Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
1-81.docx
Скачиваний:
92
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
141 Кб
Скачать
☆

62. Maýa goýumlaryny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri

Türkmenistanda maýa goýumlaryny gönükdirmek işi şu aşakdakylaryň hasabyna berjaý edilýär:

-maýadaryň hususy pul serişdeleriniň we hojalyk içre mümkinçilikleriniň (girdeji, amortizasiýa , toplanan pul serişdeleri, we beýleki serişdeleriň);

-maýadar tarapyndan karz alnan maliýe serişdeleriniň (bank we býujet karzlary, obligasiýa karzy we ş.m.);

-maýadaryň çeken maliýe serişdeleriniň (aksiýalaryň satylmagy netijesinde alnan serişdeler, ýuridik taraplarynyň raýatlarynyň paýlyk we beýleki goşantlarynyň);

-kärhanalaryň birleşmeleri tarapyndan bellenilen tertipde merkezleşdirilen pul serişdeleriniň;

-döwlet býujetinden, ýerli býujetlerden we býujete degişli bolmadyk gorlardan ýörite goýberilýän maýa goýum serişdeleriniň;

-daşary ýurt maýa goýumlarynyň.

Makroderejede maýa goýum çeşmelerini emele getirmek işi jemi içerki önümiň göwrümi bilen şertlendirilýär, munuň özi bolsa öz nobatynda maýa goýumlaryň göwrümine we düzümine bagly bolup durýar.

Häzirki wagtda jemi içerki önümiň umumy möçberinde maýa goýumlarynyň tutýan paýy ýokary derejede bolmagynda galýar. Bu görkeziji, birinjiden – maýa goýum işiniň ýokary işjeň häsiýetini, ikinjiden – herekete girizilen kuwwatlyklary özleşdirmegiň we peýdalanmagyň derejesiniň ýeterlik däldigini, üçünjiden – önüm öndürmeýän pudaklara gönükdirilýän maýa serişdeleriniň ýokary bolmagynda galýandygyny, dördünjiden – milli manadymyzyň gyzyl pula çalyşylýan hümmetiniň işjeň ulanylýandygyny, munuň özi bolsa daşary ýurt potratçylary tarapyndan gurulýan desgalaryň we daşary ýurtlardan satyn alynýan tehnikanyň we enjamlaryň bahasynyň görnetin ýokarlandyrandygyny aýdyň görkezýär.

Makro derejede maýa goýum işjeňliginiň esasy şerti bolup çykyş edýän önumçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmegi dolandyrmak çäreleri hojalyk işi bilen maşgullanýan subýektlerde alynýan girdejini (abadançylygy) ýokarlandyrmagy höweslendirmek arkaly maýa goýum çeşmeleriniň döredilmegine ýardam berýär. Mikroderejede girdejiler maýa goýumlarynyň esasy çeşmesi bolup çykyş edýär. Çekilen maýa goýumlar (karz alnan serişdeler, şol sanda %-li karzlar,we gorlaryň serişdeleri) hojalyk işi bilen meşgullanýan subýektler üçin geljekde gaýtaryp bermeli harajat bolup durýar. Emma diňe önümçiligiň we iş öndürijiliginiň ösýän ýerinde ilatyň girdejisiniň artýandygyny hem ýatdan çykarmak bolmaz. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýan ykdysady doktrina laýyklykda, ilatyň girdejileri ýurduň içerki bazaryny has doly üpjün etmek we adamlar üçin goşmaça iş orunlaryny döretmek maksady bilen düýbi tutulýan önümçilikleriň hasabyna hem artdyrylýandyr.

63. Eýeçilik we onuň görnüşleri.

Eýeçilik ykdysady düşenje bolup ol maddy abadançylyklaryň degişliligi boýunça adamlaryň arasyndaky gatnaşyklardyr. Bu gatna-lar hukuk normalar bn düzgünleşdirilýär, kanun esasynda kimiň eýedigni ykrar edilýär. Intellektual eýeçiligini döretmek we peýdalanmak boýunça gatnaşyklar awtorlyk hukuklar bn düzgünleşdirilýär. Eýeçilik hukugy eýäniň özine degişli emläge eýe bolmaga, ondan peýdalanmaga we ona ygtyýar etmäge hukuklaryny aňladýar. Peýdalanmak hukugy zatdan eýä gerek peýdany almak mümkinçiligini aňladýar. Zadyň eýesi käbir hukuklary başga bir adama berip biler(kärende şertnamasyny baglaşan wagtynda kärendeçä eýeçilik etmek we emläkden peýdalanmak hukugyny berýär. Eýeçiligiň 3 görnüşi bar:

  1. Hususy; 2)döwlet munisipal(ýerli häkimlikler); 3) jemgiýeçilik birleşigniň eýeçiligi.

Eýeçilik hakyndaky kanunyň 2 maddasyna laýyklykda olaryň hukuklary deňdir.