Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
349
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572 Кб
Скачать
☆

XIX asyr türkmen edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek – 1 sagat. Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty – 12 sagat.

Garaşsyzlyk eýýamynyň prozasy – 1 sagat.

Bu eýýamyň ilkinji proza eserleri. Olarda milli ruhuň ýüze çykmagy.

Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer» romany – 4 sagat.

„Front ýollary“ bölüminden bölek.

Onda mugallymyň watançylyk borjunyň ýüze çykyşy, frontda geçen agyr

ýoly, ýaralanyşy. Oba mekdebi, durmuşy baradaky ýatlamalary. Dogduk

mekanynyna ýaradar dolanyp gelşi. Mugallymyň raýatlyk borjuna

wepalylygy, edermenligi. Watanyny hem onuň erkinligini jandan söýmegiň

nusgasy.

Garaşsyzlyk eýýamynyň publisistikasy – 1 sagat.

Bu döwürde milli publisistikanyň ösmegi we onda döwrüň ösüşleriniň

beýany.

Täçmämmet Jürdekow. «Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk» - 2

sagat.

Garaşsyzlyk eýýamynyň dramaturgiýasy – 1 sagat.

Bu eýýamda milli dramaturgiýada ýetilen derejeler. Türkmen sahna eserleriniň dünýä ýurtlarynda meşhur bolup başlamagy.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe sahna sungatynyň opera görnüşiniň dikeldilmegi.

«Magtymguly» operasy – 2 sagat.

Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek we umumylaşdyrmak – 1 sagat.

Dünýä edebiýatyndan nusgalar – 16 sagat.

Rabindranat Tagor, hindi ýazyjysy. «Heläkçilik» romany – 4 sagat.

Rabindranat Tagoryň ömri we döredijiligi.

Rabindranat Tagoryň hindi halkynyň edebiýatyny, taryhyny, durmuşyny gowy bilşi. Onuň şygyrlarynda, hekaýalarynda ynsanperwerlik pikirleri.

«Heläkçilik» (1902) romany – ýazyjynyň ilkinji uly göwrümli eserleriniň biri. Eseriň özboluşlylygy, onda hindi halkynyň däpleriniň görkezilişi. Maşgala durmuşynda köne däpleriň we garaýyşlaryň çaknyşygy.

Romanda Romeş we Kamolanyň obrazlary. Dürli keşpleriň görkeziliş aýratynlyklary. Romanyň adynyň onuň mazmuny bilen baglanyşyklydygy. Romanda ynsanperwerlik pikirleriniň teswirlenişi.

Mihail Ýurýewiç Lermontow, rus ýazyjysy. «Biziň zamanamyzyň gahrymany» romany – 4 sagat.

Mihail Ýurýewiç Lermontowyň ömri we döredijiligi. Romanda Peçoriniň obrazy. Öz durmuşynda bolup geçýän wakalaryň Peçorine täsiri. Romanda Kawkazyň we onuň adamlarynyň görkezilişi.

Genrih Geýne, nemes şahyry. «Sapak», «Sen öz durmuşyňda zada mätäç däl...», «Ilki gezek söýýän bolsa kimde-kim...», «Şahyr Ferdewsi», «Gyzylja köwüş» goşgulary – 3 sagat.

Geýnäniň ömri we döredijiligi. Onuň ýaşlyk, söýgi, dostluk baradaky goşgulary. Geýnäniň eserlerinde nemes halkynyň durmuşy we Germaniýanyň görkezilişi.

Jorj Gordon Baýron, iňlis şahyry. «Gündogar poemalary», «Korsar» -3 sagat.

Baýronyň ömri we döredijiligi. Eserlerde erkinlik, söýgi temalary. Romantizm usuly.

Edebiýat teoriýasy. Edebi usullar. Romantizm barada düşünje.

Edgar Allan Po, amerikan ýazyjysy. «Tylla tomzak» hekaýasy – 2 sagat.

Edgar Ponuň döredijiligi. Eserlerinde adamyň içki dünýäsiniň görkezilişi. Hekaýalaryň özboluşlylygy.

«Tylla tomzak» atly eserinde adam akylynyň güýjüniň görkezilişi. Pikirleniş ukybynyň gizlin syry açmaga kömek edişi.

Edebiýat teoriýasy. Detektiw eserler barada düşünje.

Eserleri öwrenmek üçin – 80 sagat.

Düzme ýazmak üçin – 6 sagat.

Okuwçylaryň özbaşdak okan eserleri boýunça gürrüňdeşlik sapaklary –