Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
1-81.docx
Скачиваний:
92
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
141 Кб
Скачать
☆

77. Türkmenistanyñ bmg bilen hyzmatdaşlygy.

1992ỳ.2-nji martynda Türkmenistan BMG-niñ doly hukukly agzasy boldy.Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan gatnaşyk saklamakda bu halkara bileleşiginiň birnäçe guramalarynyň we komissiýalarynyň wekilhanalarynyň biziň ýurdumyzda açylmagynyň hem ähmiýeti uludyr. Birleşen Milletler Guramasynyň biziň ýurdumyzdaky işi barha giňelýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (YUNISEF), Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlaryň işleri boýunça ýokary komissarynyň ofisi (BMG UWKB), Birleşen Milletler Guramasynyň ilat gaznasy (BMG IG), Bütindünýä Saglygy Goraýyş, Guramasy (BSGG), we Birleşen Milletler Guramasynyň neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirligi (BMGNJM) ýaly düzümleri wekilçilik edýär. Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň işi bilen baglanyşykly agentlikler hem işleýär, olar Bütindünýä Bankydyr hem-de Halkara Migrasiýa Guramasydyr (HMG).12.12.1995ỳ Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet boldy.

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandyr.Türkmen Lideriniň bu babatdaky syýasy garaýyşlarynyň tutuş öňdebaryjy adamzat üçin özüne çekijidigini Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 62-nji we 64-nji sessiýalarynyň wise-başlyklygyna saýlanmagy, 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň açylmagy we onuň sebit meseleleriniň oňyn çözülmegine işjeň gatnaşyp başlamagy we başga-da ençeme mysallar aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasyna gatnaşmagy, çykyş etmegi, başlyklyk etmegi, Nýu-Ýorkda geçiren duşuşyklary Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň arşa göterilenliginiň aýdyň subutnamasy boldy. Şu saparyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz “Habarly jemgyýeti ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin” atly ýokary derejeli halkara ordeni bilen hem sylaglandy, Nýu-Jersi ştatynyň paýtagty Trentonyň meriniň Karary bilen Nýu Jersi ştatynyň Trenton şäherinde 2009-njy ýylyň 24-nji sentýabry Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Güni diýilip yglan edildi.

78. Raýat hukuk gatnaşyklarynyň subýektleri.

Döwlet şäherler,etraplar raýatlar,ýuridiki taraplar, raýat hukuk gatnaşuklarynyň eýeleri bolup bilerler. Döwlet ilkinji nobatda syýasy häkimýetiň guramasy hökmünde çykyş edýär, şol bir wagtyň özünde raýat-hukuk gatnaşyklaryň subýekti hökmünde çykyş edip biler. Döwlet öz raýat hukuk borçnamalary boýunça öz ygtyýarlylygynda bolan degişli bolan döwlet gaznasynyň serişdeleri bilen jogap berip biler. Döwlet belli bir emlägiň eýesi bolup durýar. Döwlet emlägini kärendesine berip, satyp daşary ykdysady geleşikleri baglaşyp biler. Welaýatlar etraplar hem döwlet eýeçiliginiň subýektleri bolup durýarlar. Kommersiýa guramalary ýada kommersiýa däl guramalar ýuridik taraplar bolup bilerler. Kommer-ýa guramalary indiwidual hususy kärhana görnüşinde döredilýär, hojalyk jemg-ri we şereketler çäklendirilen ýada goşmaça jogapkärçilikli jemgiý-ler akçioner jemg-ler, önümçilik kooperatiwler.