Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
1-81.docx
Скачиваний:
92
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
141 Кб
Скачать
☆

75. Pul dolanyşygy

Haryt dolanyşygynyň barşy puluň dolanşyk serişdesi hökmünde çykyş etmegine isleg döredýär. Munuň özi entak puluň ölçeg öleg wezipesiniň üsti bilen harytlaryň satylmaýandygy bilen şertlendirilýär. Onuň bahasy diňe anyk alyş-çalyşda, harydyň pula öwrümeginiň prossesinda (H-P-H) ýüze çykýar. Harytlary elden ele geçirmeklik olary hemişe dolanyşyk ulgamyndan gysyp çykarmaklyk, harytlary alyjylara ýetirmekligiň başynda pul göniden-göni hereketde bolýar, bir tarapdan beýleki tarapa geçýärler, şeýlelik bilen alyş-çalyşnamalaryny bir bitewi harytlaryň aýlanyşygyň barşyna baglanyşdyrylýar. Dolanyşyk serişdesi wezipesini ýerine ýetirmek üçin hemişe pul nagt bolmaly, ýagny bu wezipäni diňe hakyky bar bolan pullar ýerine ýetirip bilýär. Olar şeýle hem portatiw, berklik, birmeňzeşlik, bölünmek ýaly häsiýetlere eýe bolmalydyr. Jemgyýetçilik zähmeti gymmat formasynda hereketiň aýraty görnüşini ýerine ýetirýär, haryt gymmaty pul gymmatyna, pul gymmaty bolsa haryt gymmatyna öwrülýär. Gymmatyň hereketiniň bu aýratyn görnüşi , gymmatyň görnüşiniň üznüksiz çalyşmagy,(harydyň pul görnüşine we tersine), puluň dolanyşyk serişdesi hökmündäki aýratyn wezipesini kesgitleýär. Haryt dolanyşygy pylyň kömegi bilen ýerine ýetirilýär.

76. Ykdysadyýetiň ösmeginde maýa goýum syýasatynyň tutýan orny

Maýa goýumlar baradaky düýpli düşünjeler ―Türkmenistanda maýa goýmak işi hakynda‖ Türkmenistanyň kanunynda dolulygyna beýan edilýär. Şeýlelikde, girdeji almak ýa-da durmuş taýdan peýda gazanmak maksady bilen başy tutulýan telekeçilik we beýleki işlere gönükdirilýän emläk we paýhas gymmatlyklarynyň ähli görnüşi maýa goýumlara degişlidir. Soňra ―gymmatlyklar‖ düşünjesi has giňişleýin beýan edilýär, ýagny olara şu aşakylar degişlidir:

 pul serişdeleri, maksatlaýyn bank goýumlary, paýlar, aksiýalar we beýleki gymmat kagyzlar;

 gozgalýan we gozgalmaýan emläkler (binalar, desgalar, enjamlar we beýleki maddy gymmatlyklar);

 awtorlyk hukugyndan, ―nou-hau‖-dan, tejribeden gelip çykýan emläk bilen bagly hukuklar we beýleki paýhas gymmatlyklary;

 ýeri we beýleki tebigy gorlary peýdalanmaga bolan hukuklar, şeýle-de beýleki emläk hukuklary;

 beýleki gymmatlyklar.

―Maýa goýumlar‖ kategoriýasy ―düýpli goýumlar‖ düşünjesinden bellibir derejede tapawutlanýandyr. Düýpli goýumlara garanyňda, maýa goýumlar has giň düşünje bolmak bilen, öz içine esasy gorlary öndürmäge harç edilýän çykdajylardan daşary pul maýalaryny hem alýar.Gönükdirilýän zadyna baglylykda maýa goýumlar iki topara:hakyky we maliýe goýumlara bölünýär.

Maýa goýum işiniň esasy görkezijisi bolup onuň netijeliligi we maýa goýum taslamasynyň maliýe taýdan öz-özüni dolandyrmasy bolup durýar.

Häzirki wagtda ýurtda şu aşakdaky iri maýa goýum taslamalary boýunça güýçli depginler bilen iş alnyp barylýar:

 Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy;

 Türkmenistanyň Prezidentiniň, obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça Milli maksatnamasy;

 ―Awaza‖ milli syýahatçylyk zolagyny toplumlaýyn özleşdirmek;

 ―Demirgazyk-Günorta‖ transmilli demirýol geçendini gurmak;

 Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygynyň tabigy baýlyklaryny özleşdirmek;

 Günorta Ỳolöten iri gaz ýatagyny toplumlaýyn özleşdirmek;

 Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň taslamasyny düzmek we ony gurmak.

Maliýe taýdan üpjün edilýän çeşmelerine, maýalaryň gönükdirilýän ugruna baglylykda maýa goýum düzümleriniň şu aşakdaky görnüşlerini belleýärler:

 ykdysadyýetiň ulgamlary boýunça – önümçilik we medeni-durmuş maksatly;

 ykdysady pudaklar boýunça – senagat, oba hojalyk, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, geologiýa we beýlekiler, söwda, senagatyň içerki ugurlary;

 tilsimatlar boýunça – gurluşyk-gurnama işleri, esasy gorlary (enjamlary, maşynlary we mehanizmleri) satyn almak, beýleki düýpli işler we çykdajylar we ş.m.;

 gaýtalanýan önümçilik – täze gurluşyk, düýpli abatlamak, bar bolan önümçilikleri tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek;

 maliýeleşdirmegiň çeşmelerine baglylykda – hususy (girdeji we amortizasiýa), çekilen – býujet serişdeleri, karzlar, %-li karzlar, döwlet gorlarynyň serişdeleri;

 emlägiň görnüşine laýyklykda – döwlet (döwlet kärhanalarynyň we guramalaryň, şahsy taraplaryň, haýyr-sahawat kömegi we ş.m.).