Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
1-81.docx
Скачиваний:
92
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
141 Кб
Скачать
☆

16 Sorag.Türkmenistanyñ Ýaşulylar Maslahaty

Ýaşulylar Maslahaty Türkmenistanyň Milli Galkynyş Hereketine girýän we onuň içinde hereket edýän, jemgyýetçilik başlangyjynda işleýän maslahat beriji edara bolýar. Ýaşulylar Maslahaty öz düzümine uruş we zähmet weteranlaryny, intellegensiýanyň ýaşuly wekillerini jemläp, Milli Galkynyş hereketiniň üsti bilen umuman, jemgyýetde iki wezipäni ýerine ýetirmekligi maksat edinýär. Birinjiden, öz maslahatlary bilen döwlet edaralarynda millete mahsus ähli ruhy-ahlak sypatlarynyň amal bolmagyna hemaýat etmekligi. Ikinjiden, Türkmenistanyň Prezidentiniň, türkmen döwletiniň içeri we daşary syýastyny ilatyň ähli gatlaklarynyň arasynda wagyz ediji paýhas bolup çykyş edýär.Düzüminde 600 adam bar.

06.03.2009ỳ-Türkmenabatda bolup geçdi. Kararlary:“ỳer hakynda“kanun,“Suw hakynda“Kanun,“Durmuş üpjünçiligi hakynda“Bitewi Kanuna üỳtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

2010-njy ýylyň 14-nji maýynda Daşoguz şäherinde geçen Türkmenistanyň Ýaşulylar Maslahatynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň toplumlaýyn maksatnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan işlenip taýýarlanan täze Kanunlaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi we ara alyp maslahatlaşyldy, ýurt Ýolbaşçysy tarapyndan kabul edildi. Olaryň hatarynda “Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet hakyndaky”, “Türkmenistanyň jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de ony rejelenen görnüşde tassyklamak hakyndaky”, “Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda”, “Tohumçylyk hakyndaky” Kanunlar bar. Olaryň ählisi adamy mertebeleýärler, adamy beýgeldýärler.

Türkmenistanyñ Durmuş-ykdysady ösüşiniñ 2011-2030-njy ỳyllar üçin Milli Maksatnamasy kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň sosial-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020- nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy. Bu iri göwrümli maksatnama Täze Galkynyş zamanynyň özgertmeleriniň durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilişiniň güýçlenmeginiň hakyky delilidir. Maksatnama 15 ugry öz içine alýar. Olaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy, oba ýerlerinde durmuş şertleriniň gowulanmagy bilen bir hatarda, oba territoriýalarynyň ykdysady taýdan ösmeginiň, olaryň infrastrukturasynyň kämilleşmeginiň we agrosenagat toplumynyň gaýtadan işleýji kuwwatlyklarynyň mümkinçiliginiň giňelmeginiň, real sektoryň hem-de obada häzirkizaman hyzmat sferasynyň ösüşiniň hil taýdan täze bir tapgyrynyň başyny başlaýar

18 Sorag . Daşary ýurtly maýadarlaryň we daşary ýurt maýalary bolan kärhanalaryň işiniň hukuk üpjünçiligi

Türkmenistanyň çäginde daşary ýurtly maýadarlaryň we daşary ýurt maýalary bolan kärhanalaryň işiniň hukuk meselelerini

―Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda,

―Uglewodorod serişdeleri hakynda,

―Işleriň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmak hakynda, ―Gyzyl pul dolanşygyny kadalaşdyrmak hakynda

Türkmenistanyň Kanunlary, beýleki möhüm kanunçylyknamalary we halkara ylalaşyklary esasynda rejelenýär. Ỳurdumyzda hereket edýän kanunçylyk ulgamy esasynda daşary ýurt maýa goýumlary şu ýerde görkezilen görnüşde amala aşyrylyp bilinýär:

-Türkmenistanyň kärhanalarynyň işine paýlar esasynda gatnaşmak;

-daşary ýurtly maýadarlary doly degişli kärhanalary döretmek ýa-da ozal işläp duran kärhanalary satyn almaklyk;

-Türkmenistanyň kanunçylygy bilen raýat dolanyşygynda çäklendirilenlerinden başga gozgalýan we gozgalmaýan emläkleri satyn almak;

- daşary yurt karzlaryny we ssudalaryny bermeklik;

- emläk bilen bagly hukuklary almaklyk.

Şu aşakdakylar Türkmenistanda daşary ýurtly maýadar bolup bilýär:

-daşary ýurtly ýuridiki tarap, şol sanda onuň Türkmenistandaky şahamçasy hem-de wekilhanasy;

-halkara guramasy;

-daşary ýurtly şahsy tarap, şeýle raýatlygy bolmadyk, emma maýa serişdeleriniň goýulýan pursadynda daşary ýurduň çäginde hemişelik ýaşaýanadam;

-Türkmenistanyň çäklerindendaşardahemişelikýaşaýanýeribolanTürkmenistanyňraýaty.

Daşaryýurtmaýalarybolankärhanalarda, daşaryýurtýuridiktarapynyňşahamçasyndaýa-da wekilhanasyndazähmetçekýän, maýagoýmakişibilenbaglylykdaTürkmenistandabolýandaşaryýurtraýatlary we olaryňmaşgalaagzalary:

möhletibirýyldanazbolmadykköpgezeklikwizalaryalmak;

Türkmenistanyňhemmeçäklerindeerkingezmekhukugynaeýedirler.