Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
349
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572 Кб
Скачать
☆

XX asyr türkmen edebiýaty boýunça geçilenleri jemlemek - 1 sagat.

Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty

(1991-Nji ýyldan bäri) – 6 sagat.

Garaşsyzlyk eýýamynda türkmen edebiýatynyň ösüşi – 1 sagat.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Älem içre at gezer” romany – 2 sagat.

Berdimuhamet Annaýewiň uruşdan maýyp bolup gelendigine seretmezden, ýene-de ykbalyna öwrülen kärine dolanyp barşy, okuwçylaryň her biriniň ony agasy, howandary ýaly kabul edişi, onuň özüniň we magalasynyň uruş ýyllarynda çagalara howandarlyk göz bilen garaýşy, mekdepde pedagogik düzüminiň oňyn çözülişi hem-de halypa mugallymyň ýaş kärdeşlerine beren sapaklarynyň beýany.

Baş gahrymanyň watana, ojaga hem-de kärine wepalylygy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen bedewleri” atly eseri - 2 sagat.

Eserde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmeniň uçar ganaty bolan bedewler barada taryhy, publisistik pikir ýöretmeleri. Eserde getitilýän maglumatlaryň taryhy taýdan anyk we ygtybarly bolmagy.

Garaşsyzlyk eýýamynda türkmen edebiýaty boýunça geçilenleri

jemlemek -1 sagat.

Dünýä edebiýatyndan nusgalar – 5 sagat.

Dünýä edebiýatyna giren ýazyjy-şahyrlar we eserler barada – 1 sagat.

Çingiz Aýtmatow, gyrgyz ýazyjysy. «Jemile» powesti – 2 sagat.

Ç. Aýtmatowyň ömri, döredijiligi. Ýazyjynyň eserlerinde şahsyýetiň aňynda bolup geçýän özgerişleriň, onuň ahlak päkligine ymtylyşynyň görkezilişi.

«Jemile» powesti. Eserde Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda işlän adamlaryň zähmet edermenlikleri, ruhubelentlikleri. Adamlaryň aňynda köne düşünjeler bilen täze zamanabap pikirleriň göreşi.

Sergeý Ýesenin. Goşgular – 2 sagat.

S. Ýeseniniň ömri, döredijiligi.

«Käbäm enem, oýar meni ir bilen!», «It çagasy», «Ejemden hat» goşgulary. («Pars äheňleri» goşgular toplumyndan).

Eserleri öwrenmek üçin jemi – 60 sagat.

Labyzly okuw we sözleýiş dilini ösdürme sapaklary – 2 sagat.

Annotasiýa, düzme ýazmak üçin – 6 sagat.

Ýatdan öwrenmek üçin hödürlenýän eserler:

Aman Kekilow. «Söýgi» romanyndan bölek.

Gara Seýitliýew. «Gaşy sürmeli».

Kerim Gurbannepesow. «Ýaşlyk dramasy».

Mämmet Seýidow. «Durun mukamy» poemasyndan bölek.

Gurbannazar Ezizow. «Seni söýdüm», «Myhmançylykda aýdylan tost».

Annaberdi Agabaýew. «Oswensim owazlary» poemasyndan bölek.

Halyl Kulyýew. «Bahar buşlukçysy», «Ene hüwdüsi».

Aleksandr Twardowskiý. «Wasiliý Týorkin» poemasyndan bölek.

Sapakdan daşary okamak üçin hödürlenilýän eserler:

Gurbanguly Berdimuhamedow. Älem içre at gezer. – Aşgabat, 2011.

A. Gowşudow. Perman. – Aşgabat, 1989.

A. Kekilow. Söýgi. – Aşgabat, 1963.

K. Gurbannepesow. – Aşgabat, 2011.

G. Ezizow. Saýlanan eserler. – I – II tomlar. – Aşgabat, 1995 – 1996.

T. Gurbanow. Sarygül. Powestler we hekaýalar. – Aşgabat, 1967.

G. Abaşidze. Uzaga çeken tümlük. – Aşgabat, 1979.

Ç. Aýtmatow. Jemile.

R. Gamzatow. Ýüregim daglardadyr. – Aşgabat, 1986.

S. Ýesenin. Goşgular we poemalar. – Aşgabat, 1968.

Dünýä edebiýatyndan nusgalar. IV. – Aşgabat, 2007.