Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
1-81.docx
Скачиваний:
92
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
141 Кб
Скачать
☆

4 Sorag. Garaşsyz türkmen döwletiniň hemişelik bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmegi.

1992-ň 2 martynda T-n BMG doly hukuklygy agzalygyna kabul edildi. Şondan soňra T-n Garaşsyz döwlet hökmünde bu guramanyň YUNESKO, YUNISEF ýaly birnäçe edaralary b/n işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy. 1995 – ňmartynda YHG ( ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy ) ýa-da EKO agza döw-ň yslamabat maslahatynda “ T-ň hemişelik Bitaraplylygy” baradaky meselä seredildi. Şol ýylyň oktýabrynda BMG-ň baş assambleýasynyň 50 ýyllyk ýubileý sessiýasynda T-ň Hemişelik Bitaraplyk derejesine doly mynasyp döwletlige doly gollandyrylýar. Bularyň netijesinde 1195-ň 12 dekabrynda T-da BMG we onuň şol wagtky 185 döwletiň ses bermeginde T-ň Hemişelik Bitaraplyk derejesi berilýär. Şol ýylyň 27 dekabrynda T-ň Konstitusiýasyna üýtgeşmeler girizilýär.Şonuň 6 maddasynda T-ň Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Hukuk esaslary kesgitlenilýär. T-n häzirki döwürde 130 gowrak deplomatik gatnaşyk saklaýar, 50 gowrak halkara guramalaryň agzasy, 100 den gowrak döwletler b.n ykdysady gatnaşyklary saklaýar. Häzirki döwürde 193 döwlet BMG girýär.

Bitarap döwletler: Şwesariýa, Awstriýa we T-n.

5. Döwletiň ykdysady roly: taryhy jäht

Bazar ykdysadyýetine döwletiň goşulyşmagyna bolan gatnaşyk onuň kemala gelşiniň dürli tapgyrynda dürli hili bolupdy.

Merkantilizm – irki kapitalizm döwrüniň (XVI-XVII asyrlar) ykdysady taglymaty, syýasaty. Irki we giçki merkantilizmi tapawutlandyrýarlar. Irki merkantilizmiň wekili – iňlis ykdysatçysy U. Stafford, giçki merkantilizmiň wekili bolup nazaryýetçi T. Mendurýar. Irki merkantilizmiň manysy:

a) jemgyýetiň baýlygy dolanyşyk ulgamynda döredilýär;

b) döwletiň esasy baýlygy bolup kümüş we altyn pullar çykyş edýär;

ç) daşary söwdada döwlet altyn we kümüş pullary ýurda çekmäge we olary saklamaga gönükdirilen «pulbalansynyň» syýasatyny ýöretmeli. Şu maksatlar bilen olary daşary ýurtlara çykarmak gadagan edilýär, walýuta söwdasyny etmek diňe döwlete rugsat berilýär diýlip yglan edilýär.Giçki merkantilizmiň manysy:

a) ýurda getirilýän we ýurtdan çykarylýan harytlaryň bahalarynyň arasyndaky tapawut näçe ýokary bolsa, döwlet hem şonça baý bolýar. Daşary söwdanyň esasy ýörelgesi - köp satmaly, az satyn almaly. Import gerek, ýöne diňe eksportyň ösüşine laýyk gelşine görä derejede gerek.

b) üpjün etmegi, muny (işjeň söwda balansy) iki usul bilen: ýurtdan diňe taýýar önümleri çykarmak bilen, araçyl söwdanyň kömegi arkaly, munuň bilen baglanyşyklylykda daşary ýurda puluň çykarylmagy döwletiň berk gözegçiligi astynda rugsat berilmeli.

ç) işjeň söwda balansyny üpjün etmek we daşarky bazarlary gurşap almak üçin gümrük paçlaryny peýdalanmak zerurdyr, olaryň kömegi bilen harydyň ýurtdan çykarylyşyny höweslendirmek we harydyň ýurda getirilişini çäklendirmek bolar.

