Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
348
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572 Кб
Скачать
☆

Türkmen edebiýaty XX asyryň 60 – 80-nji ýyllarynda

Gysgaça syn – 1 sagat.

Bu döwürde poeziýa, proza žanrlarynyň ösüşi.

Ýetmişinji-segseninji ýyllarda edebiýata gelen ýazyjy şahyrlar.

Berdi kerbabaýew. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.

«Aýgytly ädim» romany.

Eseriň döreýşi, birnäçe gezek gaýtadan işlenip neşir edilmegi.

Hydyr Derýaýew. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.

«Ykbal» romany.

«Ykabalyň» 30-njy ýyllardaky keç ykbaly. Gaýtadan neşir edilen

wariantlary.

Beki Seýtäkow. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.

«Doganlar» romany.

Romanda XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda Türkmenistanyň demirgazygynda

bolup geçen taryhy wakalaryň suratlandyrylyşy.

Gylyç Kulyýew. Ömri we döredijiligi – 2 sagat.

«Gara kerwen» romany.

Eserdäki wakalaryň iňlis razwedkaçysy polkownik Çarlz Forsteriň adyndan gürrüň berlişi. Eserde iňlis razwedkasynyň türkmen topragynda alyp baran işleri we olaryň halk tarapyndan goldaw tapmandygy baradaky pikirler.

Gurbandurdy Gurbansähedow. Ömri we döredijiligi – 2 sagat.

«Toýly Mergen» romany.

Romanda adamkärçilik, ahlak meseleleriniň goýluşy. Toýly Mergeniň hojalyga ýolbaşçylyk eden döwri görüp-duýup bilmedik zatlaryna soňra brigada ýolbaşçylyk edende göz ýetirip başlamagy. Onuň aňynda, dünýägaraýşynda bolup geçýän özgerişlikler.

Ata Gowşudow. Ömri we döredijiligi – 3 sagat.

«Mähri – Wepa», «Köpetdagyň eteginde» romanlary, powestdir hekaýalary.

Ata Gowşudow – görnükli kyssaçy, ökde ýazyjy.

Edebiýat teoriýasy. Çeper eserde taryhylyk barada düşünje.

Çary Aşyrow. Ömri we döredijiligi – 2 sagat.

«Ganly saka» poemasy. Eserde gürrüňi edilýan wakalaryň ýazyjynyň öz durmuş, ömür terjimehaly bilen ýakynlygy.

Aman Kekilow. Ömri we döredijiligi – 2 sagat.

Aman Kekilow – ýazyjy, şahyr, alym.

«Söýgi» romany. Bu eýýamda türkmen edebiýatynda şygyr bilen ýazylan giň göwrümli eser – roman. Eserde durmuşylyk.

Edebiýat teoriýasy. Çeper obraz hakynda düşünje.

Gara Seýitliýew. Ömri we döredijiligi – 2 sagat.

Goşgular we poemalar .

Şahyryň söýgi lirikasy.

Gara Seýitliýew – aýdymçy şahyr.

Kerim Gurbannepesow. Ömri we döredijiligi – 2 sagat.

Goşgular. «Gumdan tapylan ýürek» poemasy.

Yşky-liriki temadan ýazan goşgulary. «Altyň biri», «Ýarap borka», «Gözellik», «Ýaşlyk dramasy». Goşgularda päk söýginiň, zenan gözelliginiň şahyrana waspy, öwüt-nesihat, juwan duýgularyň lezzeti, onuň hasratly ýatlama öwrülmegi.

Berdinazar Hudaýnazarow. Ýazyjynyň ömri we döredijiligi – 2 sagat.

Goşgulary, poemalary, romanlary, powestleri, hekaýalary.

Ýazyjynyň publisistikasy.

Edebiýat teoriýasy. Publisistika barada düşünje.

«Gumlular» romany.

Eserde uruş döwründäki türkmen durmuşynyň töwerekleýin berlişi.

Ýazyjynyň hekaýa etme, suratlandyrma, pikir ýöretme usullaryndan usstalyk bilen peýdalanyşy.

Mämmet Seýidow. Ömri we döredijiligi – 2 sagat.

«Durun mukamy» poemasy. Eserde türkmen saz sungaty, onuň ussatlary barada. Şamyrat Gurbannepesow, onuň türkmen saz äleminde ýeten ussatlygy.

Ata Atajanow. Ömri, döredijiligi – 2 sagat.

Goşgulary we poemalary.

«Teke gyzy Tatýana» romany.

Eserde Gökdepe söweşiniň beýan edilişi.

Eserde dokumentallyk, taryhylyk.

Täşli Gurbanow. Ömri we döredijiligi – 2 sagat.

«Sarygül», «Armanym» powestleri.

«Mahmal bägül» nowellasy. Eseriň baş gahrymany Suraýyň ykbalynyň çeper beýany. Mähriban ejesiniň ýogalmagy bilen onuň durmuşyndaky kynçylyklar. Eserde maşgala meselesi, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar, ata-enäniň we çaganyň mukaddesligi. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek meselesiniň orta atylyşy.

Edebiýat teoriýasy. Içgepletme we gepleşik hakynda düşünje.

Naryman Jumaýew. Ömri we döredijiligi – 2 sagat.

«Ýuwaş gelin» powesti. Eserde ýaş çatynjalar Jemşit bilen Selbiniň öz durmuşlaryny döwrebap gurmaga, döwrebap ýaşamaga we işlemäge synanyşyklary.

Gurbannazar Ezizow. Ömri we döredijiligi – 2 sagat.

Döwürdeş we halypa ýazyjy-şahyrlaryň G. Ezizowyň döredijiligine beren bahasy.

Goşgulary, poemalary.

«Eneme», «Eneler», «Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy!», «Dosta näçe serpaý etseň az ýaly...», «Seni söýdüm», «Gyzlaryma», «Iki agaç», «Sungat», «Myhmançylykda aýdylan tost» goşgulary. Goşgularda ynsan durmuşy, söýgi, birek-birege hormat-sarpa, ömrüň netijeli, many-mazmunly bolmalydygy, çaga, nesil dowamaty, öý-içeriniň abadan bolmagy baradaky süýji arzuwlaryň, çuňňur pelsepäniň çeper dilde beýan edilişi.

«Güýz», «Söýgi» sonetler çemeni. Eserlerde şahyryň ynsan ömri, durmuşy, olaryň manysy baradaky pelsepeleýin garaýyşlarynyň tebigat, ýaz hem güýz pasly ýaly düşünjeleriň üsti bilen şahyrana berlişi.

Edebiýat teoriýasy. Sonetler çemeni barada düşünje.