Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
349
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572 Кб
Скачать
☆

XI synp – 68 sagat.

Giriş – 1 sagat.

Çeper edebiýat, onuň häsiýetli aýratynlyklary, maksady we wezipesi.

Ýurdumyzyň jemgyýetçilk-syýasy ösüşiniň edebiýatda, sungatda şöhlelendirilişi.

Türkmen edebiýaty öwreniş ylmy, geçen ösüş ýoly – 2 sagat.

Gadymy türkmen akyldarlarynyň edebiýat barada, eserleriň gurluşy, çeperçilik mazmuny barada ýöreden pikirleri, klassyk şahyrlaryň söz sungatyna bagyşlanan dana setirleri. Magtymguly Pyragy, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp, Abdylla Şabende, Şeýdaýy, Gaýyby. Bularyň eserlerinde edebiýata, söz sungatyna dahylly maglumatlar, garaýyşlar we pikirler.

Türkmen edebiýat ylmynyň XX asyrdaky we häzirki zamandaky ösüşleri, türkmen edebiýatşynaslyk ylmynyň görnükli wekilleri. Ata Kerimow, Aman Kekilow, Baýmuhammet Garryýew, Mäti Kösäýew, Öde Abdyllaýew, Abdylla Myradow, Saýlaw Myradow, Bäşim Şamyradow, Hanguly Taňryberdiýew, Nargylyç Hojageldiýew, Jora Allakow, Ahmet Bekmyradow, Durdymuhammet Nuralyýew, Nazar Gullaýew, Ahmet Mämmedow. Bularyň döreden edebiýatşynaslyk eserleriniň, ylmy monografiýalarynyň, edebi synlarynyň, edebiýat ylmyna (teoriýasyna) degişli işleriniň türkmen edebiýatynyň ösüşine eden täsiri.

Türkmen milli edebiýatşynaslyk ylmynyň häzirki zamandaky ösüşleri, bu döwrüň türkmen edebiýatşynaslyk ylmynyň görnükli wekilleri. Jora Allakow, Gurbandurdy Geldiýew, Ahmet Mämmedow, Kakajan Ataýew. Bularyň Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýatynyň we edebiýatşynaslyk ylmynyň ösmegine täsir eden eserleri.

XX asyr türkmen edebiýaty (1991-nji ýyla çenli) – 13 sagat.

XX asyryň başyndaky (20-nji ýyllara çenli) türkmen edebiýaty. Türkmen edebiýaty XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda – 2 sagat.

Täze edebi žanrlar, çeper terjime, goşgy düzüliş formalary.

Türkmen edebiýaty Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda. Şygyr, kyssa, drama eserleri – 2 sagat.

Türkmen edebiýaty Beýik Watançylyk urşundan soňky döwürde – 2 sagat.

Türkmen edebiýaty XX asyryň 60 – 80-nji ýyllarynda. Bu döwürde poeziýa, proza žanrlarynyň ösüşi. Türkmen edebiýatyna täze öwüşginleriň, täze pikirleriň, täze formalaryň gelmegi. Ýetmişinji-segseninji ýyllarda edebiýata gelen ýazyjy şahyrlar.

Türkmen dramaturgiýasynyň ösüşi – 1 sagat.

Guseýn Muhtarow. Ömri, döredijiligi – 2 sagat.

«Allan aganyň maşgalasy» pýesasy.

Pýesada türkmen maşgalasynda bolup geçýän durmuşy wakalaryň çeper beýany. Allan aganyň halal, parasatly keşbi. Maşgalanyň abraýyny saklamak ugrunda göreş.

Türkmenistanly rus ýazyjylarynyň döredijiligi – 1 sagat.

Aleksandr Aborskiý, Walentin Rybin, Pawel Karpow, Ýuriý Below, Ýuriý Rýabinin, Wasiliý Şatalow, Wadim Zubarýew we beýlekileriň döreden eserleri barada gysgaça maglumat.

Türkmen edebiýatynda çeper terjime - 1 sagat.

Çeper terjimäniň ähmiýeti.

Türkmenistanda çeper terjimäniň ösüşi.

Berdi Kerbabaýew, Bäşim Ataýew, Baýram Welmyradow, Çary Aşyrow, Anna Muhadow, Annaly Berdiýew we beýlekileriň Türkmenistanda çeper terjimäniň ösüşine goşan goşantlary.

Edebiýaty öwreniş ylmy we edebi tankyt – 2 sagat.

Edebiýaty öwreniş ylmy. Edebiýatçy alymlar Mäti Kösäýew, Baýmuhammet Garryýew, Aman Kekilow we beýlekileriň türkmen edebiýatyny öwrenmekde, türkmen edebi mirasyny toplamakda we halka ýetirmekde bitiren işleri. Olaryň ýaşan, işlän döwri, durmuş we döredijilik ykballary barada.

Edebi tankyt. Türkmenistanda edebi tankydyň ösüşi. Edebiýat tankytçylary Öde Abdyllaýew, Abdylla Myradow, Saýlaw Myradow, Hanguly Taňryberdiýew, Jora Allakow we beýlekileriň edebi tankydy, türkmen edebiýatyny ösdürmekdäki hyzmatlary.