Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
1-81.docx
Скачиваний:
92
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
141 Кб
Скачать
☆

34) Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalygynyň ösüşi.

1992-nji ýylda Türkmenistanda ,,Täze oba'' syýasaty yglan edildi.Onuň düýp maksady daýhany hakyky daýhan etmek,ony ýere, suwa, öz öndüren önümine erki ýeter ýaly etmekdir.Oba hojalygynyň täze nusgasy bolan daýhan hojalyklary döredilip,mülkdarlara giň ýol açyldy.Ozal ekerançylykda,esasan,pagtaçylyga üns beriýärdi. Indi däneçilik hem baş pudaklaryň birine öwrüldi. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda durmuşa geçirilýän,,Galla''maksatnamasy hut şuňa gönükdirilendir.Ýurt öz gallasy ş, öz azyk önümleri bilen özüni üpjün etmelidir.

Häzirki döwürde oba hojalygynyň ýokary göterilmegi tehniki baglydyr.ABŞ-nyň ,,Jon Dir'' , ,,Keýs'' kompaniýalary, Minskiniň traktor zawody bilen aragatnaşyk ýola goýuldy.Olardan bugday orýan, pagta ýygýan kombaýnlary, sürüm, bejergi geçirýän tratorlar satyn alyndy.

2000-nji ýylda Türkmenistanda ägirt uly desganyň-,,Altyn asyr'' türkmen kölüniň gurluşygyna başlany.Bu köl ýurduň günbatarynda Gaplaňgyryň golaýyndaky uly tebigy çöketlikde döredilýär. Ahal,Mary,Lebap,Daşoguz welaýatlarynyň şor suwlary akabalar arkaly bu yere akd0yrylyp başlandy.

35.Mazmuny boýunça döwletleriň görnüşleri

Mazmuny boýunça döwletleriň görnüşleri

1.Hukuk dowleti - Döwletde kanunyň agalygy berkarar edilýär, jemgyýet raýat jemgyýeti derejesine kämilleşýär, ynsanyň mertebesi, tebigy , hem mizemez hukuklary döwlet üçin ýokary , başgymmatlyk bolup durýar

2.Dunyewi dowleti - Dinleriň we dine uýmagyň erkinligi, olaryň kanunyň öňünde deňligi kepillendirilýär, dini guramalar döwletden aýry,olar döwlet işlerinegatnaşmaýar

3.Sosial dowleti-Raýatlarynyň abadan ýaşaýşy we erkin ösüşi üçin ähli amatly şertleri döredýän, tutuş döwlet syýasaty adamlaryň saglygyny, maşgalany eneligi, çagalygy goramaga gönük- dirilen döwlet.

4.Awtoritar dowleti - Tutuş döwlet häkimiýetibir şahsyýetiň ygtyýarlygynda jemlenen, döwlet. Tarapyndan jemgyýetiň we aýry-aýry raýatlaryň durmuşyna yzygiderli gatyşylýar.

5. Totolitar dowleti - Raýatlaryň durmuşyna we işine birsyhly we yzygiderli goşulmak bilen, jemyýetiň syýasy we ykdysady ulgamynda ölçegleriň we pikirleriň doly hem gutarnykly birmeňzeşligini üpjün etmäge çalyşýan döwlet.

Döwlet gurluşynyň görnüşi hökmünde hukuk ylmynda, döwletiň administratiw-territorial gurluşy, ony emele getiriji bölekleriniň (subýektleriniň) özara gatnaşygynyň häsiýeti, şeýle hem merkezi we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gatnaşygy göz öňünde tutulýar. Döwlet gurluşynyň görnüşi: 1) unitar (ýönekeý gurluş) we 2) federatiw (çylşyrymly gurluş). Unitar döwlet (latynça unitas – türkmençe "birlik") – bu bir bitewi döwleti aňladýar. Ýagny beýle döwletiň düzüm böleklerinde döwlet gurluşy bolan başga bir subýekt bolmaýar. Bu döwlet garaşsyzlygy bolmadyk, diňe dolandyryş-çäk böleklere bölünip bilýär. Dolandyryş-çäk düzümleriň häkimiýet edaralary ähli döwlet üçin umumy bolan döwlet hökümetiniň ýokary edaralaryna tabyn bolýarlar.

Federal döwlet – döwlet gurluşynyň çylşyrymly görnüşi bolup, hökümet häkimiýeti merkezi we ýerli edaralara bölünýär. Ýagny federal hökümetiň häkimiýeti we federasiýa girýän subýektleriň hökümetiniň häkimiýet. Federasiýa sözü latyn dilindäki foedus sözünden gözbaşyny alyp türkmen diline terjime edenimizde birleşik manysyny aňladýar. Federasiýa – bu birnäçe döwlet gurluşlarynyň (döwletleriň) şertnama esaslanýan birleşmesidir. Federasiýanyň subýekti – döwlete mahsus alamatlaryň hemmesini dälde, diňe käbirlerini özünde saklaýan territorial birlikdir.