Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
348
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572 Кб
Скачать
☆

XX asyr türkmen edebiýaty – 17 sagat. Watançylyk, mertlik temasy

Agahan Durdyýew. «Bagtly ýigit» powestinden bölek – 3 sagat.

Agahan Durdyýewiň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.

«Bagtly ýigit» powesti barada. Lälik ösen, ejemogly Annagulynyň goşun gullugynda beden we akyl-paýhas taýdan kämilleşmegi, bagta ýetmegi.

Edebiýat teoriýasy. Çeper eserde ýazyjynyň we gahrymanyň dili.

Ata Gowşudow. «Gandym awçynyň maşgalasy» hekaýasy – 2 sagat.

Hekaýada watansöýüjiligiň ýokary ahlak sypaty derejesine göterilmegi. Gandym awçynyň keşbinde merdanalyk, watançylyk, paýhaslylyk, dogruçyllyk, ynsanperwerlik, duşmany ýigrenmek häsiýetleri.

Ata Durdyýew. «Keýmir kör» powesti (bölek) – 3 sagat.

Ata Durdyýewiň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.

«Keýmir kör» powesti. Eserde türkmen halkynyň taryhynda yz goýan şahsyýet Keýmir körüň parasatlylygynyň, ugurtapyjylygynyň, halkyna, Watanyna söýgüsiniň çeper beýany.

Atajan Tagan. «Uruş haçan gutarýar» hekaýasy – 3 sagat.

Atajan Taganyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.

Hekaýada uruş ýyllarynyň kynçylygy, ýeňşe bolan ynam.

Zähmet, durmuş we sowat-bilim temasy

Nurmyrat Saryhanow. «Kitap» hekaýasy – 2 sagat.

Hekaýanyň many-mazmuny. Eseriň baş gahrymany Welmyrat aganyň çeper keşbiniň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemine,paýhasyna, bilim ummanyna hormat, sarpa, söýgi esasynda döredilişi. Ýazyjynyň çeperçilik ussatlygy.

Edebiýat teoriýasy. Hekaýa we nowella barada düşünje. Nowellada öňe sürülýän pikiriň eseriň ahyryna çenli syr bolup galmagy.

Italmaz Nuryýew. «Täjikertikler» goşgusy – 1 sagat.

Goşguda zähmetiň, zähmetsöýerligiň joşgunly waspy.

Körmolla. «Palaw» goşgusy – 1 sagat.

Körmollanyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.

«Palaw» goşgusy. Goşguda türkmen milli tagamynyň biri bolan palawyň bişirilişiniň şahyrana beýany.

Kakabaý Ylýasow. «Daýhan häsiýeti» goşgusy – 1 sagat.

Goşguda ajaýyp daýhan häsiýetiniň ene toprak, tebigat bilen baglanyşyklylykda wasp edilmegi.

XX asyr türkmen edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek we umumylaşdyrmak – 1 sagat.

Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýaty – 8 sagat.

Gurbanguly Berdimuhamedow. Eserler.

«Älem içre at gezer» romanyndan bölek – 3 sagat.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni babatlarda ösdürmek ugrunda alyp barýan beýik işleri, çeper döredijiligi barada gysgaça maglumat.

«Älem içre at gezer» romany. Romanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garry atasy Anna aganyň we atasy Berdimuhamet Annaýewiň keşpleri, olaryň türkmen çagalaryna zamanabap bilim we terbiýe bermekdäki şahsy edermenlikleri.

Anna aganyň garry atasy Nepesaly baýyň doganoglany Ýazly yzçy we Kuwwat pälwan baradaky wakalarda paýhaslylyk, ugurtapyjylyk we edermenlik.

Edebiýat teoriýasy. Roman barada düşünje.

«Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» - 2 sagat.

Eserde türkmen behişdi bedewleri barada gyzykly maglumatlar, rowaýatlar. Olaryň terbiýeçilik ähmiýeti.

Gözel Şagulyýewa. «Sen ak atda, Gyratda» goşgusy - 2 sagat.

Goşguda türkmen halkynyň öz parasatly döwlet Baştutanyna – Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan söýgüsiniň çeper söz arkaly aňladylmagy.

Edebiýat teoriýasy. Goşgy ölçegleri.

Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek we umumylaşdyrmak – 1 sagat.