Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
349
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572 Кб
Скачать
☆

Türkmen edebi ýazuw ýadygärlikleri – 6 sagat.

Türkmen edebi ýazuw ýadygarlikleri, olaryň halk döredijiligi eserlerinden tapawutly taraplary barada düşünje – 1 sagat.

«Diwan lugat türk» - 1 sagat.

(«Türki dilleriň diwany») – gymmatly edebi ýadygärlik. «Diwanyň» ylmy taýdan hem, edebi nukdaýnazardan hem türkmen halkynyň, onuň diliniň, däp-dessurynyň, medeniýetiniň gadymydygyny görkezmekde tutýan orny. Onda agzybirlik, myhmansöýerlik, hünäre ugrukmak, ulyny, halypany sylamak, ile-güne ýagşylyk etmek, mertlik-namartlyk baradaky pähimleriň beýany. «Diwanyň» taryhy ähmiýeti.

«Kowusnama» - 2 sagat.

«Kowusnama» – öwütler kitaby. Onda atanyň öz ogluna beren öwüt-nesihatlarynyň beýany, onuň terbiýeçilik gymmaty.

Ýusup Balasagunly. «Bilimnama» («Kutadgu bilig») eseri – 2 sagat.

Ýusup Balasagunlynyň (Ýusup Has Hajybyň) ömri, döredijiligi.

Eseriň döreýşi, onuň gurluşy, dili, çeperçiligi. Ylymly, bilimli bolmagyň peýdasy barada öwüt-ündew berilýän baplary. Eseriň öz ýazylan döwrüniň durmuşyny, jemgyýetçilik gurluşyny, dilini, edebiýatyny öwrenmekdäki ähmiýeti.

Türkmen klassyky edebiýaty – 11 sagat.

Magtymguly Pyragy. Goşgular – 2 sagat.

«Baş bolmaň!», «Oturyp-turşun görüň!», «Görsem». Goşgularyň dünýäni düşündiriş aýratynlygy. Şahyrana oýlanmalaryň pelsepeleýin esasy. Goşgularyň çeperçilik gymmaty. Goşgularda öwüt-nesihat, ahlak meseleleriniň goýluşy.

Myrat Talyby. Goşgular – 2 sagat.

Myrat Talybynyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.

«Gezme ýyrtyk jinde bile!», «Dilşady men». Şahyryň goşgularynyň temasy, çeperçiligi.

Abdyrahym Zynhary. Goşgular – 2 sagat.

Abdyrahym Zynharynyň ömri, döredijiligi.

«Barypdyr», «Akyl-huşy ýagşydyr». Şygyrlarda durmuşyň dogruçyl beýany. Goşgularyň çeperçiligi.

Aşyky. «Bolmasa» goşgusy – 1 sagat.

Aşykynyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.

«Bolmasa» goşgusy. Goşguda perzent, dogan-garyndaş, mylakatly aýal, mertlik, namartlyk baradaky pähim-paýhaslar, öwüt-nesihatlar.

Döwletmämmet Balgyzyl. «Bibiniň» goşgusy – 1 sagat.

Döwletmämmet Balgyzylyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.

«Bibiniň» goşgusy. Goşguda aýal-gyzlaryň gowy sypatlarynyň çeper beýany.

Baýram şahyr. «Şaglap iner bürgütleri» goşgusy – 1 sagat.

Baýram şahyryň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.

«Şaglap iner bürgütleri» goşgusy. Goşguda mert ýigitleriň, gözel tebigatyň waspy.

Dosmämmet. «Dözmenem» goşgusy – 1 sagat.

Dosmämmediň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.

«Dözmenem» goşgusy. Goşguda zenan gözelliginiň waspy. Goşgynyň bagşylar tarapyndan aýdym edilip aýdylyşy.

Türkmen klassyky edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek we umumylaşdyrmak – 1 sagat.

XX asyr türkmen edebiýaty – 21 sagat.

Berdi Kerbabaýew. «Amyderýa» poemasy – 3 sagat.

Eserde Amyderýanyň bol suwuny Garagum çölüne getirmek, türkmen çölüni gülzarlyga öwürmek baradaky halk arzuwynyň şahyrana beýany.

Hajy Ysmaýylow. «Mugallymyň gyzy» powesti – 3 sagat.

Eserde şäherde okap terbiýe alan gyzyň obada bolup görmegi, obaly deň-duş oglan-gyzlaryny köpçülik işlerine çekmegi. Eserde hünärli bolmak, Watanyňa hyzmat etmek meseleleriniň goýluşy.

Ata Köpekmergen. Goşgular. Şorta sözler – 2 sagat.

«Obam», «Daglar» goşgulary.

Şahyryň adyna aýdylýan şorta sözler. «Orta bor-da!», «Meniň öýümi soradyň», «At dakyp bilmeris».

Sapargeldi Annasähedow. «Göroglynyň gözleginde» powesti – 3 sagat.

Eserde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragy, onuň çagalyk dünýäsi, ýaşlygyndan aňynda şinelän türkmen döwleti, döwletliligi, agzybirligi baradaky arzuwlaryň beýany.

Arap Gurbanow. «Gülnar» powesti – 2 sagat.

«Gülnar» powesti. Urşuň adamzadyň başyna salan külpeti. Eserde ynsanperwerlik, söýgi, maşgala meseleleri. Eseriň baş gahrymany Gülnaryň obrazynda milli häsiýet.

Rahman Gelenow. «Ganatly aýdymlar» powesti – 2 sagat.

Eserde Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň gysga ömründe türkmen aýdym-saz sungatyna goşan goşandynyň durmuşy esasda çeper beýan edilmegi. Orazgeldiniň Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelen çagalyk we ýetginjeklik döwürleri. Onuň ýaşlygyna garamazdan, halal zähmete ugrukmagy we il-güni, obadaşlaryny, işdeş ýoldaşlaryny aýdym-sazy bilen ruhlandyrmagy.

Ýazyjynyň öz çagalyk dosty Orazgeldä belent sylag-sarpasy. Türkmen halkynyň aýdym-saz sungatyna, sungat ussatlaryna söýgüsi.

Şirinjemal Geldiýewa. «Laçyn» powesti – 2 sagat.

Eserde oba durmuşynyň görkezilişi. Ýaşlaryň okap bilim almak höwesi.

Oraz Akmämmedow. «Bir gulakly hossar» komediýasy – 2 sagat.

Oba ýaşlarynyň durmuşyndan söz açýan bu eseriň gyzykly, gülküli wakalaryň üsti bilen beýan edilmegi. Töhmetçileriň öz pyssy-pyjurlyklarynyň üstüniň açylmagyndan gorkup gülkünç ýagdaýa düşmegi.

Edebiýat teoriýasy. Komediýa barada düşünje.