Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
349
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572 Кб
Скачать
☆

Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýaty – 16 sagat.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyzlyk eýýamynda türkmen edebiýatynyň ösmegi ugrunda amala aşyrýan taýsyz tagallalary – 1 sagat.

Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty – 3 sagat.

Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýatynyň ösüşine syn. Täze formalar, galyplar, taglymy-tematiki aýratynlyklar. Poeziýada, prozada, çeper publisistikada, dramaturgiýada, kino sungatynda ýetilen üstünlikler.

Bu döwrüň öňdebaryjy döredijilik wekilleri.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre

at gezer» romany – 4 sagat.

Eserde durmuşy keşpleri döretmekdäki we ynsan ykballaryny yzarlamakdaky ussatlyk. Eseriň ýordum we gurluş aýratynlygy. Dil baýlygy. Halkyň psihologiýasynyň açylyp görkezilişi. Žanr, forma taýdan kämilligi.

«Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk». Eserden bölek - 2 sagat.

Bu eserde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz esger, mugallym, ilhalar ynsan bolan atasy Berdimuhamet Annaýewiň türkmen iliniň berkararlygy barada eden arzuwlaryny amala aşyryşy baradaky gürrüňler. Keşpler.

Garaşsyzlyk eýýamynyň poeziýa eserleri – 1 sagat.

Garaşsyzlyk eýýamynyň proza eserleri – 1 sagat.

Garaşsyzlyk eýýamynyň drama eserleri – 1 sagat.

Garaşsyzlyk eýýamynyň opera eserleri – 1 sagat.

Garaşsyzlyk eýýamynyň kino eserleri – 1 sagat.

Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty boýunça öwrenilenleri

jemlemek. Tejribe işleri – 1 sagat.

Dünýä edebiýatyndan nusgalar – 19 sagat

«Manas». Gyrgyz halk eposy – 2 sagat.

Eposda perzent, il-ýurt, gahrymançylyk meseleleriniň beýan edilişi, žanr hem-de forma aýratynlyklary, ýordum, gurluş babatdaky umumylyklar we özboluşlylyklar.

Eposda türkmen halk eposlaryndaka meňzeş käbir wakalaryň, pikirleriň gabat gelmegi.

Şemseddin Muhammet Hafyz. Gazallar – 2 sagat.

Hafyzyň ömri we döredijiligi. Şahyryň Gündogar edebiýatynda gazallary bilen meşhurlygy. Onuň gazallarynyň aýdyma öwrülişi, çeperçilik serişdeleri.

«Men çykdym daň säher bägül ýygmaga», «Şirazly türki janan bize bir nazar salsa» gazallary.

Aleksandr Sergeýewiç Puşkin, rus şahyry. Goşgular – 2 sagat.

A. S. Puşkin rus klassyk edebiýatynyň düýbüni tutujy. Şahyryň rus poeziýasyna we prozasyna getiren düýpli täzelikleri.

«Enekäme». Goşguda ynsanperwerlik, şahyryň öz enekesine mähir we söýgä ýugrulan tarypnamasy.

«Gyş gijesi». Tebigatyň çeper aňladylan keşbi. Goşguda duýguçyllyk, çeperçilik ussatlygy.

«Ädikçi» (tymsal). Eserde her kimiň diňe öz bilýän, baş çykarýan zady barada maslahat bermeginiň ýerlikli boljakdygy hakda ädikçiniň keşbiniň üsti bilen gürrüň edilmegi.

«Jeňňel ygşyldaýar...» Durmuşda her bir zada örän seresap çemeleşmelidigi, ýogsam soň düzedip bolmajak ýagdaýlaryň üstünden barmagyň mümkindigi baradaky pikiriň tebigat hadysalarynyň, sarç sugunyň hereketiniň üsti bilen berlişi.

Türkmen klassyky edebiýatyna Hafyzyň täsiri.

«Kalila we Dimna» eposyndan bölek. «Ýolbars we öküz» - 2 sagat.

«Pançatantra» («Bäş kitap») atly gadymy hindi eposy. Onuň esasy kitaby bolan «Kalila we Dimnanyň» Ibn al Mukaffa tarapyndan VIII asyrda pehlewi dilinden arap diline terjime edilişi.

Gadymy türkmen-hindi gatnaşyklary. «Kalila we Dimnanyň» VI asyrda Sasaniler döwletiniň şasy Anuşirwanyň tagallasy bilen Türkmenistana aralaşmagy. Eposyň öwüt-nesihat mazmuny, gyzykly ertekilere, rowaýatlara baýlygy.

«Ýolbars we öküz». Bu bapda iki dostuň arasyny bir ýalançynyň bozuşy barada söhbet.

Abaý Kunanbaýew, gazak şahyry. «Isgender» poemasy – 2 sagat.

«Isgender». Poemada Isgender patyşanyň basybalyjylykly ýörişleri. Baýlykdan, şan-şöhratdan gözüniň doýmaýşy, men-menligi we soňra bir şähere (Allanyň dergähine barylýan şähere) baryp, oňa giribilmän, yza tesişi. Eserde ynsan ömrüniň, ene topragyň ähli baýlykdan, altyn-kümüşden gymmatlygynyň ündelişi.

Migel de Serwantes Saawedra, ispan ýazyjysy. «Don Kihot» romany (1-2-nji bölüm) – 4 sagat.

M. Serwantesiň ömri we döredijiligi. Serwantes – Täzeden döreýiş döwrüniň wekili.

«Don Kihot» romanynda ynsanperwerlik pikirleri. Päk ýürekli, sada, adamkärçilikli Don Kihotyň adamlara kömek etjek bolup, özüniň gülkünç ýagdaýlara düşmegi. Onuň ýarag göteriji hyzmatkäri Sanço Pansonyň gülkünç keşbi.

«Don Kihot» atly eseriň Ýewropada roman žanrynyň ösmegine täsiri.

Oskar Waýld, iňlis ýazyjysy. «Garasöýmez äpet» - 1 sagat.

Bagynda oýnaýan çagalary kowandygy üçin howlusyna, bagyna ýaz gelmeýän äpet adamyň öz ýalňyşyna düşünmegi.

Frenk Baum, amerikan ýazyjysy. «Oz şäheriniň jadygöýi» - 2 sagat.

Daroti atly gyzjagazyň Toto atly iti bilen birlikde öýüniň tupanda uçup gidişi. Onuň Garantgy, Demir agaç çapyjy, gorkak Ýolbars bilen dost bolşy. Olaryň birek-birege kömek edip, kynçylyklary ýeňip geçişleri. Dostluk temasynyň eseriň içinden eriş-argaç bolup geçmegi.

Edebiýat okuw dersi boýunça öwrenilenleri jemlemek we umumylaşdyrmak – 2 sagat.

Okuw maglumatlaryny özleşdirmek üçin jemi – 56 sagat.

Labyzly okuw we sözleýiş dilini ösdürme sapaklary – 2 sagat.

Düzme, annotasiýa, syn ýazmak üçin – 10 sagat.

Okuw maglumatlaryny çuňňur özleşdirmek üçin hödürlenýän eserler:

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Ähli eserleri.

Aman Kekilow. «Edebiýat teoriýasy». I, II neşirler.

Öde Abdyllaýew. «Edebiýat teoriýasynyň esaslary».

Jora Allakow. «Prozamyzyň gözlegleri».