Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
349
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572 Кб
Скачать
☆

XVII asyr türkmen edebiýaty

XVII asyr türkmen edebiýatynyň şahyrlary we alymlary – Berhurdar türkmen, Garaja oglan, Sopy Allaýar, Bidil, Nurmuhammet Andalyp... Olar barada gysgaça maglumat.

Garaja oglan. Goşgular – 4 sagat.

Garaja oglanyň ömri we döredijiligi.

Goşgularynda il-ýurt, watançylyk: «Biziň illere», «Melewşe», «Aýralyk», «Alanlar hany?»; yşk-söýgi meselesi: «Jandan zyýada», «Gülüm bar diýe», «Senden zyýada», «Säher ýeli», «Gyrmyzy»; «Aýralyk», «Hoşlaşyk», «Aýyrdy», «Aglama!», «Pelek», «Zaman-da geldi». Olaryň manysy, durmuşlylygy hem täsirliligi.

Garajaoglanyň edebiýat meýdanyndaky orny.

Nurmuhammet Andalyp. Goşgular. Dessanlar – 10 sagat.

Nurmuhammet Andalybyň ömri we döredijiligi.

Andalybyň goşgulary, tahmyslary. Şahyryň şygyrlarynda taryh, ynsaperwerlik, öwüt-nesihat.

«Oguznama», «Nesimi», «Kyssaýy-Fyrgun» poemalary.

«Ýusup-Züleýha» dessany. Dessanyň döredilişi. «Ýusup-Züleýha» sýužeti, onuň nusgalary Gündogar edebiýatynda. Dessanda mukaddes söýgi, onuň haýyr hem şer işler bilen baglanyşdyrylyşy. Dessanda watançylyk, dogruçyllyk, parahatçylyk, adalatlylyk pikirleri.

Dessanyň gahrymanlar ulgamy. Ýusup-ýedi hak aşygyň biri, gözelligiň nusgasy. Ýusubyň obrazynyň rowaýata öwrülişi.

Dessanyň özboluşlylygy, ähmiýeti.

«Leýli-Mejnun» dessany. Dessanda wakalarynyň we gahrymanlarynyň taryhy. Onuň mazmuny we wepalylyk pikirleri. «Leýli-Mejnun» dessanynyň köp görnüşliligi. Andalybyň «Leýli-Mejnun» dessanynyň özboluşlylygy.

Dessanyň gahrymanlar ulgamy. Leýli. Onuň wepalylygy, durnuklylygy, salyhatlylygy. Leýli hem Şasenem. Mejnun. Onda söýgä wepalylyk, durnuklylyk. Onuň takdyra berilmek, ýazgyda ynanmak ýaly häsiýetleri. Mejnun hem Garyp

Dessanyň gurluşy, dili. Dessan bagşylaryň dilinde. «Leýli-Mejnun» biziň döwrümizde.

Nurmuhammet Andalyp – ussat dessançy.

Edebiýat teoriýasy. Edebiýatda däp we täzeçillik hakynda düşünje.

Türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça öwrenilenleri jemlemek we umumylaşdyrmak – 1 sagat.

Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýaty – 16 sagat.

Garaşsyzlyk eýýamynyň poeziýasy – 2 sagat.

Garaşsyzlyk eýýamynyň poeziýasy we poeziýa eserleri. Berdinazar Hudaýnazarow, Annaberdi Agabaýew, Atamyrat Atabaýew, Gözel Şagulyýewa, Sona Ýazowa, Bibi Orazdurdyýewa. Bu ýazyjy-şahyrlaryň poeziýa eserlerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, täze Galkynyş eýýamynyň taglymatynyň, öňe çykaran täze gymmatlyklarynyň şöhlelenişi.

Atamyrat Atabaýew. Goşgular we poemalar – 2 sagat.

Atamyrat Atabaýewiň döredijiligi.

«Garaşsyz» goşgusy. Goşguda 1991-nji ýylyň güýzünde berkarar bolan türkmen Garaşsyzlygyna guwanç hem-de buýsanç duýgulary. Bu goşgynyň türkmen Garaşsyzlygyna we türkmeniň ilkinji Garaşsyz döwletine bagyşlanan ilkinji eserleriň biri hökmündäki gymmaty.

«Dünýäniň hereketi bilimdir» poemasy. Şahyryň türkmen halkynyň bilime goýýan belent sarpasyny çeper formalaryň üsti bilen aňladyşy. Eseriň taglymy we çeperçilik aýratynlygy.

Gözel Şagulyýewa. Poemalar – 2 sagat.

Gözel Şagulyýewanyň döredijiligi.

«Ak kepderi», «Ak güller». Bu poemalarda şahyryň türkmen halkyny Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne ýetiren Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa halkyň adyndan edýän çäksiz alkyşlary. Eserlerdäki duýguçyllyk.

Garaşsyzlyk eýýamynyň prozasy – 1 sagat.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Älem içre at gezer» romanynyň “Hakdan içen mugallym” bölüminden bölek – 3 sagat.

Mekdep mugallymy Berdimuhamet Annaýewiň Paraw obasyndan dogduk mekany Yzganda daýdyp gelmegi, onuň ýatlamalara gümra bolşy, onda mugallymyň bilim, terbiýe baradaky içgepletmeleriniň üsti bilen bilim ulgamynyň suratlandyrylyşy, onuň bilim beriş işini guraýşy, ýaş nesli bilimli etmek, durmuşy gowulandyrmak baradaky arzuwlarynyň ýerine ýetirilişi. Hakdan içen hakyky mugallymyň çeper keşbiniň ýüze çykyşy. Onda belli-belli şahsyýetleriň edebi keşpleriniň beýany. Hakyky mugallymyň belent wezipesi, beýik adamkärçilik mertebesiniň ör boýuna göterilişi.

Garaşsyzlyk eýýamynyň sahna eserleri – 1 sagat.

Garaşsyzlyk eýýamynda türkmen sahna sungatynyň ösüşi.

Kakajan Aşyrow. «Däli Domrul» pýesasy – 3 sagat.

Pýesanyň «Gorkut ata» eposynyň boýlary esasynda ýazylmagy. Eserde goýulýan möhüm meseleler. Pýesanyň baýlaşmagyna ýardam eden ertekileriň, halk rowaýatlarynyň mazmunyndan alnan epizodik sahnalar.

Edebiýat teoriýasy. Ritoriki ýüzlenme barada düşünje.

Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek we umumylaşdyrmak – 2 sagat.