- •2020 Ýyla çenli Milli Maksatnamanyň wezipeleri:
- •3 Sorag. Türkmenistanyň taryhynyň döwürlere bölünişi: Paleolit, mezolit, neolit, eneolit, bürünç asyry we demir asyry.
- •4 Sorag. Garaşsyz türkmen döwletiniň hemişelik bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmegi.
- •5. Döwletiň ykdysady roly: taryhy jäht
- •6. Altyndepe-gadymy şäher döwletdir.
- •7. Türkmenistanda ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçilmegi we telekeçiligi osdürmek barada döwlet syýasaty
- •8. Jenaýat, onuňalamatlary we gornüşleri.
- •9. Marguş döwleti. Goňurdepe.
- •11 Sorag. Turkmenistanyn dowlet hakimiyetinin duzumi.
- •10. Türkmenistanyň geografiki, geosyýasy ýerleşişi,tebigy we demografiki aýratynlyklary
- •12 Sorag. Ahemeniler döwletiniň döremegi.
- •13 Sorag.Türkmenistanyñ Konstitusiỳasynda adam hukuklary we borçlary hakynda.
- •14. Türkmenistanyň bank ulgamynyň ösüşi
- •15 Sorag. Beỳik Parfiỳa döwletiniñ döremegi.
- •16 Sorag.Türkmenistanyñ Ýaşulylar Maslahaty
- •18 Sorag . Daşary ýurtly maýadarlaryň we daşary ýurt maýalary bolan kärhanalaryň işiniň hukuk üpjünçiligi
- •19 Sorag. Häzirki zaman döwlet kadalaşdyryşynyň nazaryýet jähtleri
- •21. Beýik Seljuk türkmen döwleti.
- •22.”Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi. Milletiň beden ruhy we medeni taýdan ösüşi-ykdysady özgertmeleriň binýadydyr.
- •23. Hossarlyk we howandarlyk.
- •24.Köneürgenç türkmenleriniň döwleti
- •25. Türkmenistanda lizingiň ösüşi:
- •26. Zahmet jedellerinin çozulmeginin usullary.
- •27.Täze Galkynyş eỳyamynyñ ykdysady ösüşleri we onuñ aỳratynlyklary
- •28. HormatlyPrezidentimiziň,,Älem içre at gezer”
- •29.Bazar ykdysadyýetinde durmuş syýasatynyň nazary esaslary.
- •30. Raýat – hukuk şertnamalary we olaryň görnüşleri.
- •31) ,,Türkmenistany durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” kabul edilmegi.
- •32. Häzirki zaman pul-karz syýasatynyň esasy ugurlary.
- •34) Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalygynyň ösüşi.
- •35.Mazmuny boýunça döwletleriň görnüşleri
- •36. Berkarar döwletiñ bagtyýarlyk döwründe ýurduñ ylym ulgamyndaky özgerişler.
- •37. Durmuş syýasatynyň t-da amala aşyrlyşy.
- •38. Emläk we onuň görnüşleri.
- •39. XIX asyryň ortalarynda türkmen halkynyň garaşsyzlyk ugrundaky göreşmeleri. Sarahs söweşi, Garrygala söweşi, Mary-gajap söweşi.
- •40.Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda ýangyç-energetika toplumynyň ösüşi
- •41 Sorag. Zähmet gatnaşyklarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi
- •42 Sorag. Berkarar dowletin bagtyyarlyk doýrinde t-nyn dashary ykdysady syyasaty
- •43.Zahmet rugsatlarynyn gornushleri.
- •44 Sorag. Töwerekdäki gurşawyň goragy babatyndaky döwlet kadalaşdyrylyşy
- •45 Sorag. Garashsyz baky Bitarap Turkmenistanyn dowlet nyshanlary
- •46 Sorag. Türkmenkistanyň prezidenti g. Berdimuhamedowyň “döwlet gyşy” atly romanynyň terbiýeçilik ähmiýeti
- •47. Zähmet gatnaşyklarynyň hukuk kadalaşdyrylyşy
- •48 Sorag. “Dg-go” halkara demir yolunyn gurulmagy we jnun ahmiyeti.
- •49 Sorag. Zahmet bazary
- •50.Prezident respublikasynyn alamatlary.
- •51 Sorag. „Awaza“Milli syỳahatçylyk zolagy
- •52 Sorag. Täze Galkynyş eỳyamynda Türkmenistanyñ nebit-gaz,himiỳa senagatynyñ ösüş aỳratynlygy.
- •53 Sorag. Nikanybaglanysmagapasgelberyansertler
- •54 Sorag. Turkmenistanyn gonsy we sebit yurtlary bilen ozara bahbitli hyzmatdaslyklary.
- •55 Sorag. Ekologiya hukugy barada dusinje
- •56. Karz kadalaşdyrylyşy.
- •57.Türkmenistan sssr-I Beyik Watançylyk urşy ýyllarynda (1941-1945ýý).
- •58. Döwletiň pul-karz ulgamy.
- •59. Iş berijiniň hukuklary we borçlary.
- •Iş beriji şu aşakdaky hukuklara eýedir:
- •2.Işberiji şu aşakdakylara borçludyr:
- •60. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ösüşi.
- •61 Sorag. Türkmenistanyñ Prezidenti g.Berdimuhamedowyñ bilim-ylym ulgamyny kämilleşdirmeklige gönükdirilen Permanlary we Kararlary
- •62. Maýa goýumlaryny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri
- •63. Eýeçilik we onuň görnüşleri.
- •64.Türkmenistanyñ Konstitusiỳasynyň kabul edilmegi.
- •65. Ykdysadyýeti döwlet kadalaşdyryşynyň maksatlary we usullary. Döwletiň roly we wezipesi.
