Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
352
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572 Кб
Скачать
☆

Dünýä edebiýatyndan nusgalar – 13 sagat.

Omar Haýýam. Rubagylar – 2 sagat.

Gündogaryň beýik danasy, şahyr we akyldar Omar Haýýamyň ömri we döredijiligi. Onuň rubagylarynyň gadymy däp-dessurlar bilen baglanyşygy. Rubagylarda durmuşa söýgi, halal ýaşamak, sözüňde durmak ýaly pikirler.

Anton Pawlowiç Çehow, rus ýazyjysy. Hekaýalar – 3 sagat.

A.P.Çehowyň ömri we döredijiligi.

«Kaştanka», «Ýogyn bilen inçe». Hekaýalaryň aýratynlygy, olarda her günki durmuş wakalarynyň gyzykly, täsin suratlandyrylyşy.

Gi de Mopassan, fransuz ýazyjysy. Nowellalar – 5 sagat.

Ýazyjynyň ömri we döredijiligi.

Mopassanyň ilkinji eserleri. «Tokgaja» atly hekaýasy. «Durmuş», «Eziz dost» atly romanlarynda fransuz jemgyýetiniň, durmuşynyň görkezilişi. Ýazyjynyň nowellalarynyň çeperçilik aýratynlyklary. Olarda durmuşyň dogruçyl, realizm usulynda görkezilişi.

«Göwher monjuk» nowellasy. Nowellada Matilda atly gelniň toýda dakynmak üçin wagtlaýyn alan monjugynyň ýitişi we ol monjugyň Matildanyň ykbalyna eden täsiri.

«Simonyň kakasy» nowellasy. Nowellada Simon atly oglanjyga kakasynyň ýoklugy zerarly mekdepde oglanlaryň azar berşi. Obanyň demirçi ussasy Filipp Reminiň Simona howandarlyk edişi. Eserde çaga psihologiýasynyň görkezilişi.

Edebiýat teoriýasy. Realizm usulynyň aýratynlyklary.

Žan Batist Molýer, fransuz ýazyjysy. «Dworýanlykdaky meşşan» - 3 sagat.

Molýeriň ömri we döredijiligi. Onuň komediýalarynyň meşhurlygy.

«Dworýanlykdaky meşşan» komediýasy. Onda adamlaryň kemçilikleriniň, ýaramaz gylyklarynyň gülkünç edilip görkezilmegi. Baýan Žurdeniň adamlaryna meňzejek bolup, özüniň gülkünç ýagdaýa düşmegi.

Eserleri öwrenmek üçin jemi – 81 sagat.

Düzme ýazmak üçin – 6 sagat.

Okuwçylaryň özbaşdak okan eserleri boýunça gürrüňdeşlik sapaklary –

8 Sagat.

Sözleýiş dilini ösdürme sapaklary – 7 sapak.

Ýatdan öwrenmek üçin hödürlenýän eserler:

Türkmen halk döredijiliginden nusgalar.

Seýit Nesimi. «Bolmasyn!», «Halyň nedir?»

Omar Haýýam. Rubagylar.

Ýunus Emre. «Meňzär», «Gel, dosta gideli, köňül!»

Muhammet Baýram han. «Saçyň», «Gözleriň», «Tapylmas».

Garaja oglan. «Biziň illere», «Gyrmyzy», «Alanlar kany?», «Jandan

zyýada».

Andalyp. «Jykyr».

Sapakdan daşary okamak üçin hödürlenýän eserler:

Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer». – Aşgabat, 2011.

Türkmen şygryýetiniň dürdäneleri. – Aşgabat, 2004.

Dessanlar. «Hatamtaý», «Gülpam». Mekdep kitaphanasy. – Aşgabat, 2006.

„Asly-Kerem“. – Aşgabat, 1965.

Nurmuhammet Andalyp. Dessanlar. – Aşgabat, 1991.

«Garaja oglan». – Aşgabat, 2006.

Ýunus Emre. Güldesse. – Aşgabat, 1992.

Ýunus Emre. Diwan. – Aşgabat, 2005.

Muhammet Baýram han. Şygyrlar. – Aşgabat, 1989.

Seýit Ymadutdin Nesimi. Saýlanan eserler. Üç tomluk. – Aşgabat, 1993.

Wepaýy. Rownak yl-yslam. – Aşgabat, 1991.

Manas. Gyrgyz halk eposy. – Aşgabat, 1990.

Omar Haýýam. Rubagylar. – Aşgabat, 1977.

Abdyrahman Jamy. Altyn zynjyr we beýleki eserler. – Aşgabat, 1990.

Abdyrahman Jamy. Baharystan. – Aşgabat, 1991.

Saady Şirazy. «Bossan».// «Edebiýat we sungat» gazeti, 12. 19.05.2000;

9.08.2000; 18.08.2000. «Diýar» žurnaly, 2003, №12.

  1. Çehow. Kaştanka. Ýogyn we inçe. – Aşgabat, 1951.

M. Serwantes. Don Kihot. – Aşgabat, 1938.

G. Mopassan. Göwher monjuk. Nowellalar. – Aşgabat, 1961.

G. Mopassan. «Simonyň kakasy». Nowella.// «Garagum» žurnaly. 1996,

№3.

Mähri Hatyn. Diwan. – Aşgabat, 2004.