Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
1-81.docx
Скачиваний:
92
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
141 Кб
Скачать
☆

65. Ykdysadyýeti döwlet kadalaşdyryşynyň maksatlary we usullary. Döwletiň roly we wezipesi.

Iň umumy görnüşde ykdysasyýeti döwlet kadalaşdyryşynyň baş maksadynyň mydama ykdysady ösüş şertlerinde ykdysady we durmuş durnuklylygyny üpjün etmek, hereket edýän gurluşy pugtalandyrmak, onuň üýtgäp durýan şertlere uýgunlaşmagy bolup durýandygyny aýt-mak bolar.

Şu jähtden üç esasy pursady tapawutlan dyryp bolar.

1. Bazar ykdysadyýetiniň hereket etmegi üçin hukuk meýdanyny döretmek. Döwlet — bazar subýektleriniň özlerini alyp baryşlarynyň (köplenç, aýdylyşyýaly, «oýnuň düzgünleri») kadalaryny belleýän institut.Hususan-da muňa durmuş-ykdysady normatiwleriň, önümçiligiň we alyş-çalşyň ölçegleriniň işläp taýýarlamalary diýlip düşünilýär, olar diňe bir ykdysadyýetiň özi bilen däl-de, eýsem durmuş, ekologiki, ynsanperwer (gumanitar) çäklendirijiler bilen hem kesgitlenilýär. Döwlet diňe bir özüňi alyp barşyň kadalaryny işläp taýýarlaman, eýsem, bazaryň subýektleriniň olary ýerine ýetirmeginiň goragynda hem durmalydyr.

2. Ykdysady işlerde bäsleşikli başlangyçlary goldamak, bäsleşige garşy (mysal üçin, monopoliýa) güýçleri çäklendirmek (zerur bolan halatynda aradan aýyrmaga çenli). Bu çäklendirme eýeçiligiň görnüşine we monopoliýalaryň öz häsiýetlerine (hususy ýa-da döwlet, amaly ýa-da ykdysady) garamazdan geçirilmelidir.

3. Makro ykdysady ösüşiň esasy wezipelerini çözmek, olar bazar tarapyndan çözülmeýär ýa-da ýeterlik netijeli çözülmeýär, kem-käsleýin, bökdençlik bilen çözülýär. Gürrüň ylmy-tehniki ösüşi höweslendirmek hakynda, senagat we gurluş syýasaty hakynda, maýa goýum syýasaty barada, ylym, tehnika we tehnologiýa babatynda strategiki bölüşi üpjün etmek, durmuş meselelerini we beýleki meseleleri çözmek barada barýar. Başgaça aýdanyňda, bazar guralynyň goraglylygyny, onuň hereketiniň netijeliligini we onuň durmuşa gönükdirilişini üpjün etmelidir.

Hojalyk tejribesinde agalyk edýän we dünýä ykdysady ylmynda ykrar edilen garyşyk bazar ykdysadyýetinde döwletiň işiniň iň umumy ýörelgesi bolup, «zyýan berme», «bazara päsgel berme» diýen ýörelge durýar. Muny şeýle düşündirmek bolar: döwlet bazar öz-özüni dolandyryşy çalyşmaly däl-de, eýsem, özüniň hereketleri bilen şu okuw gollanmasynda ýokarda agzalyp geçilen bazar höweslendirmelerini bazaryň maksatlaryna gönükdirip, onuň üstüni ýetirmeli we pugtalandyrmaly.

Ykdysadyýeti kadalaşdyrmagyň usullarynyň iki topary bardyr: gös-göni (administratiw) we gytaklaýyn (ykdysady). Birinji topar önümçi-lik işlerine, üznüksiz önümçiligiň gös-göni ölçeglerine göni täsir etmäni amala aşyrýar.

67.Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistanyñ bmg bilen hyzmatdaşlygy.

1992ỳ.2-nji martynda Türkmenistan BMG-niñ doly hukukly agzasy boldy.Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan gatnaşyk saklamakda bu halkara bileleşiginiň birnäçe guramalarynyň we komissiýalarynyň wekilhanalarynyň biziň ýurdumyzda açylmagynyň hem ähmiýeti uludyr. Birleşen Milletler Guramasynyň biziň ýurdumyzdaky işi barha giňelýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (YUNISEF), Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlaryň işleri boýunça ýokary komissarynyň ofisi (BMG UWKB), Birleşen Milletler Guramasynyň ilat gaznasy (BMG IG), Bütindünýä Saglygy Goraýyş, Guramasy (BSGG), we Birleşen Milletler Guramasynyň neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirligi (BMGNJM) ýaly düzümleri wekilçilik edýär. Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň işi bilen baglanyşykly agentlikler hem işleýär, olar Bütindünýä Bankydyr hem-de Halkara Migrasiýa Guramasydyr (HMG).12.12.1995ỳ Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet boldy.

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandyr.Türkmen Lideriniň bu babatdaky syýasy garaýyşlarynyň tutuş öňdebaryjy adamzat üçin özüne çekijidigini Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 62-nji we 64-nji sessiýalarynyň wise-başlyklygyna saýlanmagy, 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň açylmagy we onuň sebit meseleleriniň oňyn çözülmegine işjeň gatnaşyp başlamagy we başga-da ençeme mysallar aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasyna gatnaşmagy, çykyş etmegi, başlyklyk etmegi, Nýu-Ýorkda geçiren duşuşyklary Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň arşa göterilenliginiň aýdyň subutnamasy boldy. Şu saparyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz “Habarly jemgyýeti ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin” atly ýokary derejeli halkara ordeni bilen hem sylaglandy, Nýu-Jersi ştatynyň paýtagty Trentonyň meriniň Karary bilen Nýu Jersi ştatynyň Trenton şäherinde 2009-njy ýylyň 24-nji sentýabry Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Güni diýilip yglan edildi.