Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
349
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572 Кб
Скачать
☆

IX synp – 102 sagat

Giriş – 1 sagat.

Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen edebiýaty barada.

XVIII asyr türkmen edebiýaty – 29 sagat.

Gysgaça syn – 1 sagat.

XVIII asyrda Türkmenistanda jemgyýetçilik-syýasy ýagdaý, ykdysady we medeni durmuş. Bu döwrüň türkmen edebiýatynda milli döwletiň hem döwletliligiň ruhy binýadynyň goýlup başlanmagy (Döwletmämmet Azady. «Wagzy-azat» poemasy; Magtymguly. «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Döker bolduk ýaşymyz» goşgulary; Şeýdaýy. «Gözel ýigrimi bäş», «Saýran tillerim», «Türkmeniň ahwaly» goşgulary), goňşy halklar bilen edebi gatnaşyklar.

Magtymgulynyň edebi mekdebi, gazalçylyk, dessançylyk edebi däpleri. Bu ugurlar boýunça eser ýazan klassyk şahyrlar: Azady, Magtymguly, Şabende, Gaýyby, Magrupy we olaryň döredijiligi.

Döwletmämmet Azady. «Wagzy-azat» eseri – 2 sagat.

Azadynyň ömri. Azady — beýik şahyr Magtymgulyny terbiýeleýji.

«Wagzy-azat». Gysgaça syn. Eseriň baplary. Olarda il-ýurt, agzybirlik, döwlet we onuň adalatly şasynyň bolmagy baradaky pikirler. Baýlyk, garypyk, perzendiň ata-enäniň öňündäki borçlary, ylym hem alymlar barada.

«Wagzy-azadyň» dili, gurluşy, onuň edebiýat taryhyndaky orny.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Döwletmämmet Azada goýulýan sarpa we onuň eserleriniň dünýä ýurtlaryna ýaýraýşy.

Edebiýat teoriýasy. Mesnewi hakynda düşünje.

Magtymguly Pyragy. Goşgular – 6 sagat.

Magtymgulynyň ömri we döredijiligi. Magtymguly we Gündogar edebiýaty.

Durmuşy, öwüt-nesihat, ahlaky goşgular. «Gözýaşyn döke başlady», «Janyna degmez», «Kyly-kal bolar», «Durasyň geler», «Çilimkeş», «Nas atan», «Gybatkeş», «Şör biläni», «Çykmaýan ärden», «Iliňni», «Il ýagşy», «Har bolar», «Bolar sen», «Paş eder seni», «Delalat ýagşy», «Salar guşun aňlamaz», «Ýaraşmaz», «Aýrylma!», «Käre döndi», «Bagyşla bizni», «Ajap eýýam gelmedi».

Watançylyk, gahrymançylyk goşgulary. «Türkmeniň», «Ýeli Gürgeniň», «Hasar dagyndadyr», «Çowdur han», «Depe nedir, düz nedir?», «Öňi-ardy bilinmez», «Başy gerekdir», «Döker bolduk ýaşymyz», «Gözlärmen», «Mala seretmez», «Mert olmaz».

Yşk-söýgi temasy. «Gülzardan aýryldym», «Boýlaryňa», «Gözüm düşdi», «Uýat eýleýir».

Magtymgulynyň eserleriniň dili we çeperçiligi.

Magtymguly we halk döredijiligi.

Magtymguly we bagşylar.

Magtymguly – türkmen şahyrlarynyň halypasy.

Magtymgulynyň öwrenilişi. Magtymguly dünýä halklarynyň, alymlarynyň, ýazyjylarynyň dilinde. Magtymgulynyň türkmen edebiýatynyň we dünýä edebiýatynyň ösüş taryhyndaky orny.

Magtymgulynyň sarpasy, adynyň ebedileşdirilmegi.

Edebiýat teoriýasy. Edebiýatyň halkylygy.

