Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
352
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572 Кб
Скачать
☆

7 Sagat.

Ýatdan öwrenmek üçin hödürlenýän eserler:

Magtymguly. «Näler görüner», «Habar ber! Şeýledir».

Kätibi. «Seniň üstüňde».

Misgingylyç. «Daglar».

Durdy Gylyç. «Bökdemäň meni!»

P. Nurberdiýew. «Ädigmiň ýoly».

A. Atajanow. «Näbelli gahrymana».

Ç. Aşyrow. «Ermeni gyzy».

B. Hudaýnazarow. «Bilezik».

M. Seýidow. «Rubagylar».

G. Ezizow. «Bir dosty Kiýewde ýazyldy ýere...»

Jelaleddin Rumy. «Alym we gämiçi».

Sapakdan daşary okamak üçin hödürlenýän eserler:

Türkmen edebiýatynyň altyn hazynasy. – Aşgabat, 2002.

Oguznama. – Aşgabat, 1990.

Gorkut ata. – Aşgabat, 1990.

Saýatly – Hemra. – Aşgabat, 2005.

Nejep oglan. – Aşgabat, 1960.

Magtymguly. – Aşgabat, 2011.

A. Atajanow. Men size barýan. Goşgular we poemalar. – Aşgabat, 1978.

B. Hudaýnazarow. Mertebe. Goşgular we poemalar. – Aşgabat, 1995.

Mir Amman. Dört derwüş. – Aşgabat, 1964.

Kyrk gyz. Garagalpak halk gahrymançylyk eposy. – Aşgabat, 1958.

Ferdöwsi. Şanama. Poemalar. – Aşgabat, 1962.

Jelaleddin Rumy. Bolşuň ýaly görün! – Aşgabat, 1996.

Dünýä edebiýatyndan nusgalar. – Aşgabat, 2007.

VII synp – 102 sagat

Giriş – 1 sagat.

Edebiýat we durmuş. Çeper edebiýatyň predmeti.

Türkmen halk döredijiligi – 14 sagat.

«Gorkut ata» eposy – 1 sagat.

Eposda türkmenleriň – oguzlaryň başdan geçiren taryhy eýýamlarynyň Gorkut atanyň çeper hekaýalarynda beýan edilişi.

«Baý Bugra beg ogly Bamsy Birek» - 2 sagat.

Bu boýda Baý Bugra Begiň oglunyň edermenlik görkezip, Gorkut atanyň oňa at dakmagy, onuň Banu Çeçegi oguz däbine görä, bäsleşikde ýeňip almagy baradaky teswirlemeler.

«Döwhe goja ogly Däli Domrul boýuny beýan eder» - 2 sagat.

Bu boýda wepalylygyň, ynsanperwerligiň ündelip, men-menligiň ýazgarylyşy. Eseriň dili, çeperçiligi, ähmiýeti.

«Görogly» eposy – 1 sagat.

«Görogly» eposy türkmen halkynyň edebi ýadygärligidir.

Eserde halkyň durmuşy, däp-dessurlary, erkinlik, asudalyk ugrunda göreşi. Mertligiň, dostlugyň, söýginiň, halkyň geçmişiniň şahyrana suratlandyrylyşy.

Eposyň gahrymanlar ulgamy. Görogly we Jygaly beg. Görogly we onuň kyrk ýigidi.

Eserde aýal-gyzlar: Gülendam, Agaýunus, Harmandäli, Aýsoltan.

Hüňkär bilen Reýhan arabyň keşpleri, olaryň zalymlygy. Eserde adalatyň üstün çykmagy.

«Harmandäli» şahasy – 2 sagat.

Bu şahada Göroglynyň Agaýunus periniň pendini alman, men-menlik edişi, şol sebäpli Harmandäliden ýeňilmegi. Harmandäliniň keşbi arkaly türkmen gelin-gyzlarynyň güýje, akyl-paýhasa baýlygynyň görkezilişi. Eserde aýdym-saz sungatyna berilýän orun, Aşyk Aýdyň piriň keşbi. Eserde pähim-paýhasyň, sungatyň güýji bilen ýeňiş gazanylmagy.

Dessanlar – 1 sagat.

Türkmen halk şahyrana döredijiligi we dessanlar.

Dessanlarda durmuşyň hem-de halkyň isleg-arzuwlarynyň çeper beýany. Olaryň bagşylar tarapyndan ýerine ýetirilişi.

«Şasenem – Garyp» dessany – 2 sagat.

Dessanyň mazmuny, halkylygy, gahrymanlary. Şasenemiň, Garybyň, Şaapbasyň keşpleri. Maşgala bolmak, ynsanyň päk söýgüsi, maksada okgunly bolmak ýaly parasatly pikirleriň aýdyň beýan edilişi.

Dessanyň gurluşy, dili, çeperçiligi, ähmiýeti. Dessan bagşylaryň dilinde. «Şasenem – Garyp» sahna sungatynda.

Edebiýat teoriýasy. Dessan we dessançylar hakynda düşünje.

«Hüýrlukga – Hemra» dessany – 2 sagat.

Dessanyň mazmuny we gurluşy. Dessanda hereket edýän durmuşy we hyýaly keşpler. Dessanyň bagşylar tarapyndan aýdylyşy.

Türkmen halk döredijiligi boýunça öwrenilenleri jemlemek we umumylaşdyrmak – 1 sagat.