Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
1-81.docx
Скачиваний:
92
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
141 Кб
Скачать
☆

12 Sorag. Ahemeniler döwletiniň döremegi.

Eýranda Ahameniler döwleti b.e. öňki VI asyrda döräpdir we 200 ýyl ýaşapdyr. Döwleti esaslandyryjy Kir II (b.e. öň 558-530 ýý.) bolupdyr. Bu taryhda dünýäniň onlarça ýurtlaryny we halklaryny özüne birleşdiren ilkinji döwlet bolupdyr. Ol döwlet gadymy Gündogaryň güýçli imperiýalarynyň biri hasaplanypdyr. Ol gysga wagtyň içinde Wawilony, Siriýany, Kiçi Aziýany, Müsüri boýun egdiripdir. Dörän ilkinji ýyllarynda Günorta Türkmenistanyň dag etegi zolagynda ýerleşýän ilaty-da özüne tabyn edipdir. Döwleti esasladyryjy Kir II uzak wagt geçmänkä, Merkezi Aziýanyň köp ýerini – Horezmi, Baktriýany, Margiýanany, Sogdianany dyza çökeripdir. Bu ýerlerde massagetler, derbikler, daýlar (dahlar) ýaşapdyrlar. Kir II uly goşuny Uzboýuň häzirki gurap galan ugry bilen akan Tünüderýadan geçip, çarwa taýpalaryň ýaşan ýerlerine aralaşypdyr. Onuň goşuny çarwa taýpalarynyň hökümdary bolan Tumar diyen aýalyň ýolbaşçylygyndaky goşyn tarapyndan b.e. öňki 530-njy ýylda çym-pytrak edilipdir.Pars goşunlarynyň köpüsi, şol sanda patyşa Kiriň özi hem şol uruşda ölüpdir. Grek awtorlarynyň ýazmaklaryna görä, söweşde Kir 200 müň adam ýitiripdir.Kir ölenden soňra onuň ogly Kambis (b.e. öň 530-522 ýý.) dolandyrýar.Kambisiň döwründe döwletde hiç zat üýtgemändir. Ondan soň, Dariý I (b.e. öň 522-486 ýý.) patyşa bolýar. B.e. öňki 523-522 ý.Fradanyň ýolbaşçylygynda halk gozgalaňy bolýar. Bu gozgalaň hakynda Bisütün ýazgylarynda gürrüň edilýar. Bu gozgalaňy Baktriýanyň satraby Dadarşiş basyp ýatyryp, 55 müň adamy öldürip, 65müň adamy ýesir alypdyr. Fradanyň özi bolsa skiflere tarap gaçypdyr. Emma birnäçe wagtdan soňra ony ýesir alypdyrlar we 521-nji ýylyň 27-nji noýabrynda jezalandyrypdyrlar. Dariý I söweşleriň 19 sanysynda ýeňiş gazanypdyr we daşary yurt patyşalarynyň 9 sanysyny ýesir alypdyr. Ol ahemeniler döwletiniň içinde we daşynda bolan tolgunyşyklaryň birnäçesini ýatyrypdyr. Ol öz döwletine birleşdiren dünýäniň güýçli döwletleri bolan Wawilony, Müsüri, Siriýany, Palestinany, Midiýany, Kiçi Aziýany we başgalary satraplara (welaýatlary) öwrüpdir. Onuň edara eden döwründe ýurduň patyşalygy 24 satraplyga bölünipdir. Dariý 35 ýyllap patyşalyk sürüpdir. Emma Dariý1 ölenden soňra onuň ogly Kserkisiň tagta geçen döwründe, ahemeniler imperiýasynyň dürli satraplarynda birnäçe tolgunyşyklar bolupdyr. B.e.öňki IV asyryň başlarynda ahemeniler döwleti gowşap onuň gd-daky çäkleri daralyp ugraýär. Biziň er. öňki IV asyryň ortalarynda ahemeniler döwletiniň merkezi häkimiýeti gowşapdyr. Şonuň ýaly ýagdaýda b.e. ö 334-da 22 ýaşly Iskedner Zulkarneýniň (Aleksandr Makedonskiy) ýölbaşçylygyndaky grek-makedon gosunlary tarapyndan ahemeniler dowleti yykylyar.