Abdylla Şabende. Goşgular. «Gül – Bilbil» dessany – 4 sagat.

Şabendäniň ömri we döredijiligi.

Öwüt-nesihat, ahlak temasyndan şygyrlary: «Kim biler?», «Aşy bolmasa», «Ynsan ugraşsa», «Haty ýagşydyr».

Yşk-söýgi temasyndan goşgulary: «Gözelim», «Peri gördüm», «Jepa eýledi», «Meňli», «Dört gözel», «Tylla, seniň yşkyňda!».

Aýdyşyk-tapmaça şygyrlary: «Dagy bäş», «Wallasy kyrk».

Goşgularda öwredijilik, çeperçilik, duýguçyllyk.

«Gül – Bilbil», «Şabährem», «Hojamberdi han» dessanlary.

«Gül - Bilbil» dessany, onuň many-mazmuny. Dessanda Bilbiliň, Gülüň, Sala begiň,Galandaryň we Zeliliniň obrazlary. Dessanda gahrymançylyk, watançylyk, söýgi, adamzat pähiminiň waspy.

Dessanyň dili, gurluşy, çeperçiligi, ähmiýeti. «Gül - Bilbil» dessany we bagşylar.

Şabende – türkmen edebiýatynda gahrymançylyk pikirleri öňe süren ussat dessançy şahyr.

Şeýdaýy. Goşgular. «Gül – Senuber» dessany – 4 sagat.

Şeýdaýynyň ömri we döredijiligi.

«Türkmeniň ahwaly», «Gözel ýigrimi bäş», «Saýran tillerim» goşgularynda türkmeniň taryhy, dili, medeniýeti baradaky oýlanmalary. «Sizleri», «Höwwez-hutdyny» ýaly goşgularda türkmeniň taryhy, dili, oguzlar barada birnäçe gyzykly maglumatlaryň beýany.

Durmuşy, pelsepeleýin ahlaky temalardan: «Bazyn tanymaz», «Mestanadyr», «Begler», «Daň atmazdan burun», «Dert iňňildär». Bu goşgularda terbiýeçilik, öwüt-nesihat, sowada-bilime, alymlara sarpa goýmaga, olary dost tutunmaga ündew.

Yşk-söýgi temasyndan: «Şirin dilli jenanym», «Biri peridir», «Perizadymyň», «Gelin», «Näzler bilen», «Ýaranlar», «Söwdügim». Goňşularda duýguçyllyk, gyz-gelinleri taryp etmekde Gündogar şygryýetinde däp bolan ýörelgeler, däp bilen täzeçilligiň, durmuşylygyň özara garyşyp-gatyşmasy. Goşgulardaky gözellik.

Aýdyşyk (sorag-jogap) goşgulary: «Çagy bardyr», «Pudagy bäş», «Kaýsydyr?». Bu goşgularda Şeýdaýynyň öz döwürdeşi Myrat şahyra ebjet hasabynda düzülen goşgy setirleri bilen sorag berşi, Balhdan Nigär şahyryň ýazyp ýollan soraglaryna Hywadan jogap ýazyp ibermegi. Goşgularda Şeýdaýynyň sowatlylyk, bilim, ylym baradaky garaýyşlary.

«Gül – Senuber» dessany. Dessanda päk söýgi, wepalylyk, mertlik Senuberiň ruhubelentlik, ugur tapyjylyk häsiýetleri bilen hyýaly güýçlerden üstün çykyşy we öz maksadyna ýetmegi – Gül perizada gowuşmagy. Gülüň hem Senuberiň çeper obrazlary. Ziweriň, Mähreňgiziň obrazlary. Dessanda wepalylygyň waspy. Dessanyň dili we gurluşy.

Şeýdaýy – klassyk şahyr.

Edebiýat teoriýasy. Nezire hakda düşünje.

Mahmyt Gaýyby. Goşgular. «Otuz iki tohum kyssasy» - 3 sagat.

