Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
1-81.docx
Скачиваний:
92
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
141 Кб
Скачать
☆

26. Zahmet jedellerinin çozulmeginin usullary.

Zähmet jedellerine garamagyň tertibi

Zähmet jedelleri – munuň özi Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyny ulanmak, zähmet şertnamasynda göz öňünde tutulan zähmet şertleri barada iş beriji bilen işgäriň arasyndaky agzalalyklar.

Zähmet jedellerine garaýan edaralar

  • zähmet jedelleri baradaky toparlar;

  • kärhanalaryň we olaryň bölümleriniň kärdeşler arkalaşygy edaralary;

  • kazyýetler.

Kazyýetlerde şahsy zähmet jedellerine garalyşy

  • zähmet şertnamasynyň bes edilmeginiň nämä esaslanýandygyna garamazdan işe dikeltmek hakyndaky;

  • zähmet şertnamasynyň bes edilen senesini we bes edilmegiň esaslandyrylyş beýanyny üýtgetmek hakyndaky;

  • mejbury ýagdaýda işe gelinmedik wagtynyň hakyny tölemek hakyndaky;

  • pes hak tölenilýän işiň ýerine ýetirilen wagtynyň hakyny tölemek hakyndaky;

  • işgär zähmet borçlaryny ýerine ýetirende onuň saglygyna ýa-da onuň emlägine ýetirilen zyýany (zeleli) iş berijiniň öwezini doldurmak hakyndaky;

  • işe kabul etmekden boýun gaçyrmak hakyndaky.

27.Täze Galkynyş eỳyamynyñ ykdysady ösüşleri we onuñ aỳratynlyklary

Täze galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş modeli şu häsiýetli aýratynlyklary özünde jemleýär:

- syýasy durnuklylygy, howpsuzlygy, durmuş taýdan adalatlylygy we jemgyýetçilik tertibiniň goraglylygyny üpjün edýän netijeli döwlet häkimiýeti;

- dürli eýeçilik görnüşleriniň deňligi, olaryň esasynda hojalygy netijeli ýöretmeklik ýörelgesiniň goýlanlygy;

- dünýä hojalygynyň arabaglanyşyklarynyň globallaşýan şertlerinde, ýurduň daşary ykdysady syýasatynyň köpugurlylygy;

- Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary bilen utgaşykly arabaglanyşyklaryň, ilkinji nobatda-da, ykdysady gatnaşyklaryň çuň we iki tarapa bähbitli esasda ýola goýulmagy;

- döwletiň ýokary netijeli durmuş syýasaty, saglygy goramaklyga, bilime, ylma, adamynyň hünär we medeni ösüşine, şeýle hem ilatyň durmuş goldawyna uly möçberlerde maýa goýumlaryň gönükdirilmegi.

Türkmenistanyň durmuş ugurlaryna nazarlandyrylan bazar ykdysadyýetiniň nusgasy, gutarnykly görnüşinde kemala gelen we düýpli häsiýetleri özünde jemleýän ykdysadyýetdyr. Gatyşyk eýeçilik görnüşlerine daýanyp ösmek, kämil telekeçiligiň we bazar infrastrukturasynyň ösen gatnaşyklaryny özünde jemlemek, döwlet tarapyndan kadalaşdyrmak arkaly amala aşyrmak ýokary zähmet öndürijiligini gazanmaklyga şertler döretmek, bu ykdysadyýetiň düýpli häsiýetli aýratynlyklarydyr. Bu nusga jemgyýetiň arassa zähmet bilen meşgullanýan agzalaryna ýokary derejeli maddy hal-ýagdaýy, zähmete ukypsyzlara, gartaşan adamlara we maýyplara mynasyp durmuş üpjünçiligi ygtybarly kepillendirýär, raýatlaryň hukuklaryny we azatlygyny konstitusion esasda kepillendirmek ýörelgelerine esaslanýar, telekeçilik we ynsaply bäsleşik erkinligini döredýär, hünär we iş ýerini saýlap almaklygy, eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deňligini, olaryň goragyny hem-de şahsy adamlaryň we jemgyýetiň bähbitlerine hyzmat etmegini üpjün edýär.