Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
341
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572 Кб
Скачать
☆

XX asyr türkmen edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek we umumylaşdyrmak – 1 sagat. Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýaty – 8 sagat.

Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty barada – 1 sagat.

Bu eýýamda türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolşy, bu eýýamyň edebiýatynda türkmen edebiýatynyň ölmez-ýitmez temalary bolan watançylyk, ynsanperwerlik, halallyk, päk zähmet temalarynyň täzeçe öwüşginde beýan edilişi.

«Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Gysgaça terjimehal» kitapdan bölek - 2 sagat.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur we baý many-mazmuna eýe bolan terjimehaly.

Edebiýat teoriýasy. Terjimehal (biografiýa) barada düşünje.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. «Janly rowaýat». Eserden bölek – 2 sagat.

Hormatly Prezidentimiziň bu eserinde türkmen halylary, olary dokan türkmen gelin-gyzlary, ene-mamalary barada döredilen rowaýatlary toplamagy. Jemal atly halyçy gyz hakynda rowaýat.

«Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk». Eserden bölek - 2 sagat.

Bu eserde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň esger, mugallym, ilhalar ynsan bolan atasy Berdimuhamet Annaýewiň türkmen iliniň berkararlygy barada eden arzuwlaryny amala aşyryşy baradaky gürrüňler. Keşpler.

Edebiýat teoriýasy. Çeper eseriň temasy we ideýasy.

Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek we umumylaşdyrmak – 1 sagat.

Dünýä edebiýatyndan nusgalar – 12 sagat.

Dünýä edebiýaty barada düşünje – 1 sagat.

Aleksandr Sergeýewiç Puşkin, rus ýazyjysy. «Balykçy we balyjak hakynda erteki» - 3 sagat.

Ertekiniň many-mazmuny. Garry balykçynyň tylla balygy tutuşy, balykçynyň aýaly garry kempiriň betnebisligi zerarly tylla balygyň ony hemme beren zatlaryndan mahrum edişi. Eserde açgözlügiň, zorlugyň paş edilişi.

Grimm doganlar, nemes ýazyjylary. «Bremen sazandalary» - 1 sagat.

Ertekide dostluk, birek-birege kömek etmek, adamkärçilik we agzybirlik bilen kynçylyklary ýeňip geçmek pikirleri. Bu pikirleriň eşek, it, pişik, horaz ýaly haýwanlaryň hereketleriniň üsti bilen nygtalyşy.

Şarl Perro, fransuz ýazyjysy. «Ädikli pişik» - 2 sagat.

Ertekide kyn ýagdaýa düşen hojaýyny Markiz Karabasa pişigiň öz ugurtapyjylygy bilen kömek edişi. Pişigiň pähim-paýhasy bilen Adamhory syçana öwrüp iýmegi we öz hojaýynynyň şa gyzyna öýlenmegine kömek edişi.

Redýard Kipling, iňlis ýazyjysy. Ertekiler. «Piljagaz», «Maugli» - 2 sagat.

«Piljagaz». Ertekide piljagazyň bilesigelijiligi, onuň duçar bolan wakalary.

«Maugli». Maugliniň haýwanlaryň içinde kemala gelşi. Haýwanlaryň üsti bilen adamlaryň dürli häsiýetleriniň görkezilişi.

Oskar Waýld, iňlis ýazyjysy. «Garasöýmez äpet» - 1 sagat.

Bagynda oýnaýan çagalary kowandygy üçin howlusyna, bagyna ýaz gelmeýän äpet adamyň öz ýalňyşyna düşünmegi.

Frenk Baum, amerikan ýazyjysy. «Oz şäheriniň jadygöýi» - 1 sagat.

Daroti atly gyzjagazyň Toto atly iti bilen birlikde öýüniň tupanda uçup gidişi. Onuň Garantgy, Demir agaç çapyjy, gorkak Ýolbars bilen dost bolşy. Olaryň birek-birege kömek edip, kynçylyklary ýeňip geçişleri. Dostluk temasynyň eseriň içinden eriş-argaç bolup geçmegi.

Dünýä edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek we umumylaşdyrmak

– 1 sagat.

Eserleri öwrenmek üçin – 76 sagat.

Labyzly okuw we sözleýiş dilini ösdürme sapaklary – 12 sagat.

Beýannama ýazmak – 6 sagat.

Okuwçylaryň özbaşdak okan eserleri boýunça gürrüň sapaklary – 8

sagat.

Ýatdan öwrenmek üçin hödürlenýän eserler:

«Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Gysgaça terjimehal» eserinden bölek.

Türkmen halk ertekilerinden, matallardan, tapmaçalardan, ýaremezanlardan, sanawaçlardan, ýaňyltmaçlardan, lälelerden, hüwdülerden, nakyllardan nusgalar.

Magtymguly. «Türkmeniň».

Kemine. «Orazym».

Seýitnazar Seýdi. «Sen, çölüň!»

Mätäji. «Bugdaý».

R. Seýidow. «Awçy, atma jereni!»

G. Seýitliýew. «Ene ýüregi».

B. Hudaýnazarow. «Mugallym».

K. Gurbannepesow. «Daglar».

G. Ezizow. «Türkmen sährasy».

Sapakdan daşary okamak üçin hödürlenýän eserler:

«Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Gysgaça terjimehal». – Aşgabat, 2007.

Gurbanguly Berdimuhamedow. «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, Halky söýmek bagtdyr». – Aşgabat, 2007.

Ýedigenim – ýedi ýyldyz. I, II kitaplar.

Hüwdüler, matallar, sanawaçlar, ýaňyltmaçlar. – Aşgabat, 1989.

Türkmen halk matallary. – Aşgabat, 2005.

Türkmen halk ertekileri. 3 tomluk. I tom. Haýwanlar hakyndaky ertekiler. – Aşgabat, 1978.

Türkmen halk ertekileri. 3 tomluk. II tom. Jadyly ertekiler. – Aşgabat, 1979.

Türkmen halk ertekileri. 3 tomluk. III tom. Durmuşy ertekiler. – Aşgabat,

1980.

Türkmen halk ertekileri. Mekdep kitaphanasy. – Aşgabat, 2004.

Türkmen halk ertekileri. – Aşgabat, 2007.

Türkmen halk ertekileri. – Aşgabat, 2011.

H. Ysmaýylow. Saýlanan eserler. – Aşgabat, 1990.

A. Gowşudow. Dordepel. – Aşgabat, 1961.

Ç. Aşyrow. Ekizler. – Aşgabat, 1977.

G. Ezizow. Saýlanan eserler. 2 tomluk. I tom. – Aşgabat, 1995.

Grimm doganlar. Bremen sazandalary. – Aşgabat, 1958.

Şarl Perro. Ädikli pişik. Ertekiler. – Aşgabat, 1965.

Redýard Kipling. Maugli. – Aşgabat, 1988.

Dünýä edebiýatyndan nusgalar. – Aşgabat, 2007.