Mahmyt Gaýybynyň ömri we döredijiligi. Gaýyby – Gündogaryň gazalçylyk däplerini dowam etdiriji. Goşuk, bäşleme, mesnewi görnüşinde ýazan goşgulary.

«Gelende bardyr». Bu goşgynyň döreýiş taryhy hakyndaky rowaýat. Şahyryň saz hem söz sungatyny halas etmekdäki uly hyzmaty. Eserde aýdym-saza bolan söýgi.

«Ýar, heý!», «Saz etsin!», «Ýara ýetişsem», «Aşyk bolmuşam» goşgularynda yşky-söýgi. Magrupy bilen «Nirde bitildi? – Şonda bitildi» atly aýdyşyk goşgusy.

«Otuz iki tohum kyssasy». Eseriň many-mazmuny, onuň göçme manylylygy (allegorik häsiýeti). Bugdaý, Arpa, Şaly, Künji, Goza (gowaça) ýaly ekinleriň söhbeti arkaly ynsan durmuşynyň, häsiýetleriniň, durmuşdaky gapma-garşylyklaryň, sazlaşyklaryň beýan edilişi. Eserde hakykatyň dabaralanyşy.

Gaýybynyň eserlerinde çeperçilik. Eserleriň Gündogar däplerine eýerilip, kitaby stilde ýazylmagy. Gaýybynyň eserleriniň dili.

Gaýybynyň edebiýat taryhynda tutýan orny.

Edebiýat teoriýasy. Munazyra barada düşünje.

Gurbanaly Magrupy. Goşgular. Dessanlar – 8 sagat.

Magrupynyň ömri we döredijiligi.

«Watanym galdy», «Döwrandyr diýme!» goşgulary.

Magrupynyň Magtymguly Pyragy we Mahmyt Gaýyby bilen aýdyşyk goşgulary. Olar bilen döredijilik gatnaşyklary.

Magrupynyň «Seýpelmelek - Methaljemal», «Döwletýar», «Aly beg we Beg» dessanlaryna gysgaça syn.

«Ýusup – Ahmet». Dessanyň harby-gahrymançylyk mazmuny, gurluşy, gahrymanlar ulgamy. Ýusup hem Ahmet – mertligiň, batyrlygyň nyşany. Dessanda päk söýgi, lebziňe hem ähdiňe wepalylyk.

«Döwletýar» dessany. Eseriniň taryhy-gahrymançylyk ruhy. Dessanyň many-mazmunynyň harby-gahrymançylyk häsiýetli wakalaryň üsti bilen açylyşy. Eserde watana söýgi, ynsanperwerlik, dostluk, parahatçylyk meseleleriniň goýluşy we Döwletýaryň taryhy, çeper keşbi arkaly göz öňünde tutulan maksada ýetilişi. Döwletýaryň çeper keşbi. Döwletýar – watançy, dosta wepaly, edermen, batyr, maksada okgunly gahryman. Eseriň çeper obrazlar ulgamy. Hojageldi serdar, Mämmetje serdar, Annameňli serdar, Gulakga serdar, Seýitmusa, Hatam serdar, Allaşar beg, olaryň watançylyk hereketleri, Gülçemen, Humaý han, olaryň söýgä wepalylygy.

Eseriň çeperçiligi. Dessançylyk däplerine goşan täzeligi.

Magrupy – dessançy şahyr.

Edebiýat teoriýasy barada gysgaça maglumat – 1 sagat.

Edebi eserleriň žanr, gurluş, mazmun we forma taýdan dürli-dürli görnüşde bolmagy. Ýazyjy-şahyrlaryň göz öňünde tutýan baş pikirlerini täsirli aňlatmaga laýyk gelýän formany saýlap almagy. Eser ýazylanda, mazmun bilen formanyň biri-birine laýyk gelmelidigi, edebiýatçy alymlaryň, ussat ýazyjy-şahyrlaryň bu barada aýdanlary.