13 Sorag.Türkmenistanyñ Konstitusiỳasynda adam hukuklary we borçlary hakynda.

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň on ikinji çagyryş Ýokary Sowetiniň on dördünji sessiýasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy we ony güýje girizmegiň tertibi hakynda Kanun kabul edildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy 19-njy maýda çap edildi we şol günden başlap hem güýje girdi. Baş Kanunda Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet diýlip, onda döwleti dolandyrmak prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar diýip yglan edildi. 26.09.2008ỳ bolup geçen Halk Maslahatynda Konstitusiỳa girizilen üỳtgetmelere görä, Halk Maslahatynyñ Kanun çykaryjylyk ygtyỳarlyklary Mejlise geçirilip Mejlisiñ deputat sany 125-e ỳetirildi.Konstitusiỳa 8 bölümden we 117 maddadan ybarat. Kämilleşdirilen görnüşde kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy, 117 maddany özünde jemleỳän, 5 bapdan we 8 bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölümi „ TÜRKMENISTA-NYŇ KONSTITUSION GURLUŞYNYŇ ESASLARY“ diýlip atlandyrylýar. Esasy Kanunymyzyň bu bölümi, Türkmenistan döwletimiziň döwlet gurluşyny we onuň hukuk mazmunyny, onuň hukuk ýagdaýyny we syýasy ulgamyny, jemgyýetiň we döwletiň özara gatnaşygyny kesgitleýän esas goýujy ýörelgelerini özünde berkidýär.

Konstitusiýanyň ikinji bölümi bolsa, „TÜRKMENISTANDA ADAMYŇ WE RA ÝATYŇ HUKUKLARY, AZATLYKLARY HEM BORÇLARY“ diýlip atlandyrylýar hem-de adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde berkidýän hukuk kadalaryny özünde jemleýär.

Konstitusiýanyň üçünji bölümi „TÜRKMENISTANDA HÄKIMIÝET WE DO LANDYRYŞ EDARALARYNYŇ ULGAMY“ diýlip atlandyrylyp, Türkmenistanda ýokary döwlet we ýerli häkimiýeti hem-de dolandyryşy amala aşyrýan döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň ygtyýarlyklaryny we borçlaryny kadalaşdyrýan hukuk kadalaryny özünde jemleýän bäş bapdan ybaratdyr.

„ÝERLI ÖZ-ÖZÜŇI DOLANDYRYŞ“ diýlip atlandyrylýan IVbölüminde, ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamyny emele getirýän Geňeşler we ýerli jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hukuk ýagdaýlaryny we olaryň gurluş mazmunyny özünde jemleýän hukuk kadalary berkidilýär.

V bölümi „SAÝLAW ULGAMY, SALA SALŞYK“ diýlip atlandyrylyp, onda saýlaw we sala salyşyk ulgamy baradaky esas goýujy hukuk kadalaryny özünde jemleýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň „KAZYỲET HÄKIMIÝETI“ diýlip atlandyrylýan altynjy bölümi bolsa, adyl kazyýetligi amala aşyrýan döwlet häkimiýetiniň garaşsyz we özbaşdak şahasy bolup durýan kazyýet edaralarynyň hukuk ýagdaýy, olaryň öz işlerini amala aşyrmakda özbaşdaklygy, hem-de kazyỳet häkimiýetiniň diňe kazyỳetlere degişlidigi baradaky hukuk kadalaryny özünde berkidýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýedinji bölümi “PROKURATURA” diýlip atlandyrylyp, Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçiligiň Türkmenistanyň Baş prokuroryna hem-de oňa tabyn prokurorlara ýüklenilýänligi baradaky hukuk kadadan başlamak bilen, tutuş prokuratura edaralarynyň hukuk ýagdaýyny, onuň ygtyýarlyklaryny we borçlaryny kesgitleýän esas goýujy hukuk kadalary berkidilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň „JEMLEÝJI DÜZGÜNLER“ diýlip atlandyrylýan iň soňky sekizinji bölümi, 3 maddany öz içine almak bilen, kanunlaryň, şeýle hem döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň beýleki hukuk namalarynyň Konstitusiýanyň esasynda we şoňa laýyklykda kabul edilýänligi, eger-de Konstitusiýada we kanunlarda görkezilýän düzgünleriň biri-birine gabat

1) 27.12.1995ỳ bolup geçen Türkmenistanyñ Mejlisiniñ I çagyrylyşynyñ V maslahatynda, 2)29.12.1999ỳ, 3)15.08.2003ỳ, 4)25.10.2005ỳ, 5)26.12.2006ỳ, 6) 26.09.2008ỳ Konstitusiỳamyza goşmaçalar we üỳtgetmeler girizildi. 26.09.2008ỳ bolup geçen Halk Maslahatynda Konstitusiỳa girizilen üỳtgetmelere görä, Halk Maslahatynyñ Kanun çykaryjylyk ygtyỳarlyklary Mejlise geçirilip Mejlisiñ deputat sany 125-e ỳetirildi.Konstitusiỳa 8 bölümden we 117 maddadan ybarat.Baş Kanunymyzyñ II bölümi Türkmenistanda adamyñ we raỳatyñ hukuklary,azatlyklary we borçlary kepillendirilỳär.Bu bölüm 18-47-nji maddalary öz içine alỳar.38-nji madda bilim almaga hukugy barada we ş.m