Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
352
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572 Кб
Скачать
☆

XX asyr türkmen edebiýaty – 17 sagat. Türkmen watançylygy, Beýik Watançylyk urşy temasy

Durdy Gylyç. «Bökdemäň meni!» goşgusy – 1 sagat.

Durdy Gylyjyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.

«Bökdemäň meni!» goşgusy. Goşguda watansöýüjilik, mertlik, duşmana ýigrenç, hyjuwly duýgularyň çeper beýany. Eseriň ähmiýeti.

Pomma Nurburdiýew. «Ädigimiň ýoly» goşgusy – 1 sagat.

Pomma Nurberdiýewiň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.

«Ädigimiň ýoly» goşgusy. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan türkmen esgeriniň geçen söweş ýolunyň beýany. Türkmen ýigitleriniň dürli halklar bilen duşmana garşy bilelikdäki göreşiniň, agzybirligiň güýjüniň çeper suratlandyrylyşy. Watançylyk, gahrymançylyk duýgularynyň esger ädiginiň geçen ýoly arkaly çeper beýan edilmegi. Şahyryň ussatlygy.

Ata Atajanow. «Näbelli gahrymana» goşgusy – 1 sagat.

Ata Atajanowyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.

«Näbelli gahrymana» goşgusy. Türkmen esgeriniň ukrain topragyny duşmandan goramak ugrundaky söweşde wepat bolmagy. Gahryman türkmen esgeriniň hatyrasynyň belent tutulyşy.

Çary Aşyrow. «Ermeni gyzy» goşgusy – 1 sagat.

Çary Aşyrowyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.

«Ermeni gyzy» goşgusy. Goşguda pajygaly söweş pursatlary, ölüm bilen ömrüň serhedinde ýarymhuş ýatan esgeri batyr şepagat uýasynyň – ermeni gyzy Ninanyň halas etmegi. Şahyryň ermeni gyzyna minnetdarlygy, parahatçylyk döwründe ony ýatlamagy we gözlemegi. Goşguda halklaryň arasyndaky dostluk-doganlyk.

Berdinazar Hudaýnazarow. «Bilezik» goşgusy – 3 sagat.

“Ilkinji goşgy”. Ejesi ýogalan çaganyň başdan geçirýän duýgulary, ejesi barada goşgy bilen düzme ýazmagy. Eserde ynsan duýgularynyň çeper beýany.

“Kyrk üçünji ýylyň çöregi”. Goşguda Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda agyr durmuşyň beýany. Parahatçylyk döwrüň gadyryny bilmek.

«Bilezik». Türkmen gelin-gyzlarynyň gymmat bahaly şaý-seplerini fronta kömek üçin berişleri. Durmuşyň çylşyrymlylygy hakynda şahyrana pelsepe.

“Goşa derek”. Goşguda tebigata söýgi. Ynsan bilen tebigatyň arasyndaky baglanyşyk. Tebigaty goramak meselesi.

Gurbannazar Ezizow. Goşgular – 3 sagat.

«Soldat ýüregi», “Uruş”, “Bir dosty Kiýewde ýazyldy ýere...”. Goşguda urşuň ynsana getirýän pajygasynyň, watançylyk, mertlik, urşa ýigrenç duýgularynyň beýany.

Anna Paýtyk. «Ýurt eýesi» powesti – 3 sagat.

Anna Paýtygyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.

«Ýurt eýesi» powesti. Eserde uruş ýyllarynda ýarlaryna garaşyp, tylda zähmet çeken türkmen gelinleriniň keşbi. Eseriň baş gahrymany Arzygülüň işde we durmuşda nogsanlyklara batyrgaý garşy durmagy, adalaty gözlemegi. Söwer ýary Ilamanyň ojagyny öçürmezlik barada gürrüň çykanda, bu meseläniň çözgüdine özüçe çemeleşmegi. Daş-töwereginiň onuň hereketlerine dogry düşünmezligi. Başyna düşen pajygaly ölümden soň, onuň hereketlerine köpçüligiň garaýşy.

Ýylgaý Durdyýew. «Eneş» powesti – 3 sagat.

Powestde türkmen halkynyň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda başdan geçiren kynçylykly durmuşy. Halkyň Beýik Ýeňşe bolan ynamy, ruhubelentligi. Eseriň baş gahrymany Eneşiň entek ýaşdygyna garamazdan, syrkaw ejesiniň deregine demir ýol işgäri bolup işe durmagy. Garabaý aganyň adamlary ruhubelentlige, ýeňşe ynamlylyga ündeýän gürrüňleri.