Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
349
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572 Кб
Скачать
☆

X synp – 102 sagat. ( ynsanperwerlik-durmuş bilimler)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow edebiýat

we edebiýat ylmyny ösdürmek barada – 1 sagat.

XX asyr türkmen edebiýaty (1991-nji ýyla çenli) – 53 sagat.

XX asyryň başyndaky (20-nji ýyllara çenli) türkmen edebiýaty

– 1 sagat.

Türkmenistan XX asyryň başlarynda. Bu döwrüň edebiýatynda halk döredijiligi bilen çeper edebiýatyň özara baglanyşygy.

Döwletmämmet Balgyzyl, Molladurdy, Baýram şahyr, Körmolla (Suhan Öwezberdi), Durdy Gylyç. Bu şahyrlaryň eserlerinde gozgalýan meseleleriň esasan öz döwrüniň gündelik wakalary, hadysalary bilen baglanyşykly bolmagy. Goşgularda gündelik durmuşdaky ýaramaz hadysalaryň satiriki we ýumoristik äheňde beýan edilmegi.

Türkmen edebiýaty XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda – 1 sagat.

Körmolla, Baýram şahyr, Ata Salyh, Mollamurt, Durdy Gylyç. Bu şahyrlaryňeserlerinde döwrüň wakalaryna seslenmeler.

B. Kerbabaýew, G. Burunow, A. Gulmuhammedow, A. Alamyşow, Ý. Nasyrly, A. Durdyýew. Bu ýazyjy-şahyrlaryň edebiýata getiren täzelikleri.

Täze edebi žanrlar, çeper terjime, goşgy düzüliş formalary.

20-30-njy ýyllarda edebiýatda ýüzüni görkezip başlan ýazyjy-şahyrlar: A. Köpekmergen, A. Gowşudow, Ç. Aşyrow, Ş. Kekilow, H. Çaryýew, O. Täçnazarow, H. Derýaýew.

Garaja Burunow, Bazar Amanow. «Keýmir kör» pýesasy – 2 sagat.

Eseriň many-mazmuny. Keýmir körüň gahrymançylykly, pähim-parasatly keşbi.

Edebiýat teoriýasy. Drama barada düşünje.

30-njy ýyllarda edebiýata gelen ýazyjy-şahyrlar: N. Saryhanow, H. Şükürow, A. Nyýazow, B. Soltannyýazow, D. Haldurdy, P. Nurberdiýew, R. Seýidow, G. Seýitliýew, R. Alyýew. Bu ýazyjy-şahyrlaryň türkmen edebiýatyny ösüşiň täze basgançaklaryna galdyrmaklary.

Agahan Durdyýew. Ömri we döredijiligi – 2 sagat.

«Bally molla» hekaýasy. Eseriň temasy we ideýasy, mazmuny we çeperçiligi. Eserde maşgala, ahlak meselesiniň goýluşy. Ynsan häsiýetimdäki nogsanlyklaryň ýiti satiriki gülki arkaly paş edilişi.

Nurmyrat Saryhanow. Ömri we döredijiligi – 2 sagat.

N. Saryhanow – ynsanperwerlik pikirleri öňe süren ýazyjy.

«Şükür bagşy» powesti. Eseriň baş pikiri we temasy. Eserde türkmen saz sungatynyň waspy. Türkmen halkynyň saza, öz sungat wekillerine – ussatlaryna sarpasy, olaryň üstünligini il-ýurt abraýy, mertebesi bilen baglanyşdyrmagy.

Eseriň gahrymanlar ulgamy. Şükür bagşy we Gulam bagşy. Iki sungat wekiliniň häsiýetindäki, dünýägaraýyşlaryndaky, hereketlerindäki gapma-garşylyklar. Çolak batyr, Mämmetýar han, olaryň hereketleri, gep-sözleri, öňde goýan maksatlary babatda umumylyklary.

Şükür bagşy – halkyň halan ussady. Onuň kyn günde ruhlandyryjysy, armaçysy. «Şükür bagşy» kinoda.

Nurmyrat Saryhanow – ussat ýazyjy, ýalkymly watançy.

Edebiýat teoriýasy. Ýazyjynyň we gahrymanyň dili.

Türkmen edebiýaty Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda

Gysgaça syn – 1 sagat.

Kemal Işanow, Ata Nyýazow, Hoja Şükürow. Bu ýazyjylaryň şygyr, kyssa, drama eserleri.

N. Saryhanow, Ş. Kekilow, A. Kekilow, B. Kerbabaýew, A. Gowşudow, D. Haldurdy, P. Nurberdiýew, R. Seýidow, B. Seýtäkow, Ç. Aşyrow, R. Alyýew. Bu ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde söweş ýagdaýlarynyň we tylyň suratlandyrylyşy.

Şaly Kekilow. «Kareliýa jeňňelinde» goşgusy – 1 sagat.

Goşguda aldym berdimli söweş pursatlarynyň şahyrana beýany. Şahyryň duýgulary, urşuň ýowuzlygyny bermekde daş-töweregiň, tebigatyň görnüşleriniň peýdalanylmagy. Eserde joşgunly watançylyk, urşuň näletlenilişi.

Edebiýat teoriýasy. Janlandyrma hakynda düşünje.