Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
1-81.docx
Скачиваний:
92
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
141 Кб
Скачать
☆

64.Türkmenistanyñ Konstitusiỳasynyň kabul edilmegi.

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi.26.09.2008ỳ bolup geçen Halk Maslahatynda Konstitusiỳa girizilen üỳtgetmelere görä, Halk Maslahatynyñ Kanun çykaryjylyk ygtyỳarlyklary Mejlise geçirilip Mejlisiñ deputat sany 125-e ỳetirildi.Konstitusiỳa 8 bölümden we 117 maddadan ybarat. Kämilleşdirilen görnüşde kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy, 117 maddany özünde jemleỳän, 5 bapdan we 8 bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölümi „TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION GURLUŞYNYŇ ESASLARY“ diýlip atlandyrylýar. Esasy Kanunymyzyň bu bölümi, Türkmenistan döwletimiziň döwlet gurluşyny we onuň hukuk mazmunyny, onuň hukuk ýagdaýyny we syýasy ulgamyny, jemgyýetiň we döwletiň özara gatnaşygyny kesgitleýän esas goýujy ýörelgelerini özünde berkidýär.

Konstitusiýanyň ikinji bölümi bolsa, „TÜRKMENISTANDA ADAMYŇ WE RAÝATYŇ HUKUKLARY, AZATLYKLARY HEM BORÇLARY“ diýlip atlandyrylýar hem-de adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde berkidýän hukuk kadalaryny özünde jemleýär.

Konstitusiýanyň üçünji bölümi „TÜRKMENISTANDA HÄKIMIÝET WE DOLANDYRYŞ EDARALARYNYŇ ULGAMY“ diýlip atlandyrylyp, Türkmenistanda ýokary döwlet we ýerli häkimiýeti hem-de dolandyryşy amala aşyrýan döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň ygtyýarlyklaryny we borçlaryny kadalaşdyrýan hukuk kadalaryny özünde jemleýän bäş bapdan ybaratdyr.

„ÝERLI ÖZ-ÖZÜŇI DOLANDYRYŞ“ diýlip atlandyrylýan IVbölüminde, ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamyny emele getirýän Geňeşler we ýerli jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hukuk ýagdaýlaryny we olaryň gurluş mazmunyny özünde jemleýän hukuk kadalary berkidilýär.

V bölümi „SAÝLAW ULGAMY, SALA SALŞYK“ diýlip atlandyrylyp, onda saýlaw we sala salyşyk ulgamy baradaky esas goýujy hukuk kadalaryny özünde jemleýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň „KAZYỲET HÄKIMIÝETI“ diýlip atlandyrylýan altynjy bölümi bolsa, adyl kazyýetligi amala aşyrýan döwlet häkimiýetiniň garaşsyz we özbaşdak şahasy bolup durýan kazyýet edaralarynyň hukuk ýagdaýy, olaryň öz işlerini amala aşyrmakda özbaşdaklygy, hem-de kazyỳet häkimiýetiniň diňe kazyỳetlere degişlidigi baradaky hukuk kadalaryny özünde berkidýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýedinji bölümi “PROKURATURA” diýlip atlandyrylyp, Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçiligiň Türkmenistanyň Baş prokuroryna hem-de oňa tabyn prokurorlara ýüklenilýänligi baradaky hukuk kadadan başlamak bilen, tutuş prokuratura edaralarynyň hukuk ýagdaýyny, onuň ygtyýarlyklaryny we borçlaryny kesgitleýän esas goýujy hukuk kadalary berkidilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň „JEMLEÝJI DÜZGÜNLER“ diýlip atlandyrylýan iň soňky sekizinji bölümi, 3 maddany öz içine almak bilen, kanunlaryň, şeýle hem döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň beýleki hukuk namalarynyň Konstitusiýanyň esasynda we şoňa laýyklykda kabul edilýänligi, eger-de Konstitusiýada we kanunlarda görkezilýän düzgünleriň biri-birine gabat