Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
348
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572 Кб
Скачать
☆

V synp – 102 sagat

Giriş – 1 sagat.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow edebiýat barada.

Türkmen halk döredijiligi – 16 sagat.

Aýdymlar.

Aýdymlar barada düşünje. Aýdymlaryň aýdylyşy. Halk aýdymlary bilen häzirki zaman aýdymlarynyň aýratynlygy, durmuşdaky orny – 1 sagat.

Halk aýdymlary – 1 sagat.

«Ýigide». Aýdymda türkmen ýigidine mahsus gylyk-häsiýetler, atly-abraýly ýaşamak üçin rysgal-döwletiň, dogan-garyndaşyň zerurlygy.

Häzirki zaman aýdymlary – 2 sagat.

Häzirki zaman aýdymlarynyň belli şahyrlar we saz düzüjiler tarapyndan döredilişi. Bu aýdymlarda pikir yzygiderliliginiň we mazmun bitewiliginiň saklanylyşy.

«Ýazlarym bar». Sözleri M. Myşşyýewiňki, sazy O. Gurbannyýazowyňky. Aýdymda Watana söýgi, eşretli, abadan durmuşa guwanç.

«Iki agaç». Sözleri G. Ezizowyňky, sazy N. Halmämmedowyňky. Aýdymda durmuş pelsepesiniň şahyrana beýany.

Toý aýdymlary (öleňler) – 1 sagat.

Toý aýdymlary (öleňler) barada düşünje we olaryň döreýiş taryhy. Ýerine ýetirilişi, manysy, ähmiýeti.

Monjugatdylar – 1 sagat.

Monjugatdylaryň gadymylygy, özboluşly aýratynlygy. Monjugatdylaryň manysy, ähmiýeti.

Küştdepmeler – 1 sagat.

Küştdepme barada düşünje. Küştdepmeleriň döreýşi we ýerine ýetirilişi.

Şorta sözler – 2 sagat.

Şorta söz, onuň özboluşlylygy. Olarda ýiti akyl-paýhas, adalatsyzlygyň, durmuş nogsanlyklarynyň paş edilişi. Şorta sözlerde çeperçilik.

«Manyly gep», «Içinde özümem bardym», «Özümem ýiterdim», «Kemine bilen ogry», «Şu taýda söz berseler», «Garraýança duraýynmy?»

Bu şorta sözlerde türkmeniň dil baýlygynyň, çeperçilik güýjüniň, pähim-paýhasynyň ýüze çykyşy, şahandazlygyň, şadyýanlygyň, degişgenlik ukybynyň teswirlenişi.

Rowaýatlar – 2 sagat.

Rowaýat, onuň aýratynlygy, durmuş esasy.

«Hatapgalada», «Kim hakly?», «Gözel tebigatyň aşygy», «Azaşan yzyny tapar».

Bu rowaýatlarda Keýmir kör, Myraly, Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly wakalaryň çeper beýany. Taryhy şahslaryň mertligi, watançylygy, halallygy, adamkärçilikli keşpleri. Rowaýatlaryň ähmiýeti.

«Görogly» eposy. «Göroglynyň döreýşi» şahasy – 4 sagat.

«Görogly» eposynyň şahalary.

«Göroglynyň döreýşi» şahasy.

Röwşen – Görogly türkmen halkyň söýgüli gahrymany. Jygaly beg, Hüňkar we Reýhan Arap.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halky eserler barada.

Edebiýat teoriýasy. Epiki eser, epos barada düşünje.

Türkmen halk döredijiligi boýunça öwrenilenleri jemlemek we umumylaşdyrmak – 1 sagat.

Türkmen klassyky edebiýaty – 12 sagat.

Magtymguly Pyragy. Goşgular – 3 sagat.

«Ýeli Gürgeniň». Goşguda Watana, tebigata söýgi, buýsanç.

«Baş üstüne!» Goşguda ynsanperwerlik, mertlik hem-de namartlyk. Şahyryň öwüt-nesihatlary, olaryň durmuşdaky ähmiýeti.

«Bolar». Goşguda gybat etmezlik, sabyrly-kanagatly bolmak barada öwüt-nesihatlar.

Mämmetweli Kemine. Goşgular – 2 sagat.

«Garyplyk». Goşguda garyplygyň ynsan durmuşyna edýän ýaramaz täsiriniň dürli meňzetmeler we beýleki çeperçilik serişdeleri arkaly beýan edilişi.

«Içmek». Goşguda «kyrk ýamaly» içmegiň garyplygyň alamaty hökmünde görkezilmegi; durmuşdaky nogsanlyklaryň gülki astyna alynmagy, ruhubelentlik.

Seýitnazar Seýdi. Goşgular – 2 sagat.

«Dönmenem, begler!», «Geliň, ýigitler!» Goşgularda watançylyk duýgusy, Watany goramaga joşgunly hyjuw, Watan, il-ýurt üçin söweşe çagyryş. Goşgularyň çeperçiligi, ähmiýeti.

Gurbandurdy Zelili. Goşgular – 2 sagat.

Gurbandurdy Zeliliniň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.

«Watanym, seni!», «Ýagşydyr». Goşgularda başdan geçirme, watançylyk, öwüt-nesihat, ahlak, dünýewilik.

Mollanepes. Goşgular – 2 sagat.

Mollanepesiň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.

«Aňsa», «Ner gezgin!» Goşgularyň durmuşdan alnan mysallara baýlygy, olarda adam häsiýetleriniň açylyp görkezilişi. Goşgularda synçylyk, durmuş, ahlak, mertlik, mertebelilik baradaky pikirleriň şahyrana beýany, öwüt-nesihat.

Edebiýat teoriýasy. Goşgy düzülişiniň görnüşleri hakynda düşünje.

Türkmen klassyky edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek we umumylaşdyrmak – 1 sagat.