

6. Sözleýişde goýberilýän ýalňyşlary tapmagy we olary düzetmegi.

7. Fonetik, leksik, morfologik, sintaktik derňewleri etmegi.

III Ýazuw boýunça

1. Orfografiýanyň, punktuasiýanyň düzgünlerini ýazuwda dogry ýerine

ýetirmegi.

2. Tekste bildirilýän talaplary berjaý etmegi.

3. Arza, terjimehal ýazmagy.

4. Tekste ýazmaça syn bermegi.

5. Goşma sözlemlerde dyngy belgileri dogry ulanmagy.

X SYNP

Hepdede – 1 sagat, okuw ýylynda jemi – 34 sagat.

Türkmen dili dersiniň aňyýeti ösdürmekdäki ähmiýeti – 1 sagat.

Gaýtalamak üçin temalar – 2 sagat.

Goşma sözlemleriň görnüşleri.

Dyngy belgiler we olaryň ýerine ýetirýän hyzmaty.

Edebi diliň normalary – 8 sagat.

Edebi dil umumyhalk diliniň normalaşan görnüşidir.

Edebi dilimiziň normalary.

Ofoepik normalar.

Sözlerde sesleriň dürs aýdylyş normalary (sesleriň gysga-

-uzyn aýdylyşy, dodak we ýogyn-inçelik taýdan sazlaşygy) Orfoepik sözlük.

Orfogrfik normalar.

Esasy orfografik kadalar: düýp sözleriň, bir, iki, dört wariantly goşulmalaryň hem-

de ownuk bölekleriň ýazuw düzgüni.Orfografik sözlük.

Leksik normalar.

Sözleriň many gatnaşyklary, ulanylyş gerimi, işjeňligi, stillere gatnaşygy we

döreýiş çeşmesi taýdan derňewi. Düşündirişli sözlük.

Grammatik normalar. Forma ýasaýjy we iýtgediji goşulmalaryň ulanylyşy.

Dil medeniýeti. Tekstde edebi diliň normalarynyň berjaý edilişi.

STILISTIKA – 12 sagat.

Stilistika sözleriň ulanylyş aýratynlyklarynyň öwrenilýän bölümi hökmünde.

Edebi diliň stilleri.

Çeper stil. Çeper stiliň sözleýiş diline ýakynlygy. Diliň çeperçilik serişdeleri.

Sinonimler, olaryň stilistik hyzmaty.

Antonimler, olaryň stilistik hyzmaty.

Omonimler, olaryň stilistik hyzmaty.

Köp manyly sözler (polisemiýa), olaryň stilistik hyzmaty.

Täze sözler (neologizmler), olaryň stilistik hyzmaty.

Arhaizmler.

Dilde gaýtalanma hadysasy (tawtologiýa).

Durnukly söz düzümleriniň, nakyllaryň stilistik hyzmaty.

Göçme manyda ulanylýan sözleriň (meňzetme, deňeşdirme, metafora) stilistik

hyzmaty.

Jemgyýetçilik-publisistik stil. Gazet-žurnallaryň, radio-telewideniýäniň we

jemgyýetçilik-syýasy kitaplaryň dil aýratynlyklary.

Ylmy stil. Ylmy işleriň dil aýratynlyklary. Ylmy adalgalar.

Resmi iş stili. Resminamalaryň, gulluk hatlarynyň hem-de raýat ýazgylarynyň dil

aýratynlyklary.

Baglanyşykly sözleýiş - 1 sagat.

Arza. Onuň tekstiniň ýazylyş tertibi. Arzanyň terkstinden edilýän talaplar, onuň

many-mazmunynyň göz öňünde tutulýan maksada laýyklylygy.

Haýyş haty, onuň arzadan tapawudy.

Baglanyşykly sözleýiş - 1 sagat.

Resmi iş stilinde raýat ýazgylary.Terjimehal, oňa mahsus bolan dil serişdeleri,

onuň ýazylyş tertibi.

Stilistika we dil medeniýeti.

Edebi dilde sözleriň aýdylyşy bilen ýazylyşynyň arasyndaky tapawutlar.

Sinonimler, olaryň stilistik hyzmaty.

Antonimler, olaryň stilistik hyzmaty.

Omonimler, olaryň stilistik hyzmaty.

Köp manyly sözler (polisemiýa), olaryň stilistik hyzmaty.

Täze sözler (neologizmler), olaryň stilistik hyzmaty.

Arhaizmler.

Dilde gaýtalanma hadysasy (tawtologiýa).

Durnukly söz düzümleriniň, nakyllaryň stilistik hyzmaty.

Göçme manyda ulanylýan sözler (meňzetme, deňeşdirme, metafora), olaryň stilistik

hyzmaty.

Baglanyşykly sözleýiş - 1 sagat.

Teksti baýlaşdyrýan hem-de onuň çeperçiligini artdyrýan Serişdeleri, durnukly söz

düzümleri, nakyllar, manydaş hem garşylykly manyly sözleriň ulanylyşy.

Tekstde gaýtalamanyň (tawtologiýanyň) bolmazlygyny gazanmak.

Jemleýji sapak – 1 sagat.

Okuw ýylynyň ahyrynda geçilenleri gaýtalamak – 2 sagat.

Okuw materiallary – 26 sagat.

Sözleýşi ösdürmek – 2 sagat.

