Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
351
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572 Кб
Скачать
☆

Türkmen edebiýatynyň taryhy – 30 sagat.

Giriş – 1 sagat.

Türkmen edebiýatynyň taryhy. Edebiýatyň jemgyýetiň ösüşi bilen baglanyşygy. Türkmen edebiýaty Oguz han türkmenden şu güne çenli halkyň durmuşynyň çeper suratlandyrylmasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen we dünýä edebiýatyny, geçmiş edebi mirasymyzy öwrenmek, täze Galkynyş eýýamynyň kämil türkmen edebiýatyny döretmek baradaky aladalary.

I. Has gadymy döwürleriň türkmen edebiýaty (Biziň eýýamymyzdan öňki döwürlerden biziň eýýamymyzyň 650-nji ýyllaryna çenli).

Gysgaça syn – 1 sagat.

Gadymy eýýamyň türkmen edebiýaty, sungaty, edebi ýadygärlikleri, jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy. Oguz han. «Oguznama», «Ergenokon», «Tumar», «Syrak» dessanlary we beýleki eserler. Olaryň many-mazmuny. Olar baradaky maglumatlaryň saklanan çeşmeleri. Bu eýýamyň türkmen edebiýatynyň öwrenilişi.

II. VII – IX asyrlaryň türkmen edebiýaty (biziň eýýamymyzyň 650-nji ýylyndan – IX asyra çenli).

Gysgaça syn – 1 sagat.

Bu eýýamyň edebiýaty, sungaty, edebi ýadygärlikleri (oguz-türkmen ýazgylary, «Gorkut ata» kitaby...), şahyrlar hem alymlar (Abdylla al-Merzewi, Muhammet al-Horezmi, Abu Magşar Horasany, Baýezit Bistamy...), jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy. Bu eýýamyň türkmen edebiýatynyň öwrenilişi.

Oguz-türkmen (Orhon-Ýeniseý) ýazgylary – 2 sagat.

Bilge kaganyň, Kul teginiň, Tonýukukyň mazar daşlarynyň ýüzüne oýulyp ýazylan ýazgylar, olaryň türkmen halkynyň geçmiş durmuşyny, taryhyny öwrenmekde möhüm ähmiýeti bolan taryhy çeper ýazgylardygy barada.

III. X – XVI asyrlaryň türkmen edebiýaty.

Gysgaça syn – 2 sagat.

Bu eýýamda türkmenleriň ýaşaýşy, sungaty, edebi durmuşy. Bu eýýamyň edebiýaty, edebi ýadygärlikleri. Şahyrlar hem alymlar: Mahmyt Kaşgarly, Emir Muezzi, Ýusup Balasagunly, Enweri, Hoja Ahmet Ýasawy, Gul Süleýman, Aly Mir hoja, Jelaleddin Rumy, Ýunus Emre, Rabguzy, Ahmet Burhaneddin Siwasly, Seýit Nesimi, Muhammet Fizuly, Mähri Hatyn-Mährinisa, Muhammet Baýram han türkmen, Abdyrahym han-hanan... Olaryň ömri we döredijiligi barada gysgaça teswirlemeler.

Bu eýýamyň türkmen ruhy edebiýatynyň öwrenilişi.

Ýunus Emre. Goşgular – 3 sagat.

Ýunus Emräniň ömri we döredijiligi.

Ýunus Emre we Jelaleddin Rumy.

Şahyryň «Hiç kim halym bilmez meniň», «Geldi-geçdi ömrüm meniň», «Ýalançy dünýäge gonup göçenler», «Salam bolsun!», «Olur degil», «Ömrüm seni», «Muhammet» goşgulary. Şahyryň adam, ömür, dünýä barada ajaýyp pikirleri. «Meňzär», «Gel, dosta gideli, köňül!», «Dost işi» goşgularynda dostluk, ylahy söýgi duýgulary.

Ýunus Emräniň edebiýat taryhyndaky orny.

Muhammet Baýram han. Şygyrlar – 3 sagat.

Muhammet Baýram han türkmeniň ömri we döredijiligi.

«Baharny gör!», «Ýarmuhammet», «Tapylmas», «Bilmes men», «Saçyň», «Gözleriň» diýen gazallarynda watançylyk, mertlik, dostluk, söýgi. Şygyrlaryň ähmiýeti.

Baýram han – meşhur türkmen şahyry, harby serkerde, han-hanan, jemgyýetçilik işgäri.

VI. XVII – XX asyrlaryň türkmen edebiýaty

Gysgaça syn – 2 sagat.

XVII-XX asyrlarda türkmenler. Olaryň ýaşaýşy, medeniýeti, edebi durmuşy.