Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
1-81.docx
Скачиваний:
92
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
141 Кб
Скачать
☆

73. Türkmenistanda syýasy partiýalar,jemgyýetçilik guramalar we olaryñ işi.

Garaşsyzlygyñ ilkinji ỳyllaryndan başlap Döwlet syýasatyny ýöretmekde oýlanyşykly hereket edildi. ýurduň huku goraýjy, milli howpsuzlyk edaralary düýpli özgerdildi. Syýasy ulgam özgerdildi.Umumymilli Galkynyş hereketi döredilip ,onuñ düzümine birnäçe iri jemgyỳetçilik guramalar girizildi. Türkmenistan Komunistik partiýasy ýatyrylyp, Türkmenistanyñ Demokratik partiýasy döredildi. Ýaşulular maslahaty täsirli jemguýetçilik guramasyna öwrüldi. Ozalky profsoýuz, komsomol guramalary ýatyrylyp, täze mazmunly Kärdeşler arkalaşygy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy döredildi. Uruş weteranlarynyň guramasynyň, aýallar guramasynyň we beýleki guramalaryň işi täze mazmuna eýe boldyu. Türkmenistanda Milli Galkynyş hereketi döredilip, bu jemgyýetçilik guramalarynyň hemmesi onuň düzüminde öz tagallaryny bir maksada-Garaşsyzlygyň rowaçlanmagynyň hatyrasyna jemläp işläp başladylar. 1994ỳ Umumymilli Galkynyş hereketiniñ I gurultaỳy bolup geçdi.

Milli Galkynyşda jemgyỳetçilik guramalarynyñ uly orny olaryñ alyp barỳan wagyz-nesihat işlerinde aỳdyñ ỳüze çykỳar.

Ŷurdumyzda syýasy partiýalaryñ hatarynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy we Telekeciler partiýasy (2012ý awgustynda döredildi) hereket edýär. Jemgyýetçilik guramalaryñ hatarynda bolsa :

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy,Uruş weteranlary guramasy , Zenanlar birleşigi we beýlekiler işleýärler. Türkmenistanda syýasy partiýalaryñ we jemgyýetçilik guramalaryñ esasy işi Hormatly Prezidentimiziñ alyp barýan içeri we daşary syýasatlaryny halk arasynda wagyz-nesihat etmekden ybarat bolup durýar.

74. Hukuk barada düşünje we onuň döwlet bilen arabaglanşygy.

Hukuk jemgyýetçilik durmuşynda obýektiw waka hökmünde ýüze çykyp, adamlaryň jemgyýetdäki, gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar. Ol adama: ýaşamaga, dem almaga, bilim almaga, işlemäge, dynç almaga, maşgala gurmaga, saglygyňy bejermäge we ş.m ýagdaý döreýär.

Hukuk döwleti iňlisçe law/juridik/legal state döwletiň konstitusion dolandyryşyň düzgüni işleýän, ösen hem-de gapma-garşy bolmadyk hukuk ulgamy we netijeli kazyýet häkimiýeti bar bolan kysymdyr. Şonda şol bir wagtyň özünde olaryň netijeli özara hereketleri we özara gözegçileri syýasatyň hem-de häkimiýetiň ösen sosial gözegçiligi bilen bilelikde häkimiýetiň anyk bölünmegi ýüze çykýar. Hukuk döwletiniň häkimiýet we syýasat ulgamynyň umumy demokratik guramasy onuň hukuk görkezmeleri bilen organiki baglanşyklydyr. Häkimiýetiň raýatyň jemgyýetiň we hukugyň deňligi olaryň kanunynyň öňünde hukuk babatda deňligi döwletiň esasyny düzýär.

Hukuk döwletinde ýokary häkimiýet, ýokarda bellenişi ýaly, kanunyň häkimiýetidir, döwletiň döwlet häkimiýet edaralarynyň ýokary wezipeli adamlaryndan başlap, ýönekeý raýatlara çenli hemmeler oňa deň derejede tabyndyr. Hukuk döwletinde „kanun arkaly göniden-göni gadagan edilmedik hemme zatlara rugsat berilýär“ diýen ýörelge esaslanan şahsyýetiň hukuk azatlygynyň şertleri döredilýär. Hukuk subýekti höküminde adam öz güýçlerini ukyplaryny emlagini ulanmaga azatdyr. Hukuk bolsa azatlygyň görnüşi we çäresi hökmünde şahsyýeti ilkinji nobatda ykdysadyýete ylym-tehniki progresi önümçilige ornaşdyrmaga çäklendirýän çäkleri doly derejede giňeltmäge hyzmat etmelidir.

Hukuk döwletiniň emele gelmeginiň taryhy prosesi hukuka bolan özygtyýarlylygyň ýaýradylmagyndan ybaratdyr we şeýle bolmagyna galýar. Bu proses 3 tapgyrda geçdi. Onuň 1-nji tapgyry wagt boýunça has irki tapgyry häkimiýetiň özygtyýarlygyny ykrar etmekdir. Halkyň özygtyýarlylygy uzak wagtlap göreş alyp barmakdan soň gazanyldy. Soňraky çäre bolsa hukugyň özygtyýarlylygyny gazanmak barada göreş alyp barmak barada has takyky häkimiýetiň raýatyň erk-isleginiň, jemgyýetiň ýa-da haýsydyr bir onuň bir böleginiň köpligiň ýa-da azlygyň öňünde hukugyň ileri tutulmagyny gazanmak ugrunda göreş alyp barmak boldy. Partitet deňlik ýa-da ileri tutulmak bu gatnaşyklara gatnaşýan ähli taraplaryň arasynda aýratyn hem häkimiýetiň we hukugyň arasynda diňe bir häkimiýetiň döwletiň özygtyýarlylygyň we kanununyň ileri tutulmagynyň däpleriniň däl, eýsem hukugyň özüniň kanun çykaryjylygynyň başynda häkimiýeti döredýänligiň täsiri bilen häkimiýetiň we hukugyň arasyndaky çylşyrymly bolan kanun arkaly bellenilen gatnaşyklary ýola goýmagy aňladýar.

Biziň ýurdumyzyň, geljegi onuň üstünlikleri diňe bir jemgyýetiň oýlanylyşylan meýilnamalary durmuşa geçirmäge sosial we medeni progresiň ruhy, intellektual ýagdaýyna hem baglydyr. Jemgyýetiň täze galkynyşy maksada okgynlylygy we aýgytly hereketleri, geçmişi çynlakaý tankydy seljerişi, häzirki we geljekgi jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýa akylly-başly anyk baha bermegi talap edýär.

Hukuk döwletiniň raýat jemgyýetini esas bolşy kimiň, raýat jemgyýetiniň döremegi hem-de hukuk döwletiniň kemala gelmeginiň we berkemeginiň şertidir.