Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
349
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572 Кб
Скачать
☆

XX asyr türkmen edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek we umumylaşdyrmak – 1 sagat.

Garaşsyzlyk eýýamynyň

Türkmen edebiýaty – 8 sagat.

Gurbanguly Berdimuhamedow. «Ganatly bedewler» – 2 sagat.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen bedewleriniň taryhy, şu güni, geçmişi baradaky filosofik pikir ýöretmeleri.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Älem içre at gezer» romanyndan bölek

– 4 sagat.

Eseriň “Akyl sandyklarynda” rowaýata öwrülen durmuş hakykatynyň çeper şöhlelendirilişi, türkmen halkynyň at seýislemekdäki we atlara bejeriş geçirmekdäki tejribesi.

Mämiş seýsiň atşynaslyk mekdebi we onuň adamkärçilik sypatlarynyň çeper beýany.

Täçmämmet Jürdekow. «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» eserinden bölek – 2 sagat.

Täçmämmet Jürdekowyň döredijiligi barada gysgaça maglumat.

«Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk». Bu taryhy-publisistik eserde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýedi arkasynyň we nebereleriniň anyk durmuş wakalary esasynda yzarlanylyşy. Nesilleriň arasyndaky baglanyşyk. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ata-babalarynyň türkmen halkynyň abadan durmuşy, döwletli döwrany barada eden arzuwlaryny iş ýüzünde amal edişi baradaky gürrüňler.

Dünýä edebiýatyndan nusgalar – 23 sagat.

«Kyrk gyz». Garagalpak halk gahrymançylyk eposyndan bölek – 2 sagat.

«Kyrk gyz» – garagalpak halk döredijilik eseri. Eposyň şygyr görnüşinde ýazylyşy. Onda garagalpak halkynyň watançylygy baradaky pikirler. Eposda batyr, gaýratly garagalpak gyzy Gülaýymyň ýurdy keseki basybalyjylardan goramak üçin alyp barýan batyrgaý söweşleri. Kyrk gyzyň edermenligi. Gülaýymyň we Arslan begiň duşmanlary ýeňmegi. Eserde Watana söýgi, il-ýurdy duşmandan goramak, yşk-söýgi, gahrymançylyk.

Mir Amman. «Dört derwüş» eserinden bölek – 3 sagat.

Hindi (urdu) edebiýatyna degişli «Dört derwüş» eseriniň perzent, söýgi, ähtiýalanlyk we beýleki meseleler baradaky jadyly ertekä çalym edýän hekaýatlary. Bu eseriň ýazylan senesi we ýeri. Eseriň gadymy kökleri we wakalaryň bolup geçýän ýurtlary.

«Azatbagt patyşanyň gürrüňi» (Ikinji derwüşiň başdan geçirenlerinden).

Eserse dört derwüşiň duşuşyp, gezekli-gezegine öz başlaryndan geçiren wakalary barada söhbet edip oturyşlary, başdan geçirmeleriň hyýaly häsiýeti, erteki esaslylygy.

Abulkasym Firdöwsi, pars şahyry. «Şanama» eposyndan bölek – 3 sagat.

«Rüstemiň dogluşy we ony Symrug guşuň terbiýeleýşi». Eseriň many-mazmuny. Rüstem Zalyň türkmen halkynyň arasynda meşhurlygy. Baş gahrymanyň adatdan daşary ýagdaýda kemala gelşi. Eposyň aýratynlygy.

Edebiýat teoriýasy. Epiki däp barada düşünje.

Alyşir Nowaýy. «Perhat we Şirin» - 4 sagat.

Alyşir Nowaýynyň döredijiligi barada maglumat.

«Perhat we Şirin». Dessanda Perhadyň dagy köwüp, suw geçirişi baradaky bap. Perhadyň zähmetsöýerligi, adamlara bolan rehimdarlygy.

Nowaýy türkmen edebiýatynda. «Gülpam» dessany.

Jelaleddin Rumy. Mesnewiler – 2 sagat.

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Jelaleddin Rumynyň ömri we döredijiligi barada maglumat.

«Alym we gämiçi», «Ker we hassa» hekaýatlary. Şahyryň eserlerinde durmuş pelsepesiniň gülküli wakalaryň üsti bilen beýan edilişi.

Lew Nikolaýewiç Tolstoý, rus ýazyjysy. «Kawkaz ýesiri» powesti – 2 sagat.

Eserdäki çeper obrazlar. Žiliniň we Kostyliniň düşen agyr ýagdaýy. Žiliniň mertligi. Eserde adamkärçiligiň görkezilişi.

Alekseý Maksimowiç Gorki, rus ýazyjysy. «Okamak höwesi» («Keseki gapysynda» eserinden bölek) – 3 sagat.

Eserdäki wakanyň ýazyjynyň öz durmuşyndan alnandygy. Alýoşanyň dükançy, hojaýyn hem-de kempir bilen gatnaşygy. Onuň kitaplary höwes bilen okaýşy.

Edebiýat teoriýasy. Başdan geçirmeler barada eserler hakynda düşünje.

Dünýä edebiýatyndan nusgalar boýunça öwrenilenleri jemlemek we umumylaşdyrmak – 4 sagat.

Eserleri öwrenmek üçin jemi – 78 sagat.

Labyzly okuw we sözleýiş dilini ösdürme sapaklary – 8 sagat.

Beýannama we düzme ýazmak üçin – 9 sagat.

Okuwçylaryň özbaşdak okan eserleri boýunça gürrüňdeşlik sapaklary –