Diňe dolanyşyk ulgamyny derňemek bilen çäklenilmegi merkantilizmiň esasy ýetmezçiligi bolupdy.

Fiziokratlar söwdanyň erkinliginiň talabyny aňladýan ýörelgäni öňe sürýär; döwletiň esasy aladasy - hususy eýeçilik.

Fritrederçilik ykdysady nazaryýetiň ugurlarynda we senagat burzuaziýasynyň syýasatynda erkin söwdanyň we hususy telekeçilik işine döwletiň goşulyşmazlygynyň talaplary öňe sürülýär. Bu hereket XVIII asyryň soňky üçünji böleginde Beýik Britaniýada ýüze çykdy, nazaryýet esaslandyrmany A. Smit bilen D. Rikardo berdi. A. Smitiň pikirine görä, döwlet üç sany borjy ýerine ýetirmelidir:

- jemgyýeti zorlukdan we beýleki garaşsyz jemgyýetleriň goşulyşmagyndan goramalydyr;

- mümkinçiligine görä jemgyýetiň her bir agzasyny adalatsyzlykdan we onuň beýleki agzalary tarapyndan kemsidilmeginden goramalydyr ýa-da hukuk kazyýetiniň oňat ýola goýulmagyny üpjün etmelidir;

- aýry-aýry jemgyýetçilik desgalaryny we edaralary döretmeli we saklamaly, olary döretmek we saklamak aýry-aýry adamlaryň ýa-da uly bolmadyk toparlaryň bähbitlerine bolmaly däldir hem-de olara edilen çykdajylar hususy taraplar tarapyndan ýapylmaly däldir.

Neoklassik ugrunyň wekilleri bazar ulgamynyň öz-özüni kadalaşdyrmagynyň ornunda çykyş edýärler. Ykdysadyýetiň hereket etmegine döwletiň kömegini artykmaç, üstesine hem zyýanly hasap edýärdiler. Emma XIX asyryň ahyryndaky we XX asyryň başyndaky ykdysady öňegidişlikler köpçülikleýin önümçiliginiň ösmegini, haryt ylalaşyklarynyň artmagyny, bäsleşigiň ýitileşmegini özünde jemledi we mümkin bolan «bazar näsazlyklaryna» neoklassyklary üns bermäge mejbur etdi.

Nazaryýetde keýnsiançylyk rewolýusiýasy J. Keýnsiň pikirine görä, döwletiň merkezi wezipesi girdejiniň artmagyna alyp barýan «netijeli islegiň» ýokary möçberini üpjün etmekden ybaratdyr. Islegiň iki görnüşini ösdürmek göz öňünde tutulýar:

a) sarp edilýän zatlara ilatyň isleginiň tölege ukyplylygy;

b) maýagoýum harytlaryna (önümçilik serişdelerine) telekeçileriň islegi.

Liberal pikirlileriň wekilleriniň (M. Fridman, F. Haýek) keýnsiançylyga garşylygyna inflýasiýanyň ýokary derejesine öwrülen döwlet býujetleriniň defisiti (ýetmezçiligi) we 70-nji ýyllardaky nebit krizisi hyzmat etdi.

Neoliberalizm erkin bazara we çäklendirilmedik bäsleşige ösüşi üpjün etmegi we durmuş adalatlylygy gazanmagyň esasy serişdesi. Bazarlaryň doly açyklylygynyň üpjünçiligi we eksporta ugur almak zerur diýlip hasaplanylýar.

Monetarizm(düýbüni tutujy M. Fridman) - makroykdysady nazaryýet, oňa laýyklykda dolanyşykdaky pullaryň möçberi ykdysadyýeti ösdürmegiň kesgitleýji faktory bolup durýar.

«Ykdysady teklip» nazaryýetiniň tarapdarlary döwlet kadalaşdyrylyşy, uzak möhletleýin häsiýete eýe bolmalydyr we harytlaryň, kapitallaryň, önümçilik faktorlarynyň tekliplerini höweslendirmäge tarap ugur almalydyr diýip hasaplaýarlar.