Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
1-81.docx
Скачиваний:
92
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
141 Кб
Скачать
☆

30. Raýat – hukuk şertnamalary we olaryň görnüşleri.

Raýat hukugy – hukugyn bir pudagy bolup duryar. Ol emlakleyin we emlakleyin dal sahsy gatnasyklary duzgunlesdiryar.

- Emlakleyin: 1) Gozgalyan – mysal uçin pul masyn gapy say-sep.

2) Gozgalmayan – mysal uçin jaylar, baglar yer.

- Emlakleyin dal (awtorlyk hukugy)- mysal uçin adamyn ady, abrayy, mertebesi, ylmy açyslar, sungat eserler we s.m.

Raýat hukugunyň ýörelgeleri

-Raýat gatnaşyklara gatnaşýanlaryş deňligi

-Eýeçiligiň deňligi

-Şertnamanyň erkinligi

-Kim-de bolsa biriniň hususy işlere esassyz gatyşmagyna ýol berilmesizdigini

-Raýat hukuklaryny päsgelçiliksiz amala aşyrmagyna

-Bozulan hukuklaryň dikeldilmegini üpçün etmegiň,şol hukuklary kazyýetiň üsti bilen goramaga.

Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklary

- Ylymda, edebiýatda, sungatda, döredijilikde we şuňa meňzeş awtorlyk hukugyna eýe bolup bilmekligi

-Islendik kanuna garşy gelmeýän geleşikleri amala aşyrmak

-Ýuridiki şahslary döretmek

-Ýaşajak ýerini saýlap almak

-Eýeçilik hukugynyň esasynda emläk edinmegi

-Telekeçilik işleri bilen meşgullanmak

-Emlägi miras almak we miras bermek

Turkmenistanyn rayat hukugy sertnamalayyn gornusinde.

  • Miras alma-goymak

  • Karz alys beris

  • Atiyaçlandyrma Lizing

  • Alys – çalys

  • Sowgat etmek

  • Karende almak bermek

  • Emlagi saklamak

  • Dellalçylyk

  • Tabsyryk - Daşaýyş

  • Françayzing - Potratçylyk

  • Emlagi kireyine bermek

31) ,,Türkmenistany durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” kabul edilmegi.

2010-njy ýylyň 14-nji maýynda Daşoguz şäherinde geçen Türkmenistanyň Ýaşulylar Maslahatynda. ,,Türkmenistany durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” kabul edilmegi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň binýatlaryny berkitmäge, ýurdumyzy demokratiýa ýoly bilen mundan beýläk-de alyp gitmäge gönükdirilen “Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet hakynyndaky” täze Kanunyň kabul edilmegi türkmen ýurdunda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, ýerlerdäki häkimiýet edaralarynyň işini üýtgedip gurmak zerurlygy bilen şertlendirilen. “Türkmenistanyň jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de ony rejelenen görnüşde tassyklamak hakyndaky” Kanun hem ynsanperwer häsiýete eýedir. Onda jenaýat eden adamlara jeza brmegiň möhletlerini azaltmak, şeýle hem jezalary has ynsanperwer, rehimli çärelere, meselem jerimeler görnüşindäki çärelere çalyşmak bilen bagly köp maddalara düýpli özgertmeler girizildi. “Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda”, “Tohumçylyk hakyndaky” Kanunlar bar. Olaryň ählisi adamy mertebeleýärler, adamy beýgeldýärler.

Maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti häzirki döwürde ähli şertleri nazara almak bilen, köp partiýaly jemgyýetçilik-syýasy ulgamy döretmäge hem wagtyň ýetendigini we şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Mejlisiniň syýasy partiýalar hakyndaky kanunynyň üstünde işlemekligiň gerekligini belledi.Maslahatynda uzakda ýerleşýän obalaryň, şäherçeleriň ilatynyň we uzakdaky öri meýdanlarynyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligini möhüm meseleleriň hatarynda görkezdi hem-de bu meseläni çözmek barada degişli ýolbaşçylaryň we pudak edaralaryň öňünde duran wezipeleri kesgitledi. Türkmenistanyň Prezidenti olara ýurdumyzyň ähli ilatly ýerlerini, ilkinji nobatda bolsa, mekdebe çenli çagalar edaralaryny, mekdepleri we beýleki okuw mekdeplerini, hassahanalary, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryny arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmegiň Baş Maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Ýurtda geçýän özgerişler sözüň doly manysynda „Döwlet adam üçindir!“ diýen şygaryň işewür durmuşa geçirilýändigini subut edýär.