- •67.Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistanyñ bmg bilen hyzmatdaşlygy.
- •68.Ish we dync alysh wagty
- •69.Maya goyum syyasatynyn esasy yorelgeleri,maksatlary we wezipeleri
- •70. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletiňbagtyýarlyk döwrüniňösüştaglymatlaryny esaslandyryjy.
- •71. Daşary ýurtly maýadaryň hukuklary we borçlary.
- •72. ,,Türkmenistany durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” kabul edilmegi.
- •73. Türkmenistanda syýasy partiýalar,jemgyýetçilik guramalar we olaryñ işi.
- •74. Hukuk barada düşünje we onuň döwlet bilen arabaglanşygy.
- •75. Pul dolanyşygy
- •76. Ykdysadyýetiň ösmeginde maýa goýum syýasatynyň tutýan orny
- •77. Türkmenistanyñ bmg bilen hyzmatdaşlygy.
- •78. Raýat hukuk gatnaşyklarynyň subýektleri.
- •79. Türkmenistan dünýäde ilkinji bmg tarapyndan ykrar edilen bitarap döwletdir
- •80. Döwlet dolandyryş edaralary.
- •81 Sorag.Yslam dininiň yüze çikmagy. Muhammet (sas) Pygamber.
24.Köneürgenç türkmenleriniň döwleti
“Seljuk türkmen döwletiniñ gönüden-göni dowamy Köneürgenç türkmenleriniñ döwletidir. Köneürgenç döwletini 1093-nji ýylda guran Kutbeddin Muhammetdir, ol Köneürgenç häkimi Annuş hökümdaryñ ogludyr.
Anuştegin ölenden soñ onuñ ogly Kutbeddin Muhammet ( 1097-1128 ýý) “Horezimşasy” derejesini alyp, Horezimi dolandyryp başlapdyr.
Ondan soň döwleti 1128-1156 ýyllaryň aralygynda Alaýeddin Atsyz dolandyrýar. Onuň döwründe Köneürgenjiň Garaşsyz bolmagy üçin köp işler durmuşa geçirilýär. Atsyzdan soň 1156-1172 ýyllarda döwleti Il Arslan dolandyrýar. Munuň döwründe Köneürgenç özbaşdak döwlet bolýar we Seljuk döwletiniň köp ýerleri olaryň eline geçýär.
Döwleti 1172-1200 ýyllarda Tekeş dolandyrýar. Taryhda yz galdyran yolbaşçy-serkerde zenanlaryň biti Tekeşiň aýaly-Türkan Hatyn bolupdyr.
1200-1221 ýý. Muhammet II dolandyrýar.
1221-1231 ýý. Jelaletdin. Yslam dinini ýaýratmak we berkitmek, ylmyň ösmegine üns berýär.
1206 ý. Çingizhan beýik han bolýar, şondan soň basyp alyjylykly ýörişlerine başlaýar. 1219 ý güýzünde Çingiz han Merkezi Aziýa ýörişe başlaýar.
1220-1221 ýý. Horezm şalar döwletiniň çäklerini we Merwi eýeleýär.
1227 ý. Çingiz han ölenden soň onuň basyp alan ýerleri ogullarynyň arasynda paýlanylýar. Türkmenistanyň çäkleri 2 bölege bölünýär, Günortasy Hulagular döwletiniň eline, demirgazygy Altyn Ordanyň eline geçýär. Hulagular döwletiniň soňky hany Gazan han aradan çykandan soň döwlet gowşaýar we olaryň ýerleri Altyn Ordanyň eline geçýär. 1231 ý döwlet dolulygyna ýykylýar.
25. Türkmenistanda lizingiň ösüşi:
Maýa goýum işini goldamagyň ileri tutulýan ugurlarynyň ýene-de biri maliýe lizinginiň ösdürilmegi bilen baglydyr. Maliýe lizingi maýa goýum taslamalary bilen işlemäge niýetlenen ulgamyň möhüm elementleriniň biridir. Ỳagdaýlaryň aglabasynda lizing guramalary maýa goýum serişdelerini, şol sanda daşary ýurt banklary tarapyndan berilýän göterimli karzlary herekete getirip, olary anyk maýa goýum taslamalaryna gönükdirmegiň aňrybaş amatly guramaçylyk usuly bolup çykyş edýär. Kärhanalarda ýokary tehnologiýaly esasy gorlaryň ýüze çykýan ýetmezçiligi hut enjamlaryň maliýe esasynda kärendesine (lizinge) almagy bilen üstünlikli çözülip bilner. Maýa gönükdirmegiň beýleki usullaryna garanyňda lizingiň artykmaçlyklary kärhanalara olaryň ýeterlik serişdesi bolmadyk ýagdaýynda hem göterimli karzlary almasa özönümçiliginde täze, öňde baryjy enjamlary we tehnologiýalary ulanmaga mümkinçilik berýändigi bilen baglydyr. Lizingi ösdürmek üçin önümçilik enjamlarynyň ol ýa-da beýleki görnüşine bildirilýän islegleri düýpli öwrenmeli bolýar. Ỳerli öz-özüni dolandyryş edaralary tarapyndan maliýe lizingi boýunça hyzmatlary amala aşyrýan guramalara maýa goýum potensialyny toplamaga ýardamyň berilmegi hem esasy şertleriň biri bolup durýar. Türkmenistanda lizing hyzmatlarynyň bazary, esasan hem, döwlet sektorynda netijeli hereket edýär. Bazar gatnaşyklarynyň ösmegi we çuňlaşmagy bilen bazaryň bu görnüşi ykdysadyýetiň döwlete degişli däl sektorynda hem özüniň mynasyp ornuny tutar.
