Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
349
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572 Кб
Скачать
☆

2 Sagat.

Kerim Gurbannepesowyň ömri we döredijiligi.

Yşky-liriki temadan ýazan goşgulary. «Altyň biri», «Ýarap borka», «Gözellik», «Ýaşlyk dramasy». Goşgularda päk söýginiň, zenan gözelliginiň şahyrana waspy, öwüt-nesihat, juwan duýgularyň lezzeti, onuň hasratly ýatlama öwrülmegi.

«Ýazmasy agyr düşen goşgy». Goşguda ata-enäniň gadyryny bilmek, sarpasyny belent tutmak meselesi.

«Gumdan tapylan ýürek» poemasy. Eserde yşk-söýgi. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen halkynyň tylda çeken ýadawsyz zähmeti, Watan goragyna goşan goşandy. Türkmen ýigitleriniň Watan goragyna gitmegi. Olaryň yzynda galan gyz-gelinleriň söwer ýarlarynyň, atalarynyň, doganlarynyň ýokdugyny bildirmän, olaryň ýerinde berk durmaklary. Şu ýagdaýda ýüze çykýan käbir ýaramaz hadysalar.

Eseriň gahrymanlar ulgamy. Eziz, Gülnäz, Çölli Geldi. Olardaky belent adamkärçilik, watançylyk, ynsanperwerlik sypatlary. Bibi şeýtan, Tüňňi, olaryň häsiýetindäki ejizlik, öz şahsy bähbidiňi hemme zatdan öňde goýmak, çemeçilik.

Eseriň gurluşy, dili, çeperçiligi.

Berdinazar Hudaýnazarow. Ýazyjynyň ömri we döredijiligi – 2 sagat.

Goşgulary, poemalary, romanlary, powestleri, hekaýalary.

Ýazyjynyň publisistikasy.

Edebiýat teoriýasy. Publisistika barada düşünje.

«Gumlular» romany.

Eserde uruş döwründäki türkmen durmuşynyň töwerekleýin berlişi.

Eseriň gahrymanlar ulgamy. Keýik gelin, Keýker, Aňkar aga, Ýolly, Sanjar syýasy. Bularyň keşplerinde tylda agyr ýüki gerdenine almaly bolan dürli ýaşdaky, dürli wezipedäki, dürli hünärdäki nesliň ýüzüniň görünýänligi.

Aňkar aga – türkmeniň parasatly ýaşulusy.

Keýik gelin – uruş döwrüniň agyr kynçylyklaryna döz gelip, Watan üçin jan aýaman zähmet çeken, söýgüsine wepaly, urşa giden ýaryna ömür boýy garaşan türkmen gelniniň keşbi.

Ýazyjynyň hekaýa etme, suratlandyrma, pikir ýöretme usullaryndan usstalyk bilen peýdalanyşy.

Mämmet Seýidow. Ömri we döredijiligi – 2 sagat.

«Durun mukamy» poemasy. Eserde türkmen saz sungaty, onuň ussatlary barada. Şamyrat Gurbannepesow, onuň türkmen saz äleminde ýeten ussatlygy, gysga, ýöne manyly ömri.

Ata Atajanow. Ömri, döredijiligi – 2 sagat.

Goşgulary we poemalary.

«Teke gyzy Tatýana» romany.

Eserde Gökdepe söweşiniň beýan edilişi. Duşman esgerleriniň Gökdepe galasynyň goragynda wepat bolanlaryň jesetleriniň arasyndan hossarlaryny ýitiren gyzjagazy tapyp almaklary. Ony rus generalynyň terbiýelemegi. Rus terbiýesini alan türkmen gyzyň – Tatýana Tekinskaýanyň bilimli gyz bolup ýetişmegi we dogduk diýary Türkmenistana magaryf işini ösdürmekde alyp baran işleri.

Eserde dokumentallyk, taryhylyk.

Täşli Gurbanow. Ömri, döredijiligi – 2 sagat.

«Sarygül», «Armanym» powestleri.

«Mahmal bägül» nowellasy. Eseriň baş gahrymany Suraýyň ykbalynyň çeper beýany. Mähriban ejesiniň ýogalmagy bilen onuň durmuşyndaky kynçylyklar. Eserde maşgala meselesi, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar, ata-enäniň we çaganyň mukaddesligi. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek meselesiniň orta atylyşy.

Edebiýat teoriýasy. Içgepletme we gepleşik hakynda düşünje.

Naryman Jumaýew. Ömri, döredijiligi – 2 sagat.

«Aýdogdy Tahyrow» romany.

Romanyň temasy, many-mazmuny.

«Ýuwaş gelin» powesti. Eserde ýaş çatynjalar Jemşit bilen Selbiniň öz durmuşlaryny döwrebap gurmaga, döwrebap ýaşamaga we işlemäge synanyşyklary. Bu babatda ýüze çykan päsgelçilikler.

Gurbannazar Ezizow. Ömri, döredijiligi – 2 sagat.

Döwürdeş we halypa ýazyjy-şahyrlaryň G. Ezizowyň döredijiligine beren bahasy.

Goşgulary, poemalary.

«Eneme», «Eneler», «Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy!», «Dosta näçe serpaý etseň az ýaly...», «Seni söýdüm», «Gyzlaryma», «Iki agaç», «Sungat», «Myhmançylykda aýdylan tost» goşgulary. Goşgularda ynsan durmuşy, söýgi, birek-birege hormat-sarpa, ömrüň netijeli, many-mazmunly bolmalydygy, çaga, nesil dowamaty, öý-içeriniň abadan bolmagy baradaky süýji arzuwlaryň, çuňňur pelsepäniň çeper dilde beýan edilişi.

«Güýz», «Söýgi» sonetler çemeni. Eserlerde şahyryň ynsan ömri, durmuşy, olaryň manysy baradaky pelsepeleýin garaýyşlarynyň tebigat, ýaz hem güýz pasly ýaly düşünjeleriň üsti bilen şahyrana berlişi.

Edebiýat teoriýasy. Sonetler çemeni barada düşünje.

Annaberdi Agabaýew. Ömri, döredijiligi – 2 sagat.

Goşgulary, poemalary.

«Oswensim owazlary» poemasy. Eserde Oswensim, faşistik jellatlaryň elinden konslagerlerde bigünä pida bolan ynsanlaryň adyndan şu günki nesle ýüzlenme. Poemada urşa garşy, urşy näletleýji pikirler. Poemanyň hyjuwly äheňi, dili, çeperçiligi.

Halyl Kulyýew. Ömri, döredijiligi – 2 sagat.

Goşgular. «Bahar buşlukçysy», «Hoşlaşyk», «Zähmet mugallymy», «Uýalar», «Ene hüwdüsi», «Towşanjyk», «Ogrynyň ölümi».

Şahyryň goşgularynda ynsanyň içki duýgularynyň beýan edilişi, ýürekdeşlik, liriki gahrymanyň mylakatly keşbi, mylaýym gülki, suratkeşlik.

«Akar suw» poemasynda türkmen taryhy baradaky pikirleriň şahyrana pelsepäniň üsti bilen berilmegi.

«Ertekiniň gelip çykyşy» powesti barada maglumat.