Annotasiýa, syn, diktant – 6 sagat.

Jemi - 34 sagat.

Okuwçylar 10-njy synpy tamamlanlarynda şu başarnyklary

ele almaly:

I Sözleýiş boýunça başarmaly

1. Okan, eşiden habarynyň mazmunyny gysgaça ýa-da giňişleýin düşündirmegi.

2. Sözleýşiň maksadyndan ugur alyp, söhbetdeşligi alyp barmagy.

3. Monology we gepleşigi dürli pursatlarda göwnejaý ulanmagy.

4. Tema degişli materiallary saýlamagy, sistemalaşdyrmagy we analiz

etmegi.

II Okuw materialy boýunça başarmaly

1. Edebi diliň normalaryny bilmegi.

2. Sinonimleriň, antonimleriň, omonimleriň, köp manyly sözleriň, täze we köne

sözleriň, şiwe sözleriniň stilistik hyzmatyny bilmegi we ýerlikli ulanmagy.

3. Dünýä dilleriniň we türki dilleriň toparlara bölünişini bilmeli, garyndaş dilleriň

leksikasyna degişli deňeşdirme geçirip bilmegi.

4. Dürli mazmyndaky çylşyrymly tekstleri dogry, labyzly hen basym okamagy,

manysyny düşündirmegi.

5. Netijeli okamagyň dürli görnüşlerini ele almagy.

6. Teksti meýilnama (ýönekeý, çylşyrymly, tezisleýin), konspekt, annotasiýa,

tablisa görnüşinde bermegi.

7. Okalan tekstiň stilini aýyl-saýyl etmegi.

III Ýazuw boýunça başarmaly

1. Orfografiýanyň, punktuasiýanyň düzgünlerini bilmegi.

2. Teksti emele getirmegiň talaplaryny berjaý etmegi.

3. Sinonimleri, antonimleri, omonimleri, köp manyly sözleri, täze we köne

sözleri, şiwe sözleri ýazuwda dogry ulanmagy.

4. Arza, terjimehal ýazmagy.

5. Teksti derňemegi.

ХI SYNP

Hepdede - 1 sagat, okuw ýylynda jemi - 34 sagat.

ХХI asyr aňyýet we tehnologiýa asyrydyr– 1sagat.

Gaýtalamak üçin temalar – 4 sagat.

Diliň aňyýeti ösdürmekdäki ähmiýeti.

Türkmen dil bilimi. Görnükli türkmen dilçileri.

Dil biliminiň beýleki ylymlara gatnaşygy.

Ylmy stiliň dil aýratynlyklary – 6 sagat.

Ylmy adalgalar. Adalgalar sözlügi.

Tebigy we ynsanperwerlik bilimleriniň adalgalary.

Adalgalar sözlügi, onuň ähmiýeti.

Halkara adalgalar. Ylmy ösdürmekde terjime sözlükleriniň ähmiýeti.

Ylmy-barlag işleriniň esaslary – 10 sagat.

Ylmy edebiýatlar we olary özleşdirmegiň usullary.

Ylmy edebiýatyň mazmunyny özleşdirmegiň meýilnama, tezis, konspekt, syn,

annotasiýa, referat görnüşleri.

Dellilik maglumatlary ýygnamagyň görnüşleri.

Ylmy tekst, onuň dil ýaratynlyklary.

Salgylanmalaryň, epigraflaryň ulanylyş aýratynlyklary.

Bibliografik maglumatlaryň berlişi.

Ylmy işiň netijesiniň goralyşy.

Ylmy doklad.

Ylmy çekişmäniň medeniýet.

Ylmy işleriň önümçilige ornaşdyrylyşy.

Jemleýji sapak – 1 sagat.

Okuw ýylynyň ahyrynda geçilenleri gaýtalamak – 2 sagat.

Okuw materiallary – 24 sagat.

Annotasiýa, syn, diktant – 10 sagat.

Jemi - 34 sagat.

Okuwçylar 11-nji synpy tamamlanlarynda şu başarnyklary

ele almaly:

I Sözleýiş boýunça başarmaly

1. Okan eseriniň, eşiden habarynyň mazmunyny gysgaça ýa-da giňişleýin

beýan etmegi.

2. Monology we gepleşigi dürli pursatlarda ulanmagy.

3. Adalgalary dogry ulanmagy.

4. Belli bir tema degişli materiallary saýlamagy, sistemalaşdyrmagy,

analizlemegi.

II Okuw materialy boýunça başarmaly

1. Dürli stillerdäki, žanrlardaky tekstleri derňew etmegi.

2. Dil faktlaryny deňeşdirmegi hem-de olar barada netijä gelmegi, dil

hadysalaryna baha bermegi.

3. Edebiýatlardan adalgalary tapmagy, olary seljermegi.

4. Ylmy işiň tekstini taraşlamagy, tekstiň mazmunyny meýilnama,

konspekt, annotasiýa, shema, tablisa görnüşinde bermegi.

5. Adalga sözlüklerden peýdalanmagy

III Ýazuw boýunça başarmaly

1. Orfografiýanyň, punktuasiýanyň düzgünlerini bilmegi.

2. Ylmy tekstden edilýän talaplary berjaý etmegi.

3. Türkmen dili boýunça ylmy-amaly barlaglary geçirip bilmegi.

4. Ylmy teksti derňemegi.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]