Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
349
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572 Кб
Скачать
☆

Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty (1991-nji ýyldan bäri) – 8 sagat.

Giriş. Garaşsyzlyk eýýamynda türkmen edebiýatynyň ösüşi – 1 sagat.

Gurbanguly Berdimuhamedow. Eserler.

«Älem içre at gezer» romany – 4 sagat.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp taraply we çuň many-mazmuna eýlenen çeper döredijiligi. Olarda täze Galkynyş eýýamynyň, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň türkmen jemgyýetini, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk, mertlik, halallyk ruhunda terbiýelemek äheňi.

Eserde durmuşy keşpleri döretmekdäki we ynsan ykballaryny yzarlamakdaky ussatlyk. Eseriň ýordum we gurluş aýratynlygy. Dil baýlygy. Halkyň psihologiýasynyň açylyp görkezilişi. Žanr, forma taýdan kämilligi.

«Türkmen bedewleri» - 1 sagat. Eserde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmeniň uçar ganaty bolan bedewler barada taryhy, publisistik pikir ýöretmeleri. Eserde getitilýän maglumatlaryň taryhy taýdan anyk we ygtybarly bolmagy. Eseriň dili we çeperçiligi.

«Janly rowaýat»- 1 sagat. Bu eserde türkmen halkynyň, ene-mamalaryň asyrlaryň, müňýyllyklaryň dowamynda ajaýyp halylary dokaýyşlary, çeperçilik däplerini nesilden-nesle geçirip, biziň günlerimize ýetirişleri baradaky gyzykly rowaýatlara, taryhy maglumatlara salgylanylyp gürrüň berilmegi. Türkmen halyçylyk sungatynyň geljegi barada pikirler.

Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty temasyny jemlemek – 1 sagat.

Dünýä edebiýatyndan nusgalar – 18 sagat.

Dünýä edebiýatyna giren ýazyjy-şahyrlar we eserler barada – 1 sagat.

Aýbek (özbek ýazyjysy), Muhtar Auezow (gazak ýazyjysy), Aleksandr Twardowskiý (rus şahyry), Mihail Şolohow (rus ýazyjysy), Dante Aligeri (italýan ýazyjysy) we beýlekileriň dünýä meşhur eserleri.

Resul Gamzatow, awar şahyry. Goşgular – 2 sagat.

R. Gamzatowyň ömri, döredijiligi.

«Ene dilim», «Dagly gojalar», «Sen hakdaky şygyrlam ýene kabul bolmady» goşgulary, «Atam bilen söhbet» poemasy.

Şahyryň eserlerinde Watanyň, halkyň, ene diliniň, tebigat gözellikleriniň, ajaýyp ynsan häsiýetleriniň waspy, ýamanyň ýazgarylmagy. Milli buýsanç.

Ernst Hemingueý, amerikan ýazyjysy. «Goja we deňiz» eseri – 2 sagat.

E. Hemingueýiň ömri we döredijiligi.

Ýazyjynyň «Ret bol, ýarag!», «Gün hem dogýar», «Fiýesta» we beýleki hekaýalary, powestleri barada maglumat.

«Goja we deňiz» eseri. Eseriň baş gahrymany goja Santýagonyň bir uly balygy tutjak bolup gören ezýetleri we tutanýerliligi, onuň öz maksadyna ýetmek üçin tutanýerli hereket edişi.

Antuan de Sent-Ekzýuperi, fransuz ýazyjysy. «Kiçijik şazada» ertekisi – 2 sagat.

A. Sent-Ekzýuperiniň ömri we döredijiligi.

«Kiçijik şazada» atly filosofik erteki. Ertekide adamyň durmuşa öz wyždan we ahlak ölçeginden seredişi, kiçijik şazadanyň tebigatyň gözelligine bolan garaýşy, onuň ahlak gözelligini gözleýşi.

Dünýä edebiýatynda türkmen temasy .

Wasiliý Ýan (Ýançeweskiý), rus ýazyjysy. «Çingiz han» romany – 4 sagat.

W. Ýanyň ömri, döredijiligi.

«Mongollar» atly üç kitapdan («Çingiz han», «Baty han», «Soňky deňze çenli») ybarat romany, olarda mongol-tatar basybalyjylykly ýörişleri, ýurtlaryň, halklaryň olaryň garşysyna alyp baran azat edijilikli göreşleri barada.

«Çingiz han» romany. Onuň mazmunynyň Türkmenistan bilen bagly bolmagy. Batyr türkmen serkerdesi Jelaleddiniň edermenligi, batyrlygy we watançylygy.

Grigol Abaşidze, gruzin ýazyjysy. «Uzaga çeken tümlük» romany – 4 sagat.

G. Abaşidzäniň ömri, döredijiligi.

«Uzaga çeken tümlük» romany. Eserde Horezm şasy Jelaleddin Meňburnynyň keşbi. Eserde watançylyk pikirleri, sungat, päk söýgi meseleleri.

Dünýä edebiýatyndan nusgalar boýunça öwrenilenleri jemlemek we umumylaşdyrmak – 3 sagat.

Eserleri öwrenmek üçin jemi – 80 sagat.

Labyzly okuw we sözleýiş dilini ösdürme sapaklary – 2 sagat.

Düzme, annotasiýa ýazmak üçin – 15 sagat.

Okuwçylaryň özbaşdak okan eserleri boýunça gürrüňdeşlik sapaklary

– 5 sagat.

Ýatdan öwrenmek üçin hödürlenýän eserler:

Aman Kekilow. «Söýgi» romanyndan bölek.

Gara Seýitliýew. «Gaşy sürmeli».

Kerim Gurbannepesow. «Ýaşlyk dramasy».

Mämmet Seýidow. «Durun mukamy» poemasyndan bölek.

Gurbannazar Ezizow. «Seni söýdüm», «Myhmançylykda aýdylan tost».

Annaberdi Agabaýew. «Oswensim owazlary» poemasyndan bölek.

Halyl Kulyýew. «Bahar buşlukçysy», «Ene hüwdüsi».

Aleksandr Twardowskiý. «Wasiliý Týorkin» poemasyndan bölek.

Sapakdan daşary okamak üçin hödürlenilýän eserler:

Gurbanguly Berdimuhamedow. Älem içre at gezer. – Aşgabat, 2011.

A. Gowşudow. Perman. – Aşgabat, 1989.

A. Kekilow. Söýgi. – Aşgabat, 1963.

K. Gurbannepesow. – Aşgabat, 2011.

G. Ezizow. Saýlanan eserler. – I – II tomlar. – Aşgabat, 1995 – 1996.

T. Gurbanow. Sarygül. Powestler we hekaýalar. – Aşgabat, 1967.

G. Abaşidze. Uzaga çeken tümlük. – Aşgabat, 1979.

Ç. Aýtmatow. Jemile.

R. Gamzatow. Ýüregim daglardadyr. – Aşgabat, 1986.

S. Ýesenin. Goşgular we poemalar. – Aşgabat, 1968.

Dünýä edebiýatyndan nusgalar. IV. – Aşgabat, 2007.