Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
352
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572 Кб
Скачать
☆

8 Sagat.

Ýatdan öwrenmek üçin hödürlenýän eserler:

A. Agabaýew. «Seýliň mübärek, ildeş!»

Türkmen halk döredijiliginden nusgalar.

Garaja oglan. «Biziň illere», «Gyrmyzy».

Musa Jelil. «Guşjagaz»

Taras Şewçenko. «Wesýet».

Sapakdan daşary okamak üçin hödürlenýän eserler:

Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer». – Aşgabat, 2011.

Türkmen şahyrana halk döredijiligi. – Aşgabat, 2003.

Gorkut ata. – Aşgabat, 1999.

Görogly. – Aşgabat, 1990.

Şasenem – Garyp. – Aşgabat, 1959.

Huýrlukga – Hemra. – Aşgabat, 1979.

Kowusnama. – Aşgabat, 1986.

Döwletmämmet Azady. – Aşgabat, 2011.

Musa Jelil. Moabit türmesinde ýazylan goşgular. – Aşgabat, 1966.

T. Şewçenko. Goşgular we poemalar. – Aşgabat, 1961.

R. L. Stiwenson. Hazynalar adasy. – Aşgabat, 1979.

Dünýä edebiýatyndan nusgalar. – Aşgabat, 2007.

VIII synp – 102 sagat

Giriş – 1 sagat.

Çeper edebiýat – söz sungaty, onuň adamzadyň ruhy baýlygy hökmündäki hyzmaty.

Dünýä akyldarlary, söz ussatlary çeper edebiýat barada.

Türkmen halk döredijiligi – 21 sagat.

Türkmen halk döredijiliginiň gadymylygy – 1 sagat.

Türkmen halk döredijiliginde halkyň isleg-arzuwlarynyň çeper hem-de döwrebap suratlandyrylyşy. Türkmen halk döredijiligi bilen Gündogar halklarynyň döredijiliginiň özara baglanyşygy, toplanylyşy we öwrenilişi.

Türkmen halk döredijiliginiň esasy görnüşleri: nakyllar, matallar, hüwdüler, sanawaçlar, ýaňyltmaçlar, aýdymlar, läleler, monjugatdylar, alkyşlar we ýagşy dilegler, ýomaklar, ýaremezanlar, küştdepmeler, tapmaçalar, ertekiler, rowaýatlar, şorta sözler, eposlar, dessanlar... barada maglumat.

Halk döredijiliginiň şygyr görnüşleri.

Nakyllar – 1 sagat.

Nakyllaryň dürli temalara bölünişi. Olarda Watan, ata-ene, dogan-garyndaş, dostluk, agzybirlik, zähmetsöýerlik, ahlak, ylym, bilim, sungat... barada aýdylýan parasatly pikirler, olaryň ähmiýeti.

Nakyllar hem-de atalar sözi. Nakyllaryň çeperçiligi.

Matallar – 1 sagat.

Matallaryň manysy, aýratynlygy we ähmiýeti.

Läleler – 1 sagat.

Läleleriň ýerine ýetirilişi taýyndan bölünişi, görnüşleri, düzülişi. Lälelerde ynsan duýgusynyň, durmuşynyň şahyrana berlişi.

Hüwdüler – 1 sagat.

Hüwdüleriň ýerine ýetirilişi, aýratynlygy. Olaryň çaga terbiýesindäki ähmiýeti.

Monjugatdylar – 1 sagat.

Monjugatdylaryň gadymylygy, aýratynlygy (aýdylýan wagty), ýerine ýetirilişi. Olaryň manysy, ähmiýeti.

Küştdepmeler – 1 sagat.

Küştdepmäniň döreýiş taryhy, ýerine ýetiriliş aýratynlygy, görnüşleri. Küştdepmelerde durmuş hakykatynyň çeper beýany.

Halk döredijiliginiň kyssa görnüşleri.

Ertekiler – 1 sagat.

Ertekiler, olaryň döreýşi, toparlara (haýwanlar hakyndaky, durmuşy, hyýaly) bölünişi, aýdylyş özboluşlylygy barada maglumatlar. Ertekiniň terbiýeçilik ähmiýeti.

«Düýe Bahaweddiniň ogly», «Mämmetjan», «Garybyň gyzy Güljahan», «Ejekejan» ertekileri. Ertekileriň durmuş esasy. Olarda ynsana mahsus bolmaly gowy gylyk-häsiýetler, zähmetsöýerlik, ugurtapyjylyk, ynamlylyk we beýleki häsiýet aýratynlyklary hakyndaky parasatly pikirleriň, ündewleriň beýan edilişi.

Dessanlar – 1 sagat.

Dessanlar, olaryň halkyň durmuşyny, däp-dessurlaryny, medeniýetini görkezmekdäki orny, ähmiýeti. Hyýaly we durmuşy dessanlar.

«Asly – Kerem» dessany – 2 sagat.

Dessanda päk söýgi, söýgä wepalylyk meseleleri.

«Gülpam» dessany – 2 sagat.

Dessanda Soltansöýün Baýkaranyň, Alyşir Nowaýynyň, Gülpamyň keşpleri, pähim-paýhaslylyk häsiýetleriniň gyzykly wakalaryň üsti bilen açylyp görkezilişi.

Eposlar – 1 sagat.

Eposlar. «Oguznama», «Ergenokon», «Syrak», «Gorkut ata», «Görogly» eposlary barada.

«Oguznama» eposy – 2 sagat.

Eposda halkyň taryhy, il-ýurt bilen bagly wakalaryň beýan edilişi. «Oguznamanyň» dürli nusgalary.

«Gorkut ata» eposy – 2 sagat.

«Gorkut ata» oguz türkmenleriniň gahrymançylykly eposydyr. Eposda il-ýurduňy, ata-eneňi söýmek, arly-namyslylyk, edep-ekramlylyk we beýleki meseleleriň çeper beýany.

«Görogly» eposy – 2 sagat.

Eposda türkmen halkyna mahsus ajaýyp gylyk-häsiýetleriň, däp-dessurlaryň aýdyň beýan edilişi, türkmen agzybirliginiň, watançylygynyň görkezilişi.

«Kyrk müňler», «Bezirgen» şahalary.

Eposyň halk arasynda söýlüp okalyşy, meşhurlygy.

Türkmen halk döredijiligi boýunça öwrenilenleri jemlemek we umumylaşdyrmak – 1